Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň esasy maksady
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň esasy maksady
Çap edildi 13.04.2025
244

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň innowasion taýdan okgunly ösmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň wagyz edilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýalaryň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

7-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Şeýle hem oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bar.

Welosipedli ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Ak mermerli paýtagtymyzyň Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça uzan ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunda ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhubelentlik bagyşlady.

Hormatly Prezidentimiz ýolugruna paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak boýunça işlere ünsi çekip, ýurdumyzda ekologik ýagdaýy gowulandyrmak babatda uzak möhletleýin, toplumlaýyn wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň hem-de ilatyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin amatly şertleri döretmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmagy babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna anyk tabşyryklary berdi. Welosipedli ýörişiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolup, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler paýtagtymyz bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Bu şanly sene mynasybetli mowzuklaýyn maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary guraldy.

11-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, parlamentara gatnaşyklary berkitmek we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy. Ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, içerki bazary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýörite maksatnamasynyň çäklerinde raýat awiasiýasy pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan görülýän çäreler hem-de oba hojalyk toplumynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabatlar berildi.

Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýdyldy. Halkara foruma gatnaşmaga 30 döwletden 300-e golaý wekil hasaba alyndy we häzirki wagtda bu babatdaky işler dowam edýär. Şeýle hem forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde ýurdumyzda, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilen harytlaryň sergisini guramak meýilleşdirilýär. Gözden geçirilişiň esasy maksady iki dostlukly döwletiň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmakdan, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini, sarp edijilerini giňişleýin tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmen bedewiniň milli baýramyny hem-de şu ýylyň 22 — 25-nji apreli aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy ýokary derejede guramak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparyna görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Şeýle-de yzygiderli parlamentara we hökümetara gatnaşyklar, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleri döwletara gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmaga ýardam edýär. Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde türkmen ýaşlary ýapon dilini öwrenýärler.

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk toparyny döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak bilen bagly degişli resminamany kabul etdi.

Hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny görkezmek bolar. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şäher gurşawyny ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň hatarynda “Ahalteke atlary” şaýolunyň bezeg taslamasy görkezildi. Onuň ugrunda ady rowaýata öwrülen ahalteke atlarynyň heýkelleri oturdylyp, olaryň binýatlarynda bedewleriň gelip çykyşy we taryhy barada ýazgylar ýerleşdiriler.

Iş maslahatynda täze şäheriň ikinji tapgyrynyň desgalaryndaky gurluşyk işleriniň depginine aýratyn üns berildi. Bu tapgyryň durmuşa geçirilişine ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Şeýle hem lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli hem-de daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň 5-si işleýär. Halkara maliýe guramalarynyň bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmalarynyň barha artýandygy aýdyldy. Häzirki wagtda şäherde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenen taslamalara, döwrebap awtomenziliň we ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumynyň gurluşyklaryna grant goldawyny bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ikinji tapgyrda önümçilik desgalary bilen bir hatarda, durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary hem alnyp barylýar. Desgalaryň taslamalary taýýarlananda, olaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmagy esasy talaplaryň biridir. Şeýle çemeleşme ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyna-da degişlidir. Gahryman Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyryndaky önümçilik desgalarynyň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmak, ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Maslahatyň dowamynda “akylly” şäherde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak dabaralar we halkara çäreler barada hem aýdyldy. Bu şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň atşynaslaryna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri täze metjidiň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine baryp gördi. Metjidiň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik dörediler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda türkmençilik däplerini dowam etdirmek, Gurban we Oraza baýramlaryny degişli derejede bellemek babatda zerur tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda Gurban baýramy üç günläp bellenilýär. Şol döwürde haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän watandaşlarymyzyň ýüzlerçesiniň Mekgede we Medinede bolmaklary üçin ýolagçy uçar gatnawlary bellenilýär. Şu günler hem Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan haj parzyny berjaý etmek isleýän raýatlarymyzy Mekgä we Medinä ugratmak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, haýyr-sahawatyň hasabyna bina edilýän metjitleriň türkmen topragynyň mukaddes künjeklerinde gurulmagynda çuňňur many bar. Arkadag şäherinde gurulýan metjit hem türkmençilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ol ýagşy dessurlary haýyr işler bilen utgaşdyrmak, asyrlar aşyp gelýän mukaddeslikleri sarpalamak ýaly däplerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Monako Knýazlygyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalaryň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen hem duşuşygy boldy. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk ýörelgelerini ösdürmek meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy guraldy. Iki günläp dowam eden foruma Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, şol sanda Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýatlaryň Saglygy goraýyş müdirlikleriniň hünärmenleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Forumyň maksatnamasy çaga kesellerini bejermegiň döwrebap usullary, çaga rewmatologiýasy, süňk ýiliginiň transplantasiýasy bilen baglanyşykly meseleleri, onkologiýa keselleri bilen kesellänleri bejermek we psiho-sosial goldaw bermek, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy. Forumyň ahyrynda taraplar häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleri boýunça geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini belläp, bu pikir alyşmalaryň ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda kanunlaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi hem-de olar biragyzdan makullanylyp kabul edildi. “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasy, “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty hem diňlenildi.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasatyna eýermek bilen, okgunly ösmegini dowam etdirýär. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen iri maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ildeşlerimizi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy
14.04
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
14.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy
14.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
14.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 389 müň dollaryndan gowrak boldy
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
13.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.04
Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä giňişligindäki nobatdaky ykrarnamasy
13.04
Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň esasy maksady
13.04
Ýurdumyzda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
top-arrow