Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
Çap edildi 19.09.2025
2150

Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!

Sizi Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagtyýar halkymyzyň her bir güni şatlykly wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Bu gün agzybir watandaşlarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylap, eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, ýurdumyzyň ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem jemgyýetimiziň bitewüliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň, milli demokratik ýörelgelerimiziň barha dabaralanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly adamlar!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan belent maksatlary, döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri uly işleri alyp barýarlar. Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň, halklaryň arasynda ynanyşmagy, agzybirligi berkitmegiň nusgalyk ýörelgesine öwrülýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan halkara başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan möhüm wezipeleri beýan etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny giňden wasp etmek ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň esasy maksatlarynyň biridir. Garaşsyz, Bitarap döwletimizde geçirilýän halkara festiwallar, sergiler, konsertler, bäsleşikler we döredijilik duşuşyklary medeniýet ulgamyny dünýä derejesindäki uly ösüşlere besleýär. Bularyň ählisi döwletimiziň medeni durmuşynda şanly wakalardyr.

Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik indi ençeme ýyllar bäri ýurdumyzda yzygiderli geçirilip gelinýär. Her ýylda bu bäsleşige edebiýatyň we sungatyň dürli ugurlary boýunça täze, kämil eserleriň ýüzlerçesi hödürlenilýär. Bäsleşige ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, suratkeşleri, kompozitorlary, bagşy-sazandalary, kino we teatr işgärleri işjeň gatnaşyp, ilhalar eserleri döredýärler. Türkmen halkynyň edebiýatyny, sungatyny täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmakda, il içinden zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmakda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigine aýratyn orun degişlidir.

Hormatly adamlar!

Sizi Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik dünýäsinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow