Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
Jemgyýet
Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
Çap edildi 22.03.2025
224

Şu gün tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen “akylly” şäheriň çäklerinde-de ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Arkadag şäherinde guralan asylly çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

Bu ählihalk çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen ekologiýa syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bag ekmek dabarasyna Arkadag şäheriniň ähli adamlary işjeň gatnaşdylar.

Berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Diýarymyzyň ähli künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzda degişli ekologik derejäniň saklanmagynyň hem baş şertini emele getirýär. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işläp başlanyna 4 ýyl bolýar. Geçen döwürde gaznanyň hemaýat bermeginde köp sanly dünýä nusgalyk çäreler amala aşyryldy. Bu işler halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň tagallalary esasynda barha ösdürilýändigini subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, bag ekmegiň hem sogaply işleriň biri hasaplanýandygyny nygtamak gerek.

Halkymyz taryhyň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň hem-de oňa aýawly çemeleşmegiň ajaýyp nusgasyny kemala getirdi. Häzirki wagtda bu däpler döwrebap derejede ösdürilip, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

...Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti, asylly däbe laýyklykda, bag nahallaryny ekip, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäherde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň başyny başlady.

Arkadag şäherinde guralýan çärä gatnaşyjylaryň ählisi agzybirlikde bag nahallaryny oturtdylar. Şunlukda, täze şäheriň çäklerinde bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän dürli görnüşli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Munuň özi halkymyzda sogaply işe agzybirlikde, yhlasly çemeleşilýändigini nobatdaky gezek görkezdi.

Ýurdumyzda bag nahallaryny ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, halkymyzyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Arkadag şäherinde bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerinde sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Belent ruha beslenen aýdym-sazlar çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini görkezýär.

Daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi ählumumy abadançylygyň kepili bolup durýar. Tebigat baradaky aladanyň döwletimiziň tagallasy bilen häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biri hökmünde ykrar edilendigini bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda häzirki we geljek nesilleriň abadan durmuşynyň bähbidine ägirt uly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda giň gerimli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlara garşy göreşmek babatda umumydünýä tagallalaryna goşulýan uly goşantdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa mynasyp bolýar.

Köpçülikleýin bag nahallarynyň yzygiderli ekilmeginiň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini köp ýyllaryň tejribesi äşgär etdi. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň aýdyň netijesidir. Arkadag şäherini ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagyna hem zerur üns berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň çäklerinde-de tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan meýdanlaryň çägi barha giňeýär. Seýilgäh zolaklary howany tozandan arassalaýar we ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Bu babatda “akylly” şähere nusgalyk ornuň degişlidigini bellemek gerek. Täze şäheriň ekologiýa babatda birnäçe halkara güwänamalara mynasyp bolmagy-da bu hakykaty doly tassyklaýar. Ekilen baglara ideg etmek olary ösdürip ýetişdirmegiň möhüm şertidir. Şunda baglary suwarmakda tygşytlylygy üpjün etmek we netijeliligi gazanmak ileri tutulýan wezipelerdir. Şoňa görä-de, şu işde ekilen baglary damjalaýyn usulda suwarmakdan peýdalanylýar.

Arkadag şäherindäki ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we agzybirligini nobatdaky gezek ýüze çykardy. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli işlere hemmeleriň jebislikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şu gün bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Soňky habarlar
26.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
26.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
25.03
Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny açmak ugrunda
25.03
Watanymyzyň kuwwatly ösüşine beslenýän bahar
25.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
24.03
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde
top-arrow