Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni
Jemgyýet
BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni
Çap edildi 05.05.2025
2850

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna we bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.

Türkmen wekilleriniň, BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýügäniň, BSGG-yň bölüm ýolbaşçylarynyň, şeýle hem sanly ulgam arkaly göni aragatanşykda BSGG-ine agza bolan dürli döwletleriň wekilhanalarynyň ýolbaçylarynyň we hünärmenler düzüminiň gatnaşmagynda bu çäre ýokary guramaçylykly derejesinde geçirildi.

Onuň açylyş dabarasyna gatnaşan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor H.Klýuge tejribe alyşmaga döredilen şular ýaly mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz adyndan we guramasynyň wekilleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ol sözüni dowam edip, Türkmenistanda ýokanç we ýokanç däl keselleiň öňüni almak, ilatyň saglygy ugrunda sowatlylygyny ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni alyş sanjymlar bilen ilaty gurşap almak, adamzat saglygy we abadançylygy ugrunda tagallalary birleşdirmek, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işleri guramak ugrunda Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda toplan oňyn tejribesiniň halkara derejeli bolup durýandygyny hem-de nusgawydygyny belledi.

Çäräniň meýilnamasynyň çäklerinde ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, derman serişdelerine gözegçilik etmek we olary hasaba almak işleri, keselleriň öňüni alyş sanjymlar bilen ilaty doly gurşap almakda we ilatyň saglygy ugrunda sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler hem-de ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekgi hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň gününiň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda wekilçilikli toparyň ýolbaşçysy bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor Hans Klýugäniň arasynda geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçylary we bölüm müdirleri bilelikde «tegelek stol» görnüşindäki maslahata gatnaşdylar. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri beýan edildi.

Maslahatyň barşynda 2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly geçiriljek halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň, bu sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara saglygy goraýyş maslahatyny geçirmek baradaky, bu maslahata taýýarlyk görlüşi hem-de onuň gün tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem bu çärede ýurdumyzyň Saglygy goraýşynda we derman senagatynda 30 ýylyň dowamynda ýetilen üstünliklere we sepgitlere bagyşlanyp guralan surat sergisi, görkezilen şekilli görnüşler oňa gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow