Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Parahatçylyk we ynanyşmak — durnukly ösüşiň wajyp şerti
Jemgyýet
Parahatçylyk we ynanyşmak — durnukly ösüşiň wajyp şerti
Çap edildi 13.05.2025
77

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Kataryň, Hytaýyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Pakistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň alymlary, professor-mugallymlary we ýaşlar gatnaşýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu abraýly gurama bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň martynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy degişli Kararnama bilen üçünji gezek ykrar edildi. 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler geçirilip, olarda daşary syýasatymyzda uly ähmiýete eýe bolan Bitaraplyk ýörelgeleri giňişleýin wagyz edilýär. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde öz işine başlan maslahat hem şeýle çäreleriň biridir. Onuň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryny, abadançylygyň, parahatçylygyň many-mazmunyny açyp görkezýän döredijilik eserlerini synladylar.

Maslahatda nygtalyşy ýaly, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, dünýä döwletleri bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyz BMG-niň strategik wezipeleriniň ählisini ýerine ýetirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin Milletler Bileleşiginiň mümkinçiliklerinden, onuň syýasy-diplomatik gurallaryndan has netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýan başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygynyň wajyp orny hem-de onuň mümkinçilikleriniň zerurlygy has äşgär ýüze çykýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň binýadynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu topar ählumumy hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi. Halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda derwaýys ugur bolup durýar. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri amala aşyryp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, umumydünýä wehimlerine netijeli garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmekde bitaraplygyň gurallaryndan hem-de mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmagy teklip edýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dostluk, açyklyk hemişe halkymyzyň özboluşlylygynyň esasyny düzüpdi we şeýle bolmagynda-da galýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň aýratynlygy onuň parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge döredijilikli çemeleşýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu çemeleşmeler täze pikirlerdir iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşdyrylýar, üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşdyrylýar. Onuň döredijilikli, ynsanperwer häsiýeti üýtgewsiz bolmagynda galýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty sebit we ählumumy derejede howpsuzlygyň, durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Öňüni alyş diplomatiýasy bolsa onuň aýrylmaz bölegidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Howpsuzlyk geňeşine agza döwletleriň goldaw bermeginde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu merkez döredilen wagtyndan bäri döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde Milletler Bileleşiginiň ulgamyny Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli meýdança öwrüldi.

Halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş eden daşary ýurtly wekiller Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasaty köptaraply diplomatiýany, şol sanda ykdysady, energetika, ulag, suw, ylym-bilim, medeni, ynsanperwer, parlament, lukmançylyk, ekologiýa, ýaşlar, sport diplomatiýasyny ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dostluk, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Maslahatyň “Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy dörediji ýörelgeleri: Türkmenistanyň milli tejribesi”, “Ykdysady diplomatiýa — durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly”, “Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklaryň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri”, “Halkara gatnaşyklar boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler” atly bölümçelerindäki çykyşlarda degişli ugurlarda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ylym-bilim merkezleriniň wekilleriniň pikir-garaýyşlaryna möhüm orun berilýär.

Ýurtlaryň arasynda parahatçylygy, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmegine ýardam berýän dürli çäreler yzygiderli guralýar. Ýeri gelende bellesek, şu günler Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de magistrantlarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklar: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşik hem geçirilýär. Türkmenistandan, şeýle hem dünýäniň 7 döwletinden diplomatik ugurdan bilim alýan ýaşlaryň 170-den gowragy gatnaşýan halkara zehin bäsleşiginde halkara gatnaşyklar, syýasat, takyk we ynsanperwer ugurlardaky bilimler boýunça soraglar berilýär. Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň özara gatnaşyklaryna ýardam bermekden, olaryň diplomatik bilimlerini has-da artdyrmakdan, ylym-bilim arkaly parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Halkara ylmy-amaly maslahata, bäsleşige gatnaşyjylar ussatlyk sapaklarynyň dowamynda-da diplomatiýa boýunça bilimlerini paýlaşýarlar. Olar üçin taýýarlanylan medeni maksatnama paýtagtymyzyň dürli medeni hem-de taryhy ýerlerine gezelençleri öz içine alýar. Ýurdumyzyň dost-doganlyk merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýan şeýle çäreler ylym-bilimiň, medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.

14-nji maýda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň hem-de «Halkara gatnaşyklar: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigiň jemi jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda medallardyr diplomlar gowşurylar.

Soňky habarlar
13.05
Merkezi Aziýa ýurtlary howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýär
13.05
Parahatçylyk we ynanyşmak — durnukly ösüşiň wajyp şerti
13.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine GUTLAGY
12.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.05
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy
12.05
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine
12.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
12.05
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy
12.05
Diplomatiýa boýunça sebit hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
12.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow