Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Bu çäre dialog üçin möhüm meýdança bolup, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa sebitinden alymlary, bilermenleri we hünärmenleri, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalaryny bir ýere jemledi. Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň täsin endemik ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrýan sergi guraldy hem-de “Türkmenistan: howanyň üýtgemegi we «ýaşyl» geçiş” atly wideoýazgy görkezildi.
Çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edenler howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigine ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek durnukly ösüş meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegi babatda ileri tutulýan ugurlary milli ösüş meýilnamalaryna, oba we suw hojalygynda, energetika pudagynda alnyp barylýan strategiýalara ornaşdyrmak üstünligiň wajyp şertidir. «Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin we milli syýasat: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly umumy mejlisde Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin bilermeni W.Grebnew bu möhüm strategik ugurda dürli pikir-garaýyşly gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi.
Maslahat öz işini «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri maliýeleşdirmek: sebitleýin we milli çemeleşmeler», «Howanyň üýtgemegi boýunça ileri tutulýan ugurlar we hyzmatdaşlyk» atly bölümçelerde dowam etdi. Olara gatnaşanlar howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri maliýeleşdirmek, howanyň üýtgemegi babatda Merkezi Aziýada ýüze çykýan töwekgelçilikleri dolandyrmak, Ýewropa Bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary we başlangyçlary, gidrologik heläkçilikleriň öňüni almak üçin serhetüsti duýduryş ulgamy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda tokaý giňişliklerini döretmek, ýerleriň suwarylyşy, Araly halas etmek, çölleşmä garşy göreşmek ýaly ekologik meseleler döwlet derejesinde üstünlikli çözülýär, her ýylky ekilýän millionlarça nahalyň hasabyna ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň gerimi giňeýär. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy döwletimiziň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Çykyş edenler howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan çäreleri maliýeleşdirmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, “ýaşyl” maýa goýumy çekmekde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Maliýeleşdirmegiň umumy gurallaryny kemala getirmek babatda sebit derejesinde degişli işler alnyp barylýar. Bilelikdäki gaznalary döretmegiň mümkinçilikleri, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere halkara derejede maliýe serişdelerini çekmek, hususy maýa goýumlary serhetüsti “ýaşyl” taslamalara goýmaga höweslendirmek başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
BMG-niň biodürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakynda Konwensiýalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy Türkmenistanyň ählumumy ekologik meseleleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň mysalydyr. Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki düzümler bilen bilelikde bu ugurda milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna, dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystan Respublikasyndaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk boýunça ýolbaşçysy Ýohannes Baur we beýlekiler öz çykyşlarynda bu mesele boýunça ýörite maksatnamalary, taslamalary durmuşa geçirmekde toplanan tejribäni seljerdiler. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri birnäçe ugurlarda üstünlik gazandylar. Daşky gurşawy goramak ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk sebitiň durnukly ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Häzirki döwürde ekologiýa bilen bagly meseleler barha çylşyrymlaşýar, olaryň çözgüdini tapmak üçin bolsa diňe bir ýurduň ýa-da guramanyň mümkinçilikleri ýeterlik däldir.
Forumyň çäklerinde “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýeleşdiriş boýunça strategiýalary işläp taýýarlamak üçin innowasion gurallar”, «Ýaşyl» köpri başlangyjy: Pariž ylalaşygy boýunça milli derejede kesgitlenen goşantlaryň ýerine ýetirilişini tizleşdirmek we güýçlendirmek üçin innowasion tehnologiýalar”, “Merkezi Aziýada jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýaşlaryň howanyň üýtgemegi babatda hereketleri”, “Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýada möhüm landşaftlary dikeltmek boýunça maksatnamasynyň sebitleýin utgaşdyryjy maslahaty” ýaly ugurdaş bölümçelerde mejlisler geçirildi. Olarda ekologik abadançylygy üpjün etmegiň, tutuş adamzat üçin wajyp bolan howanyň üýtgemegi ýaly meseläni çözmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlislere gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş, bilelikde suw serişdelerini dolandyrmak, ählumumy howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlarda sebit we halkara derejede hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Durmuş-ykdysady döwlet maksatnamalary bilen ýakyn arabaglanyşygy bolan tebigaty goramaga degişli milli strategiýalara syn berildi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmekde täzeçil çemeleşmeler zerurdyr. Olaryň ornaşdyrylmagy goşmaça maýa serişdelerini çekmäge mümkinçilik berer we sebitiň durnukly ösüşini çaltlandyrar. Şeýle-de suw ýetmezçiligi, topragyň ýaramazlaşmagy, howa hadysalarynyň köpelmegi ýaly sebitde ýüze çykýan möhüm meselelere üns çekildi.
Howanyň üýtgemeginiň hem-de durnukly ösüşiň özara baglanyşygy ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň biri boldy. Şunda durmuş-ykdysady meýilnamalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryna howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň girizilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin howanyň üýtgemegi babatda töwekgelçilikleri hasaba almagyň we ekologik taýdan arassa ösüş nusgalaryna geçmegiň möhümdigini tassykladylar. Çykyş edenler howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinden tagallalaryň utgaşdyrylmagyny talap edýändigini bellediler. Bu ugurda dialogyň pugtalandyrylmagy we tejribe alşylmagy umumy meseleleri bilelikde çözmekde wajyp ädimdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji aprelinde Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumdaky çykyşy aýratyn ähmiýete eýedir. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy derejede tagallalary birleşdirmäge çagyrmagy hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça beýan eden anyk teklipleri Aşgabat maslahatyna gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde işjeň orun eýelemegi umumy başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm şert bolup durýar.
Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olarda sebitde has durnukly we abadan geljegi berkarar etmäge gönükdirilen anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşylar. 14-nji maýda maslahat «Merkezi Aziýada landşaftlaryň serhetüsti dikeldilişi», «Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin gün tertibini ilerletmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahatyna taýýarlyk» ýaly bölümçelerde, şeýle hem ugurdaş bölümçelerde öz işini dowam eder.