Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy: geljege nazar
Jemgyýet
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy: geljege nazar
Çap edildi 22.07.2025
2612

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» ady bilen geçirilen maslahata ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň Saglygy goraýyş müdirlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklar bilen bir hatarda, sahawatly türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan serişdeleriň görnüşleri, lukmançylyk enjamlary görkezildi. Şeýle hem onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň berýän maglumatlar öz beýanyny tapdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu kitaplar lukmançylyk ylmynda ähmiýetli gollanmalar hökmünde ykrar edildi.

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, lukmançylyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Bu bolsa saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine giň ýol açýar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, olaryň dünýäniň öňdebaryjy klinikalarynda bolup, tejribelerini artdyrmaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we lukman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Şunda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmek boýunça beren tabşyryklarynyň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda dikuçarda aýlanyp, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gurluşyklary dowam edýän we abatlaýyş işleri geçirilýän saglyk merkezleriniň ýagdaýy bilen tanşandygy barada aýdyldy. Hususan-da, Milli Liderimiziň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň, Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we bu ugurdan bilim alýan talyplaryň tejribe toplamagynda möhüm ähmiýeti bolan okuw-usulyýet merkezleriniň taslamalaryny taýýarlamak we olaryň gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda beren maslahatlaryna üns çekildi. Aýratyn-da, hormatly Arkadagymyzyň sazlaşykly ösýän “Parahat” ýaşaýyş toplumynyň çäginde täze saglyk öýüni, “Tiz kömek” gullugynyň şahamçasyny gurmak boýunça degişli taslamalary taýýarlamak barada öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, keselleriň öňüni almak boýunça döwlet tarapyndan amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler oňyn netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has bähbitlidigi baradaky sözlerini mysal getirdiler. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, 2015-nji ýylda bolsa onuň rejelenen görnüşi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň goralmagyna, keselleriň öňüniň alynmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.

Çäräniň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, tapawutlanan lukmanlara we hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyz boýunça geçirilen “Iň gowy hassahana” atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, tutuş ýurdumyzda maslahatlar, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň saglyk merkezlerinde, welaýatlarda dabaraly çäreler geçirildi.

Soňky habarlar
27.01
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.01
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
24.01
Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
24.01
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalar gowşuryldy
top-arrow