Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
Jemgyýet
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
Çap edildi 07.12.2025
2391

Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji dekabrynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde ýokary netijeleri gazanandygynyň ykrarnamasy boldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2013-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça şäherleriň 425-sini özünde jemleýän bu bütindünýä tory täze agza şäherleriň ähli ýaşdaky adamlaryň bilimleri özleşdirmekleri üçin ýerli derejede degişli işleri durmuşa geçirmek ugrunda aýratyn tagallalaryna hem-de ygrarlylygyna ýokary baha berdi. Oňa täze agzalaryň kabul edilmegi bilen, öwreniji şäherleriň sany 91 ýurtdan 425 şähere çenli artdy. Bu şäherler, takmynan, 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy babatda zerur şertleri üpjün edýärler. Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu tora kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň hataryna girdi. ÝUNESKO şu ýyl bu tora 12 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem ilkinji gezek kabul edilendigini habar berdi.

ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleri işjeň ösýän bileleşikler bolup durýar. Olarda okatmak işi mekdeplerde, iş ýerlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde, jemgyýetçilik giňişliklerinde gündelik durmuş ulgamyna girizilendir. Bu şäherler ähli ýaşdaky raýatlara zähmet bazarynda üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmaga, öz sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýärler, telekeçiligiň ösdürilmegini goldaýarlar, emeli aňyň ösýän döwründe işlemek üçin başarnyklary emele getirýärler hem-de durnukly ösüşe ýardam berýärler.

Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna kabul edilmegi Türkmenistanda adam mümkinçiliklerini ösdürmäge, bilimleri we innowasiýalary özleşdirmäge gönükdirilen jemgyýetiň kemala getirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow