Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
Çap edildi 18.03.2025
61

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine üç ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyz parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmegini dowam etdirýär. 2022-nji ýylyň martynda aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlary türkmenistanlylaryň ata Watanymyzyň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilige düşünýändigini, jemgyýetimiziň gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu möhüm waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň ýyl ýazgysyna ägirt uly üstünliklere beslenen täze tapgyryň başlangyjy hökmünde ýazyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzda wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekip, Türkmenistany yzygiderli we oňyn esasda ösdürmäge gönükdirilen baş ugruň dowam etdiriljekdigini nygtady. Şunda durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, Ýer ýüzünde parahatçylygy, özara ynanyşmagy berkitmek esasy maksatlar hökmünde kesgitlenildi. Bu maksatlaryň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly işlerini we başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän uzak möhletli döwlet strategiýasynda öz beýanyny tapdy.

Döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, watançylyk ruhunda terbiýelenen, Watanyň hem-de halkyň ykbaly üçin jogapkärçilik çekmäge ukyply, zehinli ýaş ýolbaşçylary öňe çykarmak başlangyjy hut Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Watandaşlarymyzyň biragyzdan goldawyna eýe bolan bu başlangyç döwürleriň üznüksiz baglanyşygyny we nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Milli Liderimiz 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur» diýip belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn döwlet syýasatyna üýtgewsiz eýermek bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adamdyr, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek bolsa ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we röwşen geljegi baradaky aladalar düýpli özgertmeleri, giň gerimli taslamalary, toplumlaýyn maksatnamalary talap edýär. Olaryň durmuşa geçirilmegi ösüş üçin täze gözýetimleri açýar, Watanymyzy öňdebaryjy orunlara çykaryp, onuň halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir. Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz, yhlasly we tutanýerli iş alyp barmakda görkezýän nusgalyk göreldesinden ruhlanýan watandaşlarymyz agzybirlik, jebislik bilen döredijilikli zähmet çekýärler, amala aşyrylýan düýpli özgertmelere gönüden-göni dahyllydyklaryny duýup, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar. Türkmenistanda bolup geçýän buýsandyryjy wakalaryň her biri, şol sanda infrastruktura desgalarynyň açylmagy ýa-da düýbüniň tutulmagy, täze taslamalara badalga berilmegi, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özgertmeler Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň aýdyň nyşanyna öwrülýär.

Öňde durýan uly wezipeler we olary amala aşyrmagyň ýollary kabul edilen maksatnamalarda, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» anyk kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, Türkmenistany import edilýän harytlaryň ornuny tutýan kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny netijeli ulanmak, dünýäniň häzirki zaman ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmek esasy maksatlardyr. Şunda sanly ösüş, ylmyň gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hususy pudagy höweslendirmäge we goldamaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde bu pudagyň wekilleri dürli ugurlarda netijeli iş alyp baryp, innowasion önümçiligi işjeň özleşdirýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň her ýyl geçirilýän sergisi ýurdumyzyň işewür toparlarynyň gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini görkezmek üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Bu forum şu ýyl TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanýar.

Jemi içerki önümiň durnukly ösmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bellenen maksatlara ýetmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Şu ýylyň geçen iki aýynyň jemleri boýunça jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanylýar, Watanymyzda azyk howpsuzlygy üpjün edilýär, täze iş orunlary döredilýär, öndürilýän önümleriň möçberi we eksporty artýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna senagat, durmuş-medeni maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şäherdir obalardaky infrastruktura desgalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Hususan-da, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň esasy bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi.

Durmuş ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Her ýyl müňlerçe maşgala ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylýar. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi nobatdaky gezek ýokarlandyryldy. Eneligi we çagalygy hemmetaraplaýyn goramak, köp çagaly maşgalalary goldamak hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Asylly däbe görä, şu ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, şu ýyl köp çagaly eneleriň 253-si «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy Watanymyzda durmuşa geçirilýän durmuş ugurly düýpli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany durmuşa geçirmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Häzirki wagtda ähli ulgamlaryna innowasiýalar we ýokary maglumat tehnologiýalary ornaşdyrylan, birnäçe halkara güwänamalara, diplomlardyr baýraklara mynasyp bolan “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär. Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty hem täze taryhy döwrüň ynsan eli we paýhasy bilen döredilen aýdyň nyşanydyr. Özboluşly binagärlik keşbi bilen göreni haýran galdyrýan, sebitiň we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda, paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Awtomobil ýollarynyň, durmuş maksatly inžener-tehniki ulgamlaryň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna uly möçberli serişdeler goýberiler. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz täze, döwrebap obalaryň birnäçesiniň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumynyň gurlup ulanmaga beriljekdigini belledi. Şeýle-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

12-nji martda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Bu desga ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň infrastrukturasynyň üstüni ýetirdi. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.

Ýaşlar syýasaty hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hem bu hakykaty tassyklaýar. Döwletimiz tarapyndan ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim-terbiýe almagy, ussat hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, bu ugurdaky kanunçylyk-hukuk hem maddy-tehniki binýat berkidilýär. Sanly bilimi ösdürmek babatda yzygiderli çäreler görülýär, interaktiw we uzak aralykdan okuw usullarynyň ornaşdyrylmagy üçin mümkinçilikler döredilýär.

Soňky ýyllarda milli ylym ulgamy hem batly depginde ösdürilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine Halkara ylmy-tehnologiýa parky derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň intellektual mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm ädimleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň iýunynda döwlet Baştutanymyz bu baradaky degişli Karara gol çekdi. Munuň özi türkmen alymlary üçin ylmyň möhüm ugurlarynda gözlegleri geçirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işleri alyp barmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtyň özünde, zehinli ýaşlarymyzyň ylmy-tehniki işlere çekilmegi wajyp ähmiýete eýedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar we taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ugurdaş edaralaryň gurluşygyna, enjamlaşdyrylmagyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Geçen ýyl paýtagtymyzda täze halkara lukmançylyk merkezleri, şeýle hem welaýatlarda ugurdaş desgalar açylyp ulanmaga berildi. Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda döwlet Baştutanymyz «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda» Karara gol çekdi. Ýeri gelende bellesek, bu şäherde eýýäm lukmançylyk maksatly serişdeleriň dürli görnüşlerini öndürýän “Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy hereket edýär. Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi we saglygy goraýyş ulgamyna degişli beýleki desgalar gurulýar. Täze, döwrebap lukmançylyk edaralary ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem ugurdaş infrastrukturasynyň üstüni ýetirer.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek meseleleriniň çözgüdi köpçülikleýin sport hereketini ösdürmek, ilaty, hususan-da, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn strategiýasynyň netijesinde Aşgabatda we welaýatlarymyzda munuň üçin ähli şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz sport bilen meşgullanmaga wagt tapýar we Bütindünýä saglyk gününe, Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan her ýylky köpçülikleýin welosipedli ýörişlere gatnaşyp, watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, baý taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamagyň, çuňňur öwrenmegiň, dünýäde giňden wagyz etmegiň we bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda döredijiligi dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köp sanly çäreler geçirildi. Şolaryň hatarynda geçen ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. 11-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi bu ugurda möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz beýik akyldar şahyra we onuň döredijilik mirasyna bagyşlanan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabyny halkymyza peşgeş berdi. Geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby uly ähmiýete eýedir.

Ekologiýa ugry Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegini emele getirýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli maksatnamalar we taslamalar bu ugur bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli strategiýa durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek üçin anyk çäreler görülýär. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm meseleleriň çözülmegine jogapkärli çemeleşýän Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen bagly anyk başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy şunda möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň oňyn daşary syýasy ugry we hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary dünýä giňişliginde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak bu ýylda dürli çäreleri, forumlary, dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Olara ýokary derejede taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek üçin döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, guramaçylyk döwlet topary döredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başga bir möhüm sene — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen hem gabat gelýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 2024-nji ýylyň iýulynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda nobatdaky gezek tassyklanyldy.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýurdumyz köptaraplaýyn diplomatiýanyň — öňüni alyş, ykdysady, energetika, ulag, ylym-bilim, ynsanperwer, medeni, lukmançylyk, parlament, ekologiýa, suw, ýaşlar, sport diplomatiýalarynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak başlangyjyny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, özara düşünişmegi, dostluk hem ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini üpjün etmek we halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin gazanan üstünliklerimiz bilen çäklenmeli däldiris. Öňde iň çynlakaý çemeleşmäni we oýlanyşykly çözgütleri talap edýän möhüm wezipeler durýar. Halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Watanymyzyň şu güni hem-de geljegi üçin jogapkärçiligi, bilelikdäki tutanýerli işler täze ajaýyp üstünliklerimiz, zähmet ýeňişlerimiz üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Soňky habarlar
19.03
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
18.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
18.03
Hususy pudagyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
18.03
Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirilýär
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçirilýär
17.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 59 million 651 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow