Baş sahypa
\
Resmi
\
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Resmi
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Çap edildi 20.08.2025
5331

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleri wasp etmek, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, öz ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

«Lebiz plastik» hojalyk jemgyýetiniň enjam sazlaýjysy Ahunberdi Mekanowiç Annagulyýew;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň halk aýdym-sazly toparynyň ýolbaşçysy Begmyrat Çarymyradowiç Çarymyradow;

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň bagşy mugallymy Kerwenmyrat Begmyradowiç Orazmyradow;

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň halk saz gurallar bölüminiň dutar mugallymy Amanmuhammet Seýitmuhammedowiç Çaryberdiýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Güýçmyrat Şirmyradowiç Şirmyradow;

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kakajan Annagurbanow;

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Aýmämmet ogly Dawydow;

Harby bölümiň harby dirižýory — orkestriň müdiri Gaýgysyz Toýmämmedowiç Geldimämmedow;

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Laçyn Öregeldiýewna Mätgeldiýewa;

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Gurbanbibi Şirmuhammedowna Hudaýberdiýewa;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnazar Arslan ogly Amanow;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Alymow;

Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Maksat Akynazarowiç Gurbanow;

Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Watan Ýolamanowiç Geldiýew.

Soňky habarlar
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
14.02
N.M.Atagaraýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
14.02
D.G.Meredow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
13.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY
13.02
G.W.AGAJANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.02
H.Ş.KERIMOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow