Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.
Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu iki günlük forumyň şu ýyl möhüm senä — Bütindünýä saglyk gününe gabat gelendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, şol sanda Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň hünärmenleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýola goýlan şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyk soňky ýyllaryň dowamynda hünärmenleriň we alymlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrülip, häzirki zaman lukmançylygynyň birnäçe möhüm ugurlarynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy işgärleriň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berýär. Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet hassahanasynyň professory Klaus Parhofer duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, türkmen-german forumyny yzygiderli esasda geçirmek başlangyjy, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirdi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ilatyň saglygyny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň ugurdaş düzümleri we daşary ýurtlaryň iri lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda bu ulgamyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, milli ylym ulgamyna dünýä lukmançylygynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap ylmy-kliniki merkezler, bejeriş-öňüni alyş edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şol merkezlerdäki häzirki zaman enjamlarynyň aglabasynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda öndürilendigi nygtalmaga mynasypdyr. Çünki Germaniýa saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşydyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Lýudwig Maksimilian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, türkmen hünärmenleri diňe bir Germaniýanyň klinikalarynda yzygiderli bilim almak we hünär taýýarlygyny geçmek bilen çäklenmän, eýsem, şeýle onlaýn duşuşyklaryň netijesinde, akademiki aragatnaşygy giňeldýärler, lukmançylyk tejribesiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri barada pikir alyşýarlar. Şu gezekki forumyň maksatnamasy çaga kesellerini bejermegiň döwrebap usullary, çaga rewmatologiýasy, süňk ýiliginiň transplantasiýasy bilen baglanyşykly meseleleri, onkologiýa keselleri bilen kesellänleri bejermek we psiho-sosial goldaw bermek, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlary öz içine aldy. Bu ugurlar lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolmak bilen, Türkmenistan we halkara lukmançylyk bileleşigi üçin wajyp ähmiýete eýedir.
Germaniýaly hyzmatdaşlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde başlangyçly çemeleşmesi hem-de bildirilýän uly ynam üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, saglygy goraýşyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça täze çemeleşmeleri gözlemek babatda netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler. Germaniýaly hünärmenler ýola goýlan dialogy giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen toplan tejribelerini, täze ylmy-amaly işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Munuň özi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we onuň innowasion ösüş ýoluna düşmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.
Forumyň ahyrynda taraplar häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleri boýunça geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini belläp, bu pikir alyşmalaryň ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.