Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçirilýär
Ykdysadyýet
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçirilýär
Çap edildi 17.03.2025
43

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýän giň gerimli sergi öz işine başlady.

Telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, iri taslamalary durmuşa geçirmekde, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilere aýratyn orun degişlidir. Hususyýetçilere berilýän döwlet goldawlarynyň netijesinde Türkmenistan kuwwatly önümçilik pudagyna eýe bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär.

Soňky ýyllarda Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Amatly hukuk, ykdysady, maliýe şertleri döredildi. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini, telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlandyrmak tertibiniň ýeňilleşdirilmegini, hususy önüm öndürijileriň öz harytlaryny daşary ýurtlara eksport etmekleri üçin gümrük işleriniň çaltlandyrylmagyny, ýeňillikli karz serişdeleriniň bölünip berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Döredilýän şeýle amatly şertlerden netijeli peýdalanýan telekeçiler häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna işjeň gatnaşyp, onuň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine şu gün geçirilýän serginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

...Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlary bu ýere gelen myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Hemmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. “Häzirki döwürde döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler syýasatyny amala aşyrmakda, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri guwandyryjydyr. Täze ykdysady ugrumyzyň hereketlendiriji güýjüne öwrülen hususyýetçilerimiz möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirip, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçileriniň önümleriniň we hyzmatlarynyň döwrebaplygyň hem-de kämilligiň nusgasy bolmalydygyny, täzeçilligiň, ylma we ösen tehnologiýalara daýanmagyň, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermegiň ýurdumyzyň telekeçilerine mahsusdygyny aýdyp, düýpli taslamalaryň başyny başlamak, badalga berlen işleri dowam etdirmek üçin olaryň yhlaslaryny gaýgyrman, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Soňra dabara gatnaşyjylar hususy pudagyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän köpugurly sergi bilen tanyşdylar. Şu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzyň dürli ugurlarda iş alyp barýan hususy kärhanalarynyň 130-a golaýy gatnaşýar.

Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, döredilýän şertleriň netijesinde olaryň hususy başlangyçlarynyň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Munuň şeýledigine serginiň girelgesindäki uly ekranda görkezilýän köp sanly milli haryt nyşanlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dürli ugra ýöriteleşen hususy kärhanalar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli taslamalara işjeň gatnaşyp, ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň tagallasy bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly önümleri öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilikler işe girizilip, Diýarymyzda azyk bolçulygy pugtalandyrylýar.

Bu ýerde görkezilýän önümler, türkmen kärhanalarynyň gazananlary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Süýji-köke öndürýän hususy telekeçileriň diwarlyklary aýratyn bölümi emele getirýär. Bu kärhanalaryň birnäçesiniň ISO we beýleki halkara standartlara doly laýyk gelýän önümleri daşary ýurtlara eksport edýändiklerini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda içerki we daşary bazarlarda uly meşhurlyk gazanan “Hasar”, “Misgär”, “Şerbetli ak gar”, “Hojaly” hojalyk jemgyýetleri, “Altyn Ýunus”, “Doganlar ýyldyzy”, “Duýgy” hususy kärhanalary bar. “Täze Aý” haryt nyşanly et, süýt we süýji-köke önümleriniň köp sanly görnüşleri serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. “Sahabatly”, “Gönezlik”, “Ýüpekçi”, “Sada suw” hojalyk jemgyýetleriniň, “Parahat”, “Zürýada hyzmat” hususy kärhanalarynyň süýt önümleri, çaga iýmitleridir miwe suwlary serginiň möhüm bölegini düzýär.

Oba hojalyk pudagy ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly strategiýa laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga, pudagy okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň uzak möhletleýin esasda kärendesine berilmegi we beýleki amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzda iri hususy kärhanalaryň, daýhan hojalyklarynyň sanynyň artmagyna getirdi. Türkmen telekeçileri täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde miweli baglary ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Şolaryň hatarynda 110 gektar çäkdäki ýyladyşhana toplumynda banan ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini görkezmek bolar. Bu paýdarlar jemgyýetiniň telekeçileri alma, armyt, garaly we badam hem ýetişdirýärler. “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň, “Daýhan sarpasy” daýhan hojalygynyň alyp barýan işleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Sergide ýyladyşhana şertlerinde ekinleri ösdürip ýetişdirýän telekeçileriň başga-da köp sanlysynyň diwarlyklary görkezilýär. “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti 2024-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji gezek 350 gektar ýere soýa ekinini ekip, ondan bol hasyl almagy başardy. Bu ekiniň ekiljek meýdanyny iki essä golaý giňeltmegi meýilleşdirýän hojalyk jemgyýeti şu gezekki sergide soýadan alnan ösümlik ýagyny hödürleýär.

Serginiň çäklerinde maldarçylyk pudagynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýeten sepgitleri bilen hem giňden tanyşdyrylýar. Bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini işjeň özleşdirýärler. “Ajaýyp ussat halal önümler”, “Sahabatly” hojalyk jemgyýetleriniň “golşteýn”, “simmental”, “angus” tohumly iri hem ownuk şahly mallary, Afrika düýeguşlaryny, sülgünleri, käkilikleri we hindi towuklaryny ösdürip ýetişdirýän kärhananyň gazananlary köpleriň ünsüni özüne çekýär. Şeýle hem “Täze balyk”, “Elin balyk” hojalyk jemgyýetleriniň hödürleýän balykdyr deňiz önümleri bilen tanşyp bolýar.

Gözden geçirilişde halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmakda adygan hususy kärhanalaryň mümkinçilikleri-de görkezilýär. Şolaryň hatarynda döwrebap egin-eşikleri, aýakgaplary, uly islegden peýdalanýan beýleki önümleri öndürýän düzümleri — «Röwşen» hususy kärhanasyny, «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetini we beýlekileri görkezmek bolar. “Batly-Gadam” hususy kärhanasy bolsa dürli görnüşli dokma önümleri bilen sergä gatnaşýar.

Işewürligi kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde önümçiligiň täze görnüşleri döredilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçileri awtoulaglar üçin dürli görnüşli motor we çalgy ýaglarynyň önümçiligini üstünlikli ýola goýdular. Şolaryň hatarynda “Asuda akym” hojalyk jemgyýetiniň, “Geljege miras”, “Yhlasly nazar” hususy kärhanalarynyň önümlerini görkezmek bolar. “Bir kuwwat” hususy kärhanasy awtoulaglar we senagat maksatlary üçin ulanylýan dürli himiki serişdeleri hödürleýär.

Hususy pudagyň wekilleri ylmyň gazananlarynyň, ösen tehnologiýalaryň esasynda durnukly ösüş, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerine işjeň eýerýärler. Sergide täzeçil usulda mermer daşyny gaýtadan işlemek arkaly kagyz öndürmek tehnologiýasy bilen hem tanyşdyrylýar. “Derýa ýoly” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän bu kagyzlary adaty önümçilikden alnan önümden has berkligi, suw we ýag geçirmeýändigi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de sergide “Tilsimat” hojalyk jemgyýetiniň täze önümleri — suw we nebit önümlerini çykarmak üçin dürli kuwwatlykdaky sorujylary, olaryň ätiýaçlyk şaýlary görkezilýär. Häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hödürleýän bank kartlarydyr telefon sim kartlary bilen hem tanşyp bolýar. Kärhana daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda indi ençeme ýyldan bäri telewizorlary, noutbuklary, planşetleri öndürýär. Sergide birnäçe kärhanalar optiki süýüm we kabel önümçiliginde bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.

Gözden geçirilişde ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar we olarda görkezilýän önümler ýurdumyzyň hususy böleginiň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine doly şaýatlyk edýär.

Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň görkezijileridir. Häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalary iri gurluşyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şunda sebitde deňi-taýy bolmadyk, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şäheriň halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we ugurdaş bilim edaralarynyň halkara güwänamalaryna yzygiderli mynasyp bolmagy şähergurluşyk babatda ýurdumyzyň, şol sanda hususy gurluşyk kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nyşanydyr.

Şunuň bilen baglylykda, sergide birnäçe ugurdaş kärhanalar öz amala aşyrýan taslamalary bilen tanyşdyrýar. Olaryň köpüsi Diýarymyzyň çäginde iri gurluşyk taslamalaryna gatnaşyp, baý tejribe toplady. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň taslamasyny durmuşa geçirýän “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasyny görkezmek bolar. Bu ýokary okuw mekdebiniň açylmagy bilen, hususy pudagyň kärhanalary üçin ýokary hünär derejeli, giň dünýägaraýyşly, işine ezber telekeçileriň, menejerleriň, marketologlaryň täze nesli kemala geler. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmäge mynasyp goşant bolar.

Ýewraziýa yklymynda möhüm ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwrebap ýol-ulag düzümleriniň döredilmegi üçin düýpli maýa goýumlary gönükdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna bagyşlanan diwarlyk sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda bu awtomobil ýolunyň 288 kilometrlik Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy “Altyn nesil”, “Edermen” hojalyk jemgyýetleri, “Ata melhem” hususy kärhanasy tarapyndan güýçli depginde alnyp barylýar. Gözden geçirilişde “Ojar-Aziýa” hususy kärhanasy hem ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy babatda geljekki taslamalary bilen tanyşdyrýar.

Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň taslamasyny düzmek we gurmak wezipesi ynanylan, häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygyny amala aşyrýan “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň, ýurdumyzda Halkara howa menzilleriniň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetiren we bu babatdaky işleri dowam etdirýän “Gündogdy” hususy kärhanasynyň diwarlyklarynyň töweregi hem köp adamly boldy.

Durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar gurluşyk senagatynyň ösdürilmegini hem talap edýär. Şu gezekki sergide birnäçe kärhanalar öz öndürýän ýokary hilli gurluşyk serişdelerini hödürleýär. “Türkmen senagat önümler” hojalyk jemgyýeti köp gatly binalaryň gurluşygynda ulanylýan gidroizolýasiýa serişdelerini, “Ak bulut” hojalyk jemgyýeti dürli görnüşli asma petiklerini görkezýär. Sergide ulag-logistika, önümleri gaplamak, bezemek, ýokary derejeli çäreleri guramakda hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň diwarlyklaryna hem giň orun berilýär.

Telekeçilik we döredijilik başlangyçlaryny goldamak arkaly milli amaly-haşam sungatynyň täsin ýörelgelerini gorap saklamak barha giň gerime eýe bolýan milli işewürligiň wezipesi bolmagynda galýar. Sergide telekeçiler, halk senetçileri, ýaş dizaýnerler tarapyndan ýüpekden we ýüňden taýýarlanylan owadan gölli ajaýyp halylar, tebigatyň täsin görnüşleri şekillendirilen bezeg palaslary, häzirki zaman haly, bezeg we keşdeçilik önümleri, matalar, şaý-sepler, keramiki önümler, sowgatlyk harytlar görkezilýär. Halyçylyk, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerini döwrebap derejede ösdürýän zenan telekeçileriň önümleri daşary ýurtly myhmanlaryň uly gyzyklanmalaryna eýe boldy. Ýeri gelende bellesek, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan yglan edilen «Senetçilik — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Şu gezekki sergi giň mazmunly maksatnamasy bilen tapawutlanýar. Onuň çäklerinde «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlarynyň, «Vanity Fair», «Vogue», «Marie Claire Arabia», «Grazia», «Elle» žurnallarynyň, «Fashion Network» gazetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara moda görkezilişi guralýar. Paýtagtymyzdaky “Toý mekany” merkezinde geçirilýän çärede Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, şeýle hem «Mähirli zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» modalar öýleriniň milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyryp taýýarlan lybaslary görkezilýär.

Şeýlelikde, nobatdaky sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ajaýyp üstünliklere eýe bolýan hususy pudagynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň aýdyň beýanydyr. Ýygnananlar forumy guramaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin öz gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Gözden geçirilişiň çäklerinde ertir paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Sergi 19-njy martda öz işini tamamlar. Gözden geçirilişiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.

Soňky habarlar
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçirilýär
17.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 59 million 651 müň dollaryndan gowrak boldy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.03
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
16.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
16.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
15.03
A.Öwezow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow