Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ahalteke bedewleri — milli we dünýä atşynaslygynyň täsin gymmatlygy
Jemgyýet
Ahalteke bedewleri — milli we dünýä atşynaslygynyň täsin gymmatlygy
Çap edildi 25.04.2025
97

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahat geçirildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan forumyň başynda oňa gatnaşyjylar akademiýanyň esasy girelgesinde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda ahalteke bedewleriniň gözelligi çeper beýan edilen döredijilik eserleri goýlupdyr. Şeýle hem bu ýerde ýyndam bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly kitaplaryny bagyşlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine aýratyn orun berlipdir. Dürli daşary ýurt dillerine terjime edilen bu kitaplar okyjylar üçin gymmatly gollanma öwrüldi.

Soňra “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahat işine başlady. Maslahatda, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparynyň dowamynda Özbegistanyň ýokary döwlet sylagynyň — “Ýokary derejeli dostluk” ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden gutlag sözleri aýdyldy. Munuň özi sebitleýin hyzmatdaşlygyň, birek-birege ynamyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy, bütin dünýäde durnuklylygyň berkidilmegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirmek ugrunda Milli Liderimiziň alyp barýan beýik işleriniň mynasyp ykrar edilmegidir.

Çykyşlarda behişdi bedewleriň hakyky janköýeri we olara sarpa goýýan, ajaýyp çapyksuwar hem-de atçylyk sportuny ýadawsyz wagyz edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, halkymyz dünýä ýüzüne seçgiçilik sungatynyň deňsiz-taýsyz nusgasyny bagyş etmek bilen birlikde, bu ajaýyp atlaryň tapawutly häsiýetlerini we genofondyny hemişe kämilleşdirmek bilen, şu günlere getirmegi başardy. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda seýisler ata-babalarymyzyň iň oňat däplerini dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohum atlaryň arassalygyny saklamak, beden gurluşyny kämilleşdirmek hem-de olaryň saýlama tohumlarynyň baş sanyny artdyrmak boýunça işleri netijeli amala aşyrýarlar.

Maslahatda ahalteke bedewleriniň janköýerleri bolan daşary ýurtly wekiller hem çykyş etdiler. Olaryň arasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Katarina Ýakob, Hytaý Halk Respublikasyndan “YEMA Group” kompaniýasynyň Baş direktory Çen Gang, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Atçylyk guramasynyň türkmen atlary boýunça maslahatçysy Annamuhammet Gylyjy, Hytaýyň Oba hojalyk uniwersitetiniň professory Wang Çin bar. Olar ahalteke atlarynyň dünýäniň atçylyk medeniýetine, taryhyna we tohumçylygyna täsiri, öz ýurtlarynda bedewlere goýulýan sarpa, olaryň genetiki gorlaryny gorap saklamagyň we kämilleşdirmegiň tehnologiýasy barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda atçylygy we degişli ylmy ösdürmek, seçgiçilik işini kämilleşdirmek, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, arassa ganly behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportuny höweslendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu işlerde ahalteke atlarynyň genetiki gorlaryny gorap saklamagyň tehnologiýasyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Maslahatyň dowamynda bedewler bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri beýan edýän çykyşlar diňlenildi. Hususan-da, ahalteke atlarynyň reňkleriniň genetiki özboluşlylygyny, türkmen seýisçilik sungatynyň aýratynlyklaryny ýaşlara öwretmekde halypa-şägirt gatnaşyklary hakynda aýdyldy. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar atçylykda molekulýar genetikanyň tehnologiýalary, ahalteke atlaryny milli at üstündäki oýunlar üçin seýislemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, ahalteke bedewlerini bezemek sungatynyň taryhy kökleri, ýurtda atçylyk pudagynyň ösdürilişi bilen tanyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde ahalteke bedewleriniň waspyna bagyşlanan çykyşlar hem täsirli boldy.

Halkara ylmy maslahat “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň behişdi bedewleri”; “Ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde türkmen seýisçilik sungatynyň aýratynlyklary”; “Atçylygy ylmy taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri”, “Ahalteke bedewleri — taryhy we edebi ýazgylarda” atly dört bölümçede öz işini dowam etdi. Çykyşlarda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny täzeden dikeltmekdäki ägirt uly işleriň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza degişlidigi aýratyn nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen milli atşynaslyk ýurdumyzyň durmuşynda mynasyp orna eýe bolup, halkymyzyň mirasyny, medeniýetini, taryhy tejribesini hem-de zähmetsöýerligini, döredijilik taýdan işjeňligini we ylhamyny özünde jemleýär.

Maslahata gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän şeýle çäreleriň Diýarymyzda atşynaslyk pudagynda gazanylan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga, daşary ýurtlaryň assosiasiýalary we pudaklaýyn guramalary, hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini biragyzdan nygtadylar. Ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňra foruma gatnaşyjylar ýörite taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler, türkmen bedewiniň şan-şöhraty wasp edildi.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibi tassyklanyldy
25.04
Ahalteke bedewleri — milli we dünýä atşynaslygynyň täsin gymmatlygy
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz!
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi
24.04
Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyş dabarasyndaky çykyşy
23.04
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
23.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow