Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen köpugurly işler amala aşyrylýar.
28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dokma senagaty kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han, Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbal, Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadi, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatow, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda YHG-a agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem forumyň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi nygtaldy.
Arkadag şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynyň maliýe strategiýalaryny, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly wezipeleri maliýeleşdirmek, “ýaşyl” ykdysady ösüşi goldamaga gönükdirilen beýleki gurallary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edendigini bellemek gerek. Bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmekden, tutuş adamzadyň nurana geljeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegine umumy çemeleşmeleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary sebit giňişliginde energetika, ulag, söwda, ykdysadyýet ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalara, dünýäniň aýry-aýry döwletleri, iri halkara guramalar, maliýe edaralary bilen yzygiderli giňeldilýän hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.
1-nji maýda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Bu halkara maslahat Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek” atly mowzuk boýunça geçiriler.
Bellenilişi ýaly, foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Merkezi Aziýanyň her bir ýurdy Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar. Ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüljek bu maslahatyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Mejlisde guramaçylyk iş topary döredildi.
Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen protokol üpjünçiligi, ulag-aragatnaşyk, wiza meseleleri ýaly ugurlar boýunça yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny we gepleşikleri guraýarlar. Halkara maslahatyň resmi internet saýty synag maksatly işe girizildi. Birleşen Milletler Guramasynyň maslahaty geçirmek boýunça jogapkär düzüm birligi bilen geçirilen iş duşuşyklarynyň netijesinde bildirilýän talaplara laýyklykda, halkara maslahatyň esasy we ugurdaş çäreleriniň geçiriljek ýeri bolan «Awaza» sport toplumynyň binalarynyň şekil taslamalarynyň täzelenen görnüşleri taýýarlanyldy.
Halkara çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary, demir ýol ulaglary bilen getirmek, alyp gitmek bilen bagly meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, forumyň geçiriljek döwründe şäheriçi ugurlar boýunça jemgyýetçilik awtobuslarynyň, ýeňil taksi awtoulaglarynyň gatnawlarynyň ýygjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Myhmanlar ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlary bilen üpjün ediler. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýol-ulag düzümlerinde abadanlaşdyryş, ýol belgilerini, yşyklandyryjylary täzelemek işleri dowam edýär. Toplumlara degişli myhmanhanalarda myhmanlaryň medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen zerur çäreler görülýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli desgalarynda, Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desgada gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň we oňa eltýän ýoluň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda döwrebap obanyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Gyzylarbat etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasynda gurluşyk işleri tamamlandy.
Halkara foruma gatnaşyjylary myhmansöýerligiň asylly däplerine laýyklykda garşy almak we çäreleri ýokary derejede geçirmäge ýardam bermek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini bilýän talyplardan meýletinçiler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, esasy çäräniň geçirilýän binasynda lukmançylyk bölümlerini döretmek göz öňünde tutulýar.
Mejlisde 2025-nji ýylda Balkan welaýatynda gurlup ulanmaga beriljek binalarda we desgalarda alnyp barylýan işler hem-de bu ýerde maý — iýul aýlarynda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berildi. Tomus möwsüminde Awazada ilatyň oňaýly dynç alşyny guramak maksady bilen, myhmanhanalarda, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, kottejler toplumlarynda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri ýerine ýetirilýär. Möwsümde ýolagçy otly gatnawlarynyň tassyklanan tertibinden başga-da, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy gatnawlaryny guramak, Balkanabat Halkara howa menzili — Türkmenbaşy, Türkmenbaşy demir ýol menzili — Awaza we Aşgabat — Awaza ugurlary boýunça yzygiderli awtobus hem-de Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerinden Balkanabat Halkara howa menziline täze ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýmak, gatnawlaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk hem-de abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy we birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
2-nji maýda döwlet Baştutanymyz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen döwrebap infrastruktura taslamasy diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň hem awiasiýa ulgamynyň möhüm halkasy bolar. Täze howa menziliniň iň ýokary halkara howpsuzlyk we hil standartlaryna laýyk gelýändigi Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO), Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA), Mýunhen Halkara howa menziliniň hem-de bu taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşan «Al-Hatmi Consulting» kompaniýasynyň güwänamalary bilen tassyklanyldy.
29-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen geçiren duşuşygyny geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Täze şäheriň çagalar dynç alyş seýilgähiniň, metjidiniň we onuň binalar toplumynyň, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň bezeg aýratynlyklaryna üns çekildi.
30-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş, ulag, dokma pudagy, bank işi ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Ýaşyl” ykdysadyýet, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde görkezildi.
Gahryman Arkadagymyz GFR-iň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy, şeýle hem onuň 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata gatnaşmagyna ynam bildirdi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç haty kabul edildi. Diplomat ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň alyp barýan işi bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň adamyň hukuklaryna hormat goýmak, amatly zähmet şertlerini döretmek, iş bilen üpjünçilik mümkinçiliklerini gowulandyrmak, ykdysady durnuklylygyň berkidilmegi ýaly ugurlarda ýeten sepgitleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdede paýtagtymyzda geçirilen «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat döwletimiziň gazanan üstünlikleri we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp meýdança öwrüldi. Ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň 140-dan gowragy hem-de halkara düzümler öz işleridir hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
«Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň dowamynda ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary döretmek, bar bolanlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, önümleri halkara hil ölçeglerine laýyklykda sertifikatlaşdyrmak, eksport işini ösdürmek ýaly ugurlarda pikir alyşmalara giň orun berildi. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, sertifikatlaşdyryş guramalarynyň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi hem-de hyzmatdaşlyk boýunça resminamalar baglaşyldy.
Arkadag şäherinde hoşallyk maslahaty geçirilip, onda behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny belende götermekde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işlere ýokary baha berildi. Çykyş edenler häzirki döwürde milli atçylyk däplerini ösdürýän we mynasyp dowam etdirýän seýisleriň täze nesliniň kemala gelýändigini buýsanç bilen bellediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dürli görnüşli süýjüliklerden ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Aşgabatda üstünlikli geçirilen Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, medeniýetleri baýlaşdyrmakda, iki halkyň özara düşünişmeginde, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergide arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi. Dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Özboluşly halk sazlarydyr aýdymlar, tans kompozisiýalary tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde Aşgabatda «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat hem geçirildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýamyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.