Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna hem laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwlete şu gezekki saparynyň netijeleri, şeýle hem Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikler bar bolan uly mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.
...Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Bu ýerde düşelen haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerligiň asylly däplerine eýerilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hormat-sarpa bildirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady.
Mälim bolşy ýaly, Samarkant Gündogaryň gadymy däplerini we häzirki döwrüň ýörelgelerini özünde jemleýär. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu şäheriň binagärlik we arheologik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinden hem geçen bu meşhur ýol asyrlaryň dowamynda Aziýa bilen Ýewropanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeläpdir. Şunuň bilen birlikde, Beýik Ýüpek ýoly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň, halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagy üçin köpri bolup hyzmat etdi.
Samarkant türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşan beýik döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň hem dogduk şäheri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar halklarymyzyň köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýar. Biziň halklarymyz ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýärler. Şunda Islam Karimowyň Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy hökmünde türkmen halkynyň uly hormat-sarpasyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Goňşy ýurduň ilkinji Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine amala aşyran işleri dostlukly döwletiň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol 2016-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Samarkantdaky Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde jaýlanyldy. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy boýunça bu ýerde ilkinji Prezidentiň aramgähi gurlup, ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda açyldy.
Bu ýadygärlikler toplumynyň gurluşygy ÝUNESKO bilen bilelikde amala aşyryldy. Taslamada bütindünýä medeni mirasynyň desgalarynyň biri bolan, XIX asyryň başlarynda gurlan Hazrati Hizir metjidi bilen sazlaşyk göz öňünde tutuldy. Bu desga gadymy medrese we aramgähler bilen birlikde, Samarkandyň iň gözel ýerleriniň biri hasaplanýar. Metjit beýik diňde ýerleşip, onuň eýwanlar toplumyndan, belent minarasyndan beýleki ajaýyplyklara — Bibi-Hanym, Şahi-Zinda ýaly binalara, Afrosiaba gözel görnüş açylýar.
Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew aramgähe bardylar hem-de Özbegistanyň ajaýyp syýasy-döwlet işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we doganlyk ýurduň Baştutany ýörite bellenen ýere bardylar. Ol ýerde musulman dessurlaryna laýyklykda, ymam mukaddes Gurhandan aýatlary okady.
Soňra Milli Liderimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde “Silk Road Samarkand” halkara merkezindäki “Baky şäheriň” syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Bu merkez 2022-nji ýylyň sentýabrynda açyldy.
Mälim bolşy ýaly, baý milli mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen we özbek halklarynyň täsin taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, özboluşly däp-dessurlary biziň ýurtlarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr. Iki döwletiň arheologik ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary ýaly bütin dünýäde meşhur taryhy desgalaryny, şeýle hem Özbegistanyň Hywa, Buhara, Samarkant, Şahrisabz, Günbatar Týan-Şan ýaly taryhy merkezlerini görkezmek bolar.
Türkmen halkynyň täsin milli baýlyklary barada aýdylanda, “Görogly” dessançylyk sungatynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan syýasy ugruny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda beýleki desgalary, halkymyzyň maddy we maddy däl medeniýetiniň gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmäge hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlary bilen ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki dostlukly saparyny Samarkant şäherine amala aşyrmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki iki doganlyk halkyň medeniýetleriniň, milli däp-dessurlarynyň umumylygy, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary döwletara dialogy çuňlaşdyrmak, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, medeni alyşmalary giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyz özbek Lideri bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň desgalary bilen tanyşdylar. Bu toplum Samarkant, Buhara, Fergana, Daşkent, Hywa ýaly gadymy şäherleriň we beýlekileriň özboluşly sazlaşygy bolup durýar. Bu ýerde köp sanly myhmanlar we syýahatçylar Özbegistanyň welaýatlarynyň, şu sebitde ýaşaýan halklaryň taryhy, däp-dessurlary bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň darajyk köçelerinde suratkeşleriň, senetçileriň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň dükanlary ýerleşýär. Gadymy kitaplarda beýan edilen hakyky öýler we täsin meýdançalar “Baky şäherdäki” pawilýonlaryň nusgasy bolup hyzmat edýär. Topluma gelýänler pöwrize reňkli gümmezli, diwarlary täsin bezelen köşkli we başy göge direýän binalary synlap, ajaýyp Gündogar ertekisine aralaşmaga mümkinçilik alýarlar. Şunuň bilen birlikde, bu ýere gelýänler ýurduň dürli sebitleriniň milli tagamlaryny dadyp, gyzykly şüweleňlere şaýat bolýarlar. Olar syýahatçylyk toplumynyň çäginden çykman, diňe bir Samarkandyň däl, eýsem, Buharanyň, Fergananyň, Daşkendiň, Horezmiň, Kaşgaderýanyň we Surhanderýanyň, Garagalpagystanyň köçelerinde gaýybana gezelenç edip bilýärler.
