Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Jemgyýet
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Çap edildi 30.03.2025
207

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamyndaky halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary beýan edilýär.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikler gazanyldy, bellenen meýilnamalar ýerine ýetirildi, döwrebap kanunlary taýýarlamak, durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini saklandy. Hormatly Prezidentimiz Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir.

“Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda möhüm ähmiýetli birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini, şunuň bilen baglylykda, ýylymyzyň aýratyn möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmelidigini aýtdy. Çykyşda şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygy, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bolsa baş maksadymyzdygy nygtalýar. Döwlet Baştutanymyz halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Okyjylaryň dykgatyna 14-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi barada makala hödürlenilýär. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Duşuşykda hasabat döwründe döwletliligi pugtalandyrmaga, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň adam hukuklarydyr azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga, bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümleri bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilendigi bellenildi. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara federasiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meselelerine garaldy.

Mejlisde adam hukuklary we ynsanperwer hukugy bilen bagly başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini hem resmi taýdan kabul etdi we olary durmuş-ykdysady ösüşiň wezipelerine, şol sanda adam hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak barada milli meýilnamalardyr maksatnamalara ornaşdyrdy.

Neşirde Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowanyň “Parahatçylyk we ynanyşmak — abadançylygyň kepili” atly makalasy hem çap edilipdir. Makalada ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýandygy bellenilýär.

Milletler Bileleşiginiň bu Kararnamasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň aýdyň beýanydyr. Bu resminamada BMG-niň Tertipnamasynyň binýatlaýyn maksatlary we ýörelgeleri, hususan-da, ýüze çykýan jedelli meseleleri parahatçylykly serişdeler arkaly çözmek, döwletleriň arasyndaky ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly borçnamalar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň bu ylalaşdyryjylyk başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bitarap döwletlere Milletler Bileleşiginiň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda “BMG-niň ileri tutulýan hyzmatdaşy” diýen hukuk derejesiniň berilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Türkmenistan bitarap, goşulyşmaýan we birleşmelere girmeýän ýurtlaryň, bar bolan we ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryna geçmek üçin şertleri döretmekde mümkinçiliklerini, tejribesini, ygtyýarlygyny birleşdirip, gapma-garşylyklara gatnaşmazlyk hem-de goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýän ähli döwletleriň goldawyna garaşýar.

Neşiriň nobatdaky sanynda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşige hödürlenen makalalar ýerleşdirilipdir. Konstitusion özgertmeleriň, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda, olara girizilýän kadalarda raýatlaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň dabaralanmasynyň öz beýanyny tapýandygyny giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen her ýyl degişli bäsleşigi yglan edýär. “Häzirki zaman şertlerinde tebigy gurşaw we ekologiýa” atly makalanyň awtory tebigaty goramak, ondaky baýlyklardan rejeli peýdalanmak we olary dikeltmek meseleleriniň Türkmenistanyň milli döwlet wezipesidigini, halkyň möhüm işidigini, her bir raýatyň ahlak borjudygyny belleýär. Hormatly Prezidentimiz ekologik abadançylygy üpjün etmäge, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, olaryň biodürlüligini artdyrmaga, tebigy serişdelerimizi netijeli, durnukly peýdalanmaga, bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.

“Adamyň we raýatyň hukuklaryny goramakda Adalatçynyň işiniň ähmiýeti”, “Ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmegiň kanunçylyk esaslary”, “Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” ýaly hukuk meselelerine degişli makalalar hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Olarda häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän hem-de kanunylyk, adalatlylyk, aýdyňlyk ýörelgelerine esaslanýan kanunçylyk-hukuk namalary, kanunçylygy kämilleşdirmek, kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly maglumatlar beýan edilýär. Häzirki wagtda bu ugurda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde milli kanunçylygymyza halkara hukugyň kadalary üstünlikli ornaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, adam hukuklary boýunça halkara borçnamalary we standartlary berjaý etmegiň hukuk binýadyny kemala getirmäge ýardam berýär.

Däp bolşy ýaly, «Senenama» bölüminde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen duşuşyklara, maslahatlara, beýleki çärelere syn berilýär.

Soňky habarlar
31.03
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
31.03
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
31.03
Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ilerledýär
31.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
31.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak boldy
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
30.03
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.03
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
30.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow