Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkyň saglygy — ýurduň abadançylygy
Jemgyýet
Halkyň saglygy — ýurduň abadançylygy
Çap edildi 22.07.2025
3231

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy. Duşuşykda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetine üns çekildi. Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Bu döwürde maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Ulgamyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesi we döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegini şertlendirýär. Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň amala aşyrýan ynsanperwer işleriniň ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine, näsag çagalara degişli operasiýalaryň, sagaldyş-dikeldiş işleriniň geçirilmegine gönükdirilýändigi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän saglyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Gazanylan täze ylalaşyk hem Diýarymyzda pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow