Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar — ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň esasy şertleri
Jemgyýet
Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar — ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň esasy şertleri
Çap edildi 05.08.2025
2579

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda gülläp ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde düzümleýin özgertmeler, diwersifikasiýa, şeýle hem ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar” mowzugy boýunça birinji ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. BMG-niň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guralan duşuşyga foruma gatnaşyjy ýurtlaryň hem-de abraýly halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar köp halatlarda birnäçe meseleler, şol sanda üstaşyr çäklendirmeler, halkara bazarlardan uzakda ýerleşýändikleri bilen bagly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle ýagdaýlar ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga we umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge päsgel berýär. Şunuň bilen baglylykda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň köpüsiniň hökümetleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýän milli meýilnamalar we ösüş maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda, düzümleýin özgertmelere möhüm şert hökmünde garaýar. Öz nobatynda, munuň özi ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, onuň pudaklarynyň biriniň işjeňligini beýleki has düşewüntli ugra, önümçiligiň tehnologiýa taýdan has netijeli usullaryna geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Mejlisde bellenilişi ýaly, islendik ýurduň ösüşiniň geljegi daşky şertleriň güýçlenmegine, hususan-da, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de ýakynlaşmaga, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, ylmy-tehniki ösüş babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň peýda bolmagyna gönüden-göni baglydyr. Hut sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak häzirki düzümleýin özgertmelerde aýratyn orun eýeläp, durnukly ykdysady ösüş hem-de zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Pikir alyşmalaryň barşynda häzirki wagtda bu meseläniň tutuş dünýä bileleşigi üçin derwaýysdygy bellenildi. Çünki innowasion ösüş ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň esasyny düzýär. Ýokary tehnologiýaly, ylym bilen baglanyşykly we innowasion çözgütleriň ulanylmagy bolsa durnukly ösüşiň esasy wezipelerini çözmegiň netijeli usulyna öwrüldi. Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bu babatda nusga alarlykdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz okgunly ösüşe eýe boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän parasatly we oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün edýän giň gerimli döwlet maksatnamalary amala aşyrylýar, innowasion ösüşi höweslendirmäge gönükdirilen kanunçylyk kämilleşdirilýär.

Esasy pudaklaryň tehnologiýa taýdan özgerdilmeginiň “Ýol kartasy” hökmünde hyzmat edýän sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagyna ýardam etdi. Munuň özi hereket edýän kärhanalaryň iş öndürijiligini, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmaga we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ilatyň iş orunlary bilen üpjün edilmegine, ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Arkadag “akylly” şäheri sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ony “geljegiň şäheri” diýip atlandyrmak bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “akylly” tehnologiýalaryň bu döwrebap merkeziniň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülendiginiň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryna ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige daşary ýurtly gatnaşyjylar ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandyklaryny aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetiň durnukly we okgunly ösmegi, ähli ulgamlara iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, şeýle hem adam mümkinçilikleriniň doly derejede ösdürilmegi üçin has amatly şertleri döredýän Türkmenistanyň tejribesi ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge umumy netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda örän gymmatlydyr.

Umumy pikire görä, möhüm meseleleriň üstünlikli çözülmegi toplumlaýyn we utgaşykly hereketleri, şol sanda işewürlik ulgamyny gowulandyrmaga, elektron täjirçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge, täze iş orunlaryny, ilkinji nobatda, ýaşlar üçin iş orunlaryny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalary talap edýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümleýin özgertmelerine ýardam bermek üçin dünýä bileleşigi, abraýly guramalar we maliýe düzümleri tarapyndan maksatlaýyn tehnologiýa we maliýe goldawy, sebitleýin sanly binýatlaryň kämilleşdirilmegi, ylmy, tehnologiýa we innowasiýa merkezleriniň döredilmegi bilen baglylykda, ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň artdyrylmagy zerur bolup durýar. Hut şoňa görä-de, tejribe alyşmak we innowasion usullary hem-de netijeli çözgütleri ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, şeýle hem ugurdaş edaralaryň we abraýly bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, ýokary derejeli birinji “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu forumyň we onuň çäklerinde geçirilýän, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen köp sanly duşuşyklaryň we çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow