Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň kuwwatly ösüşine beslenýän bahar
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň kuwwatly ösüşine beslenýän bahar
Çap edildi 25.03.2025
125

Geçen hepde möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň bähbidine özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi.

21-nji martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm ähmiýetli taryhy wakasy boldy. Kararnamada, hususan-da, parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin bitarap ýurtlaryň çäklerini netijeli ulanmak maslahat berilýär, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öz çäginde Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek baradaky teklibi nygtalýar. Onda 2020-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işi aýratyn beýan edilýär hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirmek baradaky çözgüdi goldanylýar.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy onuň daşary syýasatynyň esasy we halkara giňişlikde Watanymyzyň parahatçylyk döredijilikli doktrinasyny durmuşa geçirmeginiň binýady bolup durýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine degişli kabul edilen Kararnamalaryň onlarçasy munuň aýdyň mysalydyr.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi, BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi, şu ýyl bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan möhüm wakalara beslenýär.

Geçen hepdede Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli guralan giň gerimli dabaralar Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik, açyklyk, dürli halklaryň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyza iberen Gutlagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýetiniň has-da ýokarlanýandygyny belledi. Taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň durmuşyna we medeniýetine mäkäm ornaşypdyr. Nowruz baýramynda berjaý edilýän däp-dessurlar her bir halkyň milli aýratynlyklaryny görkezmek bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy, ynanyşmagy berkidýär.

Däp bolşy ýaly, esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary, milli lybaslar, aýdym-sazlardyr ajaýyp tanslar, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli tagamlaryň dürli görnüşleri, gyzykly oýunlardyr bäsleşikler, türkmen ýigitleriniň at çapmak boýunça ussatlygy, ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri bu gadymy baýramyň tebigatyň we durmuşyň galkynyşyny alamatlandyrýandygyny görkezdi.

Milli bahar baýramyna gabatlanyp, 22-nji martda paýtagtymyzyň günorta künjeginde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde bag nahalyny oturdyp, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi. Çärä gatnaşanlaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar.

22-nji martda, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Täze şäheriň çäklerinde bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän dürli görnüşli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Şeýle hem bu ýerde ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg işleri geçirildi.

17-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudaklaryň biridigini, şoňa görä-de, bu pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň, milli ekerançylyk däpleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bütindünýä ykdysady işinde, döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşini dünýä ýaýmakda, innowasion tehnologiýalary öwrenmekde halkara sergileriň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, Halkara sergiler býurosy tarapyndan guralýan bu giň möçberli çäräniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, giň gerimli döwletara dialogy ösdürmekde iki ýurduň parlamentarileriniň möhüm ornuny bellediler. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekiliýetini 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine üç ýyl boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyz parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmegini dowam etdirýär.

Şol gün hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar pudaklarynda ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Türkmen gazynyň we elektrik energiýasynyň Türkiýe Respublikasyna, beýleki isleg bildirýän ýurtlara iberilmegi bilen baglanyşykly meseleler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça hem türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge, netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

19-njy martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Forumda durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýe bolan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde energetika, ulag, infrastruktura taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, abraýly halkara guramalar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň we energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi. Munuň özi ýurdumyz üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyz forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýandygyny, şoňa görä-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýandygyny, islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalarynyň diňe durnuklylyk, birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biljekdigini nygtady.

Halkara maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy. Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maýa goýumlar pudaklarynda ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler barada pikir alyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen hem duşuşyklary geçirdi. Işewürler ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyk işleri barada habar berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň gurluş düzümini kämilleşdirmek, milli flotumyz üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek bilen bagly meseleler bar. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň maýynda geçiriljek “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumyň çäklerinde guraljak halkara sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly görülýän taýýarlyk işleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň adyndan 2025-2026-njy okuw ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 142 müň 698 okuwça “Bilimli” noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle-de ýaşlar syýasaty babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada birnäçe teklipler beýan edildi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi we Diýarymyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana, Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek hem-de Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Kararlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen giň gerimli sergini geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Sergide bank ulgamy, gurluşyk we elektron senagat, ulag-logistika hyzmatlary, himiýa, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi, azyk we gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy, halk senetçiligi, önümleri gaplamak, bezemek, ýokary derejeli çäreleri guramak ýaly ugurlara ýöriteleşen 130-a golaý hususy kärhana öz gazananlary bilen tanyşdyrdy. Serginiň çäginde türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň gatnaşmagynda halkara moda görkezilişi hem geçirildi. Bu çäre daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde-de giňden şöhlelendirildi.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi. Forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Bu möhüm ähmiýetli çäräniň Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Estoniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Niderlandlaryň, Belarusuň, Saud Arabystany Patyşalygynyň kompaniýalaryndan ybarat bolan giň wekilçilikli düzümi Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk etdi.

Forumyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalarynyň arasynda çarçuwaly ylalaşyklara, özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň täze önümleriniň, maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.

20-nji martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ynsanperwer maksatlara, şol sanda saglygyny dikeltmäge mätäçlik çekýän çagalara hemaýat bermäge, goňşy we sebitdäki hyzmatdaş ýurtlaryň çagalaryna hem degişli derejede ýardam bermäge gönükdirilen işler gaznanyň esasy wezipesi bolup durýar.

Şeýlelikde, geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, taryhy-medeni mirasymyzy, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýän mizemez gymmatlyklar öz aýdyň beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
26.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
26.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
25.03
Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny açmak ugrunda
25.03
Watanymyzyň kuwwatly ösüşine beslenýän bahar
25.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
24.03
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde
top-arrow