Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Hususy pudagyň forumy öz işine başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti, BMG-niň Ählumumy şertnamasy, Ýewropanyň Maýa goýum banky, Ählumumy hyzmatdaşlyk forumy, Halkara söwda merkezi, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi bilen bilelikde guramagynda geçirilýän foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Bu forum dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurdunda Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak babatda hususy pudagyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin işewür toparlaryň wekilleriniň dünýä ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri bilen pikir alyşmagyna ajaýyp mümkinçilikdir.
Forumyň gün tertibine DÇBÖBD-de söwdany we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, sanly özgeriş, maliýeleşdirmek we maýa goýumlar bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forum ýokary derejeli mejlis bilen açyldy.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyna uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, telekeçiler bolsa bu ulgamyň gerimini giňeltmäge, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öndürijilik kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredilýär. Munuň özi telekeçiligiň, salgyt ulgamynyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň, telekeçiler üçin karz, gümrük hem-de söwda amallaryny resmileşdirmek işleriniň ýeňilleşdirilmeginde öz beýanyny tapýar.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Olaryň amala aşyrylmagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň uly goşantlaryny bellemek gerek.
Pul-karz we maliýe ulgamyna bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak, kiçi, orta we iri hususy kärhanalara goldaw bermegi dowam etmek, hususy işewürlik üçin karz beriş maksatnamasyny giňeltmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça hem anyk çäreler görülýär. Şunda telekeçilik ulgamynyň paýynyň artdyrylmagy hem-de onuň ykdysadyýetde işjeň orny eýelemeginiň üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Mejlisde çykyş edenler DÇBÖBD-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde hususy pudagyň eýeleýän orny barada pikirlerini paýlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu ýurtlarda maýa goýum gurşawyny gowulandyrjak hem-de hyzmatdaşlyga ýardam berjek innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdançadyr.
Däp bolşy ýaly, DÇBÖBD-de ösüş strategiýasy döwlet goldawyna, infrastrukturanyň ösdürilmegine we söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine esaslanýar. Emma inklýuziw ösüş döwrüň talabyna laýyklykda goşmaça tagallalary talap edýär. Hususy ulgamyň bu işlere işjeň we uzak möhletleýin esasda gatnaşmagy ýurtlara ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga we mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmäge ýardam berer.
Hususy ulgam içerki we halkara çeşmelerden maýa goýumlaryny, şol sanda göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen, bu serişdeleri täze önümçilikleri döretmäge gönükdirýär. Şeýle hem hususy pudakdaky bäsdeşlik innowasiýalary we önümçiligiň has netijeli hem-de girdejili görnüşlerini höweslendirýär. Bu bolsa DÇBÖBD-däki logistika meseleleri bilen baglylykda örän möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler hususy pudagyň mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin hemmetaraplaýyn strategik çemeleşmäniň, şol sanda söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmeginiň, hususy eýeçiligiň goraglylygynyň üpjün edilmeginiň, durnukly makroykdysady syýasatyň, şeýle hem telekeçilik üçin maliýeleşdirmäge elýeterliligiň giňeldilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Şunuň bilen birlikde, ulag-logistikanyň we sanly infrastrukturanyň yzygiderli ösdürilmegi, energiýa çeşmelerine ygtybarly elýeterliligiň üpjün edilmegi, iri taslamalarda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi möhüm bolup durýar.
Şeýle-de hünär-tehniki bilime maýa goýmagyň, telekeçiligi işjeň goldamagyň, maýadarlar üçin amatly mümkinçilikleri döretmegiň işewürligi ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.
Soňra forum öz işini söwda we üstaşyr ýük daşamalaryna bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisde dowam etdi. Mejlis Hereketleriň täze maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde DÇBÖBD-de söwdany we üstaşyr ýük daşamalary ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Bellenilişi ýaly, deňze göni çykalganyň bolmazlygy bu ýurtlarda söwdany ösdürmäge päsgelçilik berýär. Eksport we import ýük daşamalary has uzak hem çylşyrymly ulag ugurlaryny geçmäge mejbur bolýarlar. Ulagyň birnäçe görnüşleriniň ulanylmagy we goňşy ýurtlaryň serhetlerinden geçmek zerurlygy logistikanyň çykdajylaryny artdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň eksportynyň bäsdeşlige ukyplylygyny peseldýär we import harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şunuň bilen birlikde, esasy deňiz söwda ýollaryndan uzakda ýerleşmegi bu ýurtlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge kynçylyk döredýär. Şunuň bilen baglylykda, söwda amallarynyň amatlylaşdyrylmagy we netijeli üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi bu ýurtlaryň halkara söwda goşulyşmagy üçin esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär.
Häzirki wagtda iri logistika kompaniýalary sebit guramalarynyň we BMG-niň düzüm birlikleriniň goldaw bermeginde bu ýurtlarda aragatnaşyk ulgamynda innowasion taslamalary durmuşa geçirýärler. Ykdysady sebit birleşmeleriniň döredilmegi, gümrük amallarynyň kämilleşdirilmegi, bitewi üstaşyr resminamalaryň kabul edilmegi, serhetüsti infrastruktura maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ulag infrastrukturasynyň, şol sanda awtomobil we demir ýollarynyň, logistika merkezleriniň ösdürilmegi, multimodal geçelgeleriň döredilmegi, täze “gury portlaryň” gurulmagy bar bolan päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam berer.
Şeýle hem umumy pikire görä, maglumat tehnologiýalary we hyzmatlary, ýöriteleşdirilen senagat harytlary ýaly ýokary goşmaça bahaly harytlaryň eksportynyň ösdürilmegi, döwrebap logistika çözgütleriniň ornaşdyrylmagy, amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi, logistikada sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy bu ýurtlara dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.
Ýurdumyzda logistika işiniň diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyz sebit we halkara derejeli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.
Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat ylalaşygy), şeýle-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we multimodal gatnawlary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde-de degişli işler alnyp barylýar.
Ulag ulgamynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyz howa ulaglary pudagynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (IСAO), Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy (IATA), Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi (EASA), awtomobil ulaglary pudagynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), demir ýol ulaglary pudagynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, deňiz we derýa ulaglary pudagynda Halkara Deňiz guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamynyň düzümlerini, şol sanda demir ýol, awtomobil, deňiz ulaglaryny, port düzümlerini ösdürmek we goldamak üçin Türkmenistan döwlet bilen hususy pudagyň özara hyzmatdaşlygyny has-da ilerledýär. Bu ulgama maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alnyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda täze guramaçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.
Awtomobil ulagy pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde ýurdumyzy goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze ýokary tizlikli awtomobil ýollary, köprüler gurlup ulanmaga berilýär. Ulag parkynyň üsti dünýäniň iri önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnikalary bilen ýetirilip, inženerçilik-aragatnaşyk torlary doly döwrebaplaşdyrylýar.
Demir ýol ulagy pudagynyň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Ulagyň bu görnüşiniň uzak aralyga köp möçberde ýük daşamakda esasy orny eýeleýändigi bilen baglylykda, bu ugurdaky işleriň kämilleşdirilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga goşant goşýar.
Uzen — Bereket — Gürgen, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýol taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, olaryň goňşy döwletleriň demir ýol ulgamlaryna birikdirilmegi üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmäge ýardam edýär.
Türkmenistan deňiz ýollary arkaly ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamalaryň ösdürilmegine Merkezi Aziýa hem-de Hazarýaka ýurtlaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly derejede goşulyşmagynyň wajyp şerti hökmünde garaýar. Deňiz we derýa ulaglary infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär, ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň möçberi artdyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, howa ulagy pudagynda-da halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa menzilleri guruldy.
Milli awiasiýa parkynyň üsti dünýä belli kompaniýalaryň döwrebap uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge şertleri döredýär.
Türkmenistany çalt depginde möhüm yklymara ulag çatrygyna öwürmek wezipesi ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny, bu ugurda häzirki zaman ylmy-tehniki mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak ýaly wajyp meseläni çözmegi hem göz öňünde tutýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamlar, “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri hem munuň aýdyň güwäsidir.
Şeýlelikde, foruma gatnaşyjylar deňze çykalganyň bolmazlygynyň söwdany ösdürmek üçin päsgelçilik döredýändigine, ýöne hususy pudagyň bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak işine işjeň gatnaşmagynyň bu päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine, beýan edilen teklipleriň bolsa bu ýurtlarda durnukly ösüşi mundan beýläk-de üpjün etmek ugrundaky tagallalar üçin binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.
Ertir, 6-njy awgustda forum öz işini deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüş mümkinçiliklerine, maliýeleşdirmäge we maýa goýumlara hem-de sanly ösüşe bagyşlanan mowzuklaýyn mejlislerde dowam eder.