Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
Çap edildi 04.11.2025
3604

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalyna öwrüler.

Türkmenistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri bu dialog yzygiderli ösdürilip, syýasatdan we ykdysadyýetden başlap, ynsanperwer hyzmatdaşlyga çenli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Iki döwletiň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk oňyn häsiýete eýedir. Her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler bilelikdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. ABŞ Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ýokary baha berip, oňa Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şerti, öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde garaýar.

«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üsti ýetirilýär. Formatyň ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak boýunça iş toparlarynyň çäklerinde taraplar sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we umumy meseleleri çözmek üçin bilelikde täze çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar.

Özara gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunda 2008-nji ýyldan bäri iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmekde netijeli mehanizm bolup durýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi iki ýurduň medeni, bilim ugurly alyşmalary ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. 2023-nji ýylda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak üçin berk binýady döretdi.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň ABŞ-a iş sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
«Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra
09.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow