Baş sahypa
\
Medeniýet
\
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Medeniýet
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Çap edildi 06.09.2025
4326

Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Konsertiň açylyş dabarasynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi.

Çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän bu bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ýaş nesiller baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biridiginiň aýdyň beýanydyr. “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ýaş nesle ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle bäsleşikler çagalar üçin özboluşly synag bolup durýar we olarda döredijilige söýgini artdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine mümkinçilik berýär.

Ilkinji gezek uly sahnada çykyş etmek çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlar bolup, olaryň ruhy taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär hem-de sungat dünýäsine aralaşmagyna ýardam berýär. Milli aýdym-sazlar çagalarda Watany söýmek, öz halkynyň medeni mirasyna hormat-sarpa goýmak, oňa buýsanmak ýaly duýgulary terbiýeleýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. “Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň binýadynyň berkdigini kepillendirýän esasy şertdir. Şoňa görä-de, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagyna, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, ynsanperwer ýörelgelerimiziň, maşgala gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegine döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlary hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Soňra “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylaryň jemleýji konserti boldy. Onda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty, Watana söýgi, çagalaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi. Zehinli çagalaryň çykyşlary tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, noutbuk kompýuterleri, planşetler we degişli diplomlar gowşuryldy. Şeýle-de bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesil baradaky aladalary, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän ähli şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
29.03
Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy
29.03
Ses bermek dowam edýär
29.03
Saýlawlar boýunça ses bermek başlandy
28.03
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow