Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy.
Sungat ussatlarynyň, aýdymçy-sazandalaryň çykyşlary ýurdumyzda geçirilýän dürli mazmunly çärelere aýratyn öwüşgin çaýýar. Şunuň bilen baglylykda, «Aşgabat» aýdym-saz merkeziniň sahnasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralan bu döredijilik bäsleşigi hem aýdym-saz muşdaklary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýaş aýdymçylaryň arasynda yglan edilen bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýär.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi halkymyzyň ruhy mirasynyň baýlaşmagyna, aýdym-saz sungatynyň ösmegine mümkinçilik berýär hem-de gadymdan gelýän bagşyçylyk däpleri bilen häzirki zaman aýdym-saz sungatynyň arasynda köpri bolup hyzmat edýär. Munuň özi ýaş ýerine ýetirijileri halk aýdymlary döwrebap äheňler esasynda gaýtadan işlemäge we milli ruhda täze aýdymlary döretmäge mümkinçilik berýän döredijilik başlangyçlaryna höweslendirýär. Şeýle döredijilik çäreleriniň geçirilmegi milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Munuň özi milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine goşant goşjak zehinli artistleriň täze neslini kemala getirmekde, türkmen aýdym-saz sungatynyň geljekki parlak ýyldyzlaryny ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşigi bolsa ýaşlary döredijilik bilen meşgullanmaga, sungatda öz ýoluny tapmaga we täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony has-da kämilleşdirmek, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary bu ugurda höweslendirmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, merdana ata-babalarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda aýdym-saza uly ähmiýet beripdirler, sungatda synmaz güýjüň, mizemez erkiň bardygyna, onuň nesilleriň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirýändigine ynanypdyrlar. Gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten aýdym-sazlarymyzda halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri, belent adamkärçilik häsiýetleri jemlenendir. Pederlerimiz döwletli ojagynda, abadan ilinde ýaňlanýan aýdym-sazlary ruhy syrdaşyna, köňül penasyna öwrüpdirler, ony nesilden-nesle geçirip, häzirki döwrümize ýetiripdirler. “Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplarynda aýdym-saz sungatynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda uly orun tutýandygyny, türkmen halkynyň öz sungaty bilen dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygyny çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli aýdym-sazlarymyz üstünliklerimiziň mukamy bolup, dünýä ýaýylýar, asudalygyň we agzybirligiň waspyna öwrülip, belentden ýaňlanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
Zehinli ýaş aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda ata Watanymyzy, tebigatymyzyň gözelligini we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar aýdymlary sazly we sazsyz görnüşde ýerine ýetirdiler. Olaryň çykyşlaryna ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlaryndan düzülen eminler topary baha berdi. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygyna, sahnada özüni alyp barşyna hem baha berildi. Bäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryndan saýlanyp, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary aýdymçylar üçin aýdym-saz dünýäsine aralaşmakda möhüm badalga boldy. Deslapky tapgyrlaryň ýeňijileriniň bilelikdäki konserti Türkmenistanyň dürli künjeklerinden iň gowy ýaş ýerine ýetirijileri birleşdirip, birnäçe aýlap dowam eden döredijilik bäsleşiginiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Konsertiň başynda jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdym döredijilik çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra ýaş aýdymçylar nusgawy we häzirki zaman aýdym-sazlaryny özünde jemleýän joşgunly çykyşlary tomaşaçylara hödürlediler. Olarda döwrebap äheňler, gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, halkymyzyň ruhy-medeni hazynasyny baýlaşdyrýan aýdym-saz eserleriniň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Her bir çykyş kompozisiýasy ýerine ýetirijilik özboluşlylygy bilen tapawutlandy hem-de tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Jemleýji tapgyryň konsertine meşhurlyk gazanan ussat aýdymçylar we geçen ýyllaryň gözden geçirişleriniň ýeňijileri hem çagyryldy. Munuň özi türkmen aýdym-saz sungatynda halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde joşgunly ýaňlanan we konsertiň özboluşly jemlenmesine öwrülen “Alkyşnama” atly aýdym ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, milli sungatymyzy belende götermek ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza bagyşlandy.
Soňra bäsleşigiň jemi jemlenildi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijiler yglan edildi we olara ýörite diplomlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.
Ýeňijiler ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, öz döredijilik başarnyklaryny mundan beýläk-de türkmen aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.