Hormatly Arkadagymyz özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän gymmatlyklar, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek tarapynyň wekillerine gezelenjiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Dostlukly saparyň ikinji gününde — 24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni Samarkant şäherindäki Kongres merkezine tarap ugrady. Esasy girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany Özbegistanyň Baştutany mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň resmi wekiliýetiniň, dostlukly ýurduň Baştutany bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar. Soňra giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Samarkantda mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyza Özbegistana dostlukly sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Goňşy döwletiň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy golaýda Ýaponiýa amala aşyran üstünlikli sapary hem-de Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, munuň özi diňe bir Türkmenistana däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa hem hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk görülýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň rowaçlygyna we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen syýasat amala aşyrylýar. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Özbegistanda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine begenýärler. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Häzirki wagtda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Goňşy ýurtlary doganlyk we köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň döwletlerimiz birek-biregi goldap, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Goňşy ýurduň Lideri sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki saparynyň netijeleriniň ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz doganlyk ýurduň Baştutanyny ýene-de bir gezek mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy we mähirli kabul edendigi, myhmansöýerligi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara dialog ýokary derejede ösdürilýär. Bu işde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary kesgitleýji orny eýeleýär. Özara saparlaryň asylly däbi şu ýyl hem dowam etdirildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Samarkanda iş saparyny amala aşyrandygyny belledi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygy nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl biziň döwletimiz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýär. Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.
Bellenilişi ýaly, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk nusgalyk bolup durýar. Şunda Milli Liderimiz özbek tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaşy bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini, üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — söwda merkeziniň döredilmegi söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň gurluşygy “Daşoguz — Şabat” barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar. Bu merkeziň şu ýyl ulanmaga berilmegi özara söwdany ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Energetika ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda, aýratyn-da, gaz pudagynda bilelikde işlemegiň netijesinde hil taýdan täze derejä çykyldy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri kanagatlanma bilen belledi.
Himiýa senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem üns berilmäge mynasypdyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we özara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini hem-de Türkmenistanyň bu pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz ulag ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tarapynyň bar bolan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy teklip edýändigini aýtdy. Türkmen tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny has netijeli ulanmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa — Ýewropa ugry boýunça üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny aýdyp, şu kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda türkmen-özbek serhedinde “Farap — Olot” ulag-logistika merkezini döretmek hem-de bu işe dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny, halkara maliýe institutlaryny çekmek meselesine garamak teklip edildi.
Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri biziň ýurtlarymyzda geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Özbegistanda söz ussadynyň şanly senesini giňden bellemek, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny özbek dilinde neşir etmek barada dostlukly döwletiň Baştutany tarapyndan kabul edilen çözgüdiň ähmiýeti nygtaldy.
Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewe myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Goňşy ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyza çykyşy, beýan eden teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.
Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gol çeken Permany okalýar. Resminama laýyklykda, Özbegistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply we uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanylýar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza Özbegistana sapary amala aşyrandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şu gezekki duşuşygyň taryhy Samarkant şäherinde geçirilýändigi bellärliklidir. Bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Şu iki günüň dowamynda meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar boýunça çözgütler kabul edildi. Bu gün, hakykatdan-da, biziň üçin taryhy gündür. Size, ýurdumyzyň ýakyn dostuna Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak meniň üçin uly hormatdyr. Munuň özi iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda köpmilletli özbek halkynyň Siziň beýik hyzmatlaryňyza taryhy hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Özbegistanda Sizi ajaýyp döwlet işgäri, Milli Lider hem-de gülläp ösýän Türkmenistanyň binagäri hökmünde tanaýarlar hem-de uly sarpa goýýarlar diýip, Özbegistanyň döwlet Baştutany aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, ägirt uly üstünlikleriň ählisi, giň gerimli özgertmeler we Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň ýokarlanmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ýurduň oňyn Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirmekde haýran galdyryjy üstünlikleri gazanandygyna üns çekildi.
Halkyň abadançylygy yzygiderli ýokarlanýar, iň esasysy bolsa, adamlaryň ertirki güne ynamy artýar. Biz ýakyn goňşular hökmünde Türkmenistanyň bu üstünliklerine begenýäris. Siz köptaraply işiňiz hem-de gymmatly eserleriňiz bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe bolduňyz diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi. Özbek Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ünsi çekdi. Şunda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu teklip Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Şu ýylyň ahyrynda Aşgabadyň bu möhüm waka bagyşlanan ählumumy sammiti kabul etjekdigi bellärliklidir. Häzirki wagtda Siziň asylly işiňizi we syýasy ugruňyzy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mynasyp dowam etdirýär diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna sapary bolar. Onuň maksatnamasy möhüm ähmiýetli wakalara baýdygy bilen tapawutlanar. Biz Özbegistanda Siziň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň ýakynlaşmagyna uly şahsy goşandyňyzy aýratyn hoşallyk bilen belleýäris diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüni dowam etdi. Hakykatdan-da, Siz öz kitaplaryňyzda ykbalyň ilkibaşda türkmenlere gurmagy, döretmegi, ösmegi, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, olary jebisleşdirmegi, parahatçylygy aýawly saklamagy, adamlaryň mertebesine hormat goýmagy salgy berendigine ünsi çekýärsiňiz. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şahsy goldawy esasynda 2017-nji ýylda ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady goýuldy. Döwletara gatnaşyklaryň netijeleri häzirki wagtda ýokary, nusgalyk derejä çykaryldy diýip, özbek Lideri nygtady.
Bu günki gün iki ýurduň parlamentleriniň, Hökümetleriniň, sebitleriniň, işewürliginiň, jemgyýetçiliginiň, intelligensiýasynyň we ýaşlarynyň derejesinde gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Haryt dolanyşygynyň görkezijileri munuň aýdyň mysalydyr. Soňky ýyllarda bu görkeziji birnäçe esse artdy we 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu gün ony 2 milliarda ýetirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň geljekde bu görkezijini 5 milliarda çenli ýetirmegi teklip edendigi aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemişe üns berýändigi aýratyn bellenildi. Geçen ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçirilen giň gerimli çäreler munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň paýtagtynda dürli döwürleriň we halklaryň dünýä belli akyldarlarynyň, şahyrlarynyň, şol sanda beýik Alyşir Nowaýynyň heýkelleri oturdylan täsin medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Şeýle hem geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň özbek dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy, türkmen halkynyň beýik ogluna bagyşlanan bilelikdäki çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Şunuň bilen birlikde, Milli Liderimiziň ylmy işleriniň köp böleginiň özbek diline terjime edilendigi bellenildi. Ata-babalarymyzyň ruhy mirasy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň täzeçil ylmy barlaglary şol eserleriň esasyny düzýär. Aýratyn-da, Siziň “Hakyda göwheri” atly täze kitabyňyz mende ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu kitap adamlar, hususan-da, ýaş nesil üçin pähim-paýhasyň, ruhubelentligiň gymmatly çeşmesi bolup durýar diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy we bu ajaýyp eseriň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekýändigini nygtady. Häzirki wagtda bu eser özbek diline terjime edildi we eýýäm Özbegistanyň kitaphanalarynda goýuldy.
Özbek Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra sylaglamak dabarasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini nygtady.
Prezident Şawkat Mirziýoýew öz çykyşynda Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragy barada aýtdy. Akyldar şahyr öz eserlerinde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy wasp edipdir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we onuň “Türkmeniň” atly goşgusyndaky “Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr...” diýen jümlesini mysal getirdi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz beýik şahyr Alyşir Nowaýynyň döredijiliginiň ähmiýetini belledi. Ol öz goşgularynda: “Dostluk — wepalylyk” diýip ýazypdyr.
Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän baý medeni we ruhy mirasa eýedir. Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň döwürleriň hem-de nesilleriň arasyndaky arabaglanyşygy saklamakda möhüm orny eýeleýän asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi halklarymyza mahsus bolan ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ýörelgelerde öz beýanyny tapýar. Men hormatly il ýaşululary bilen iki elläp salamlaşýaryn, bu hormat-sarpanyň we birek-birege hormatyň alamatydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gadymdan gelýän däplerden ugur alyp, her bir adam öz ömründe hökmany suratda asylly işleri amala aşyrmalydyr. Şoňa görä-de, köpri gurmak, ýol çekmek ýaly halk üçin bähbitli bir işi bitirmek sogap hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda özbek Lideriniň filosofiýasyny ýatlap, onuň dünýä gelen her bir adamyň bir haýyrly iş bitirmelidigi baradaky manysyna ünsi çekdi. Şawkat Miromonowiçiň bu filosofiýasy nusga alarlyk ýörelgedir. Onda dostluk, özara hormat goýmak ýaly düşünjeler öz beýanyny tapýar.
Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde doganlyk goňşy ýurtlara saparlary amala aşyrdy. Munuň özi umumy taryhy we medeniýeti bolan halklaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim boldy. Özbegistanyň Prezidentiniň öz ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrandygy bellärliklidir. Saparyň çäklerinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenlerde hem, özbeklerde hem “Ölüsini sylan beg bolar” diýen paýhasly jümle bar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu ýörelgä eýermekde özbek Lideriniň görelde görkezýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistana amala aşyran saparynyň barşynda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda ýurdumyzda gurlan awtomobil ýolunyň we köprüsiniň açylyş dabarasy boldy.
Biziň ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda köpri we ýol gurmagy asylly iş hasaplandyklary tötänden däldir. Şeýle desgalaryň üsti bilen gatnaşyklar ýola goýulýar. Haryt alyşmalary amala aşyrylýar, medeniýetler özara baýlaşýar. Şunuň bilen birlikde, munuň özi halklaryň birek-birege ýakynlaşmagyna hem giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Mundan başga-da, sebitleýin infrastruktura desgalaryny gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyna, iň esasysy bolsa, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Umuman, munuň özi adamlaryň bähbidine asylly başlangyçlaryň dabaralanmagyna ýardam berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri köp ýyllaryň dowamynda Şawkat Mirziýoýewi oňat tanaýandygyny we Özbegistan Respublikasynda ençeme gezek saparda bolandygyny belledi. Bu saparlaryň her biriniň dowamynda biz bag nahallaryny oturdýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Bag bakylygyň nyşanydyr. Bag ekmek biziň halklarymyzyň milli ýörelgelerine laýyk gelýän asylly iş hasaplanýar. Çünki bag köklerini topraga çuňňur aralaşdyryp, barha berkeýär. Men bu sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordenini türkmen halkyna özbek halkyndan sylag hökmünde kabul edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we doganlyk halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny, bilimini we durmuş tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň filosofiýasynyň çuň manylydygyny we onuň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigini ýene-de bir gezek belläp, özbek Lideriniň parasatly ýolbaşçy bolmak bilen, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolandygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, goňşy ýurduň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara dialogy ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, açyklyk, birek-birege hormat goýmak hemişe türkmen-özbek gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlygy bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Iki doganlyk döwleti taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asylly däpler baglanyşdyrýar. Bu däpler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdylar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Lideri “EKSPO” sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi bilen tanyşdylar.
Sergide adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň tapgyrlary beýan edilýär. Bu ekspozisiýa Özbegistanyň Döwlet sungat muzeýiniň, Amaly-haşam sungaty muzeýiniň, Taryh muzeýiniň, Samarkandyň Taryh muzeýiniň, Termez şäheriniň Arheologiýa muzeýiniň, Horezmiň Taryh muzeýiniň gymmatlyklaryndan ybaratdyr. Görkezilýän gymmatlyklar biziň eýýamymyzdan öňki XV asyrdan häzirki güne çenli döwri öz içine alýar. Bu ýerde adamzat tarapyndan daşyň ýüzünde döredilen sungat eserlerinden başlap, misden ýasalan zergärçilik we ýüpekden taýýarlanan önümlere çenli muzeý gymmatlyklaryny görmek bolýar. Serginiň esasy maksady wagtyň taryha, siwilizasiýalara we eýýamlara täsirini görkezmekden ybaratdyr. Aýratyn-da, onuň täsin bezegi haýran galdyrýar. Sergi zalynyň ýokarsyna seredip, adam özüni galaktikada — ýyldyzlaryň arasynda ýaly duýýar. Taryh boýunça bu özboluşly gezelençde sergä gelýänleriň öňünde täsin görnüş açylýar. Bu künjek ussalaryň we döredijileriň, suratkeşlerdir senetçileriň, şahyrlaryň şäheridir. Sergide goýlan gadymy şaý-sepler, elde ýasalan önümler, matalardyr beýleki gymmatlyklar uly gyzyklanma döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly saparynyň maksatnamasynda bu sergä baryp görmegiň göz öňünde tutulmagy tötänden däldir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gadymy siwilizasiýalaryň, medeniýetleriň mekany bolan türkmen topragyny “açyk asmanyň astyndaky muzeý” diýip atlandyrýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky köptaraply işe uly üns bermegi bilen, türkmen we meşhur daşary ýurt alymlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli arheologik barlaglar geçirilýär.
Türkmenistanyň çäginde dünýä ähmiýetli açyşlar amala aşyryldy. Gadymy Marguş we onuň paýtagty Goňurdepe şolaryň iň meşhurlarynyň hataryndadyr. Muzeýleriň gaznalarynyň üsti arheologik ekspedisiýalaryň işleýän döwründe tapylan hem-de içgin öwrenilmegi talap edilýän gadymy tapyndylar bilen yzygiderli ýetirilýär. Häzirki güne çenli Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň üçüsi — Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen topragynda ýerleşýän täsin ýadygärlikleriň beýlekilerini hem bu abraýly sanawa goşmak üçin ähli mümkinçilikler bar.
Iki doganlyk ýurduň taryhyna nazar salmak bilen, olarda umumylygyň köpdügini görmek bolýar. Ençeme asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz özboluşly baý medeniýeti döredipdirler. Halk döredijiliginde, senetçilikde, şekillendiriş sungatynyň ýadygärliklerinde, milli lybaslarda, ylymda, bilimde, binagärlikde, şäher gurluşygynda hem meňzeşlikler äşgär görünýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäkleri siwilizasiýalaryň dörän ýeri bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezine öwrülipdir. Köp sanly gadymy binagärlik desgalary, çeperçilik hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri türkmen we özbek halklarynyň geçen taryhy ýolunyň beýikdigine şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gyzykly we çuň manyly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýleriň hem-de şeýle sergileriň möhüm ornuny belledi. Öz nobatynda, gezelenç mahalynda Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan serginiň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Halkara howa menziline bardy.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we özbek Lideri mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.
Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň goňşy ýurtlara dostlukly saparlary doganlyk halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, taryhy gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň baýlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, geçirilen gepleşikleriň netijeleri özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine täze itergi berer, şeýle-de ählumumy derejede durnuklylygy we okgunly ösüşi üpjün etmäge goşant bolar.