Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
Hepdäniň wakalary
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
Çap edildi 16.03.2025
129

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň berk binýadydyr.

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň, oba hojalyk işlerini netijeli alyp barmagyň, bu ugurda ýokary görkezijileri gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli taýýarlyk işleriniň geçirilmegini, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde eden çykyşynda ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça desga hem ulanmaga berler.

Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Kuwwatlylygy ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Bu ýerde 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Italiýanyň “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň wekili M.Pulpito Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen hormatly Prezidentimizi we dabara ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, bu zawodyň Türkmenistanda şeýle önümleri öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we döwrebap kärhanalaryň biri bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň şahadatnamasy, şeýle hem Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy gowşuryldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalarynyň astynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz toý bagyny kesdi. Soňra önümleriň dürli görnüşlerini özünde jemleýän sergini synlady. Döwlet Baştutanymyz düwmä basyp, iri önümçilik desgasynyň işine badalga berdi.

Hormatly Prezidentimiz keramiki önümleriň fiziki we himiki barlaglaryny geçirmek üçin niýetlenen, Italiýanyň «SAСMI» kompaniýasynyň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen barlaghana otagyna bardy. Şeýle hem kärhananyň önümhanalarynda bolup, önümçiligiň tehnologik tapgyrlary bilen tanyşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde zähmet çekjek hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygyny belläp, olaryň döwrebap innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaklarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz täze kärhana bilen tanyşlykdan soňra, Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Robotlaşdyrylan hem-de awtomatlaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen, 30 gektar meýdanda ýerleşýän bu döwrebap önümçilik kärhanasynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary türkmen topragynyň baý çig mal binýadynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Özara hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda hem ösdürilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika ulgamlarynda, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda-da Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi bilen baglylykda, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça geljegi uly ulag geçelgeleri işjeň ösdürilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini, Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy we portuň Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

13-nji martda Arkadag şäherine Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Üstünlik güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan innowasion şäheriň binagärlik çözgüdi, ekologik derejesi boýunça halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide täze şäheriň häzirki zaman binagärlik keşbine, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgamyň we innowasion tehnologiýalaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan dürli maglumatlar, fotosuratlar görkezildi. Şeýle hem bu ýerde hytaý tarapynyň wekilleriniň bölümi guraldy.

HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen dabarada eden çykyşynda Arkadag şäherine onuň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda degişli karary kabul edendigi barada aýdyldy. Resminama bilen, Aşgabat şäheriniň 65 ga ýerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi.

Çäräniň dowamynda “akylly” şäherde, şol sanda onuň ýol-ulag düzümine degişli desgalarynda, medeni-durmuş maksatly binalarynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalara bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de hünär synagyndan geçirmek, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek ýaly meseleler bar. Şeýle-de 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparyny döretmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi.

Mejlisiň dowamynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek baýramçylyk dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Şeýle hem bu ýerde dürli sergileri, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlary, aýdym-sazly dabaralary guramak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permana hem-de ony ýerine ýetirmek bilen bagly Buýruga gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibi hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu kadalaşdyryjy nama önümçilik desgalarynyň kadaly ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy we bilermenleri hünär synagyndan geçirmegiň tertibini we möhletlerini, talap edilýän resminamalaryň sanawyny, hünär synag toparynyň işiniň düzgünlerini kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen Karara hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge ygtyýar berildi. Bar bolan binalaryň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak, olara häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmak öňde goýlan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen bir hatarda, zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ýokary önüm berýän gara mallary satyn almak meýilleşdirilýär.

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnanyň arasynda geçirilen duşuşygy, şeýle hem gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen müdiriýetiň mejlisini geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň okgunly ösüşiniň nobatdaky güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler baş maksada — Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, häzirki we geljek nesillerimiziň bagtyýarlygynyň bähbidine halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Soňky habarlar
17.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 59 million 651 müň dollaryndan gowrak boldy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.03
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
16.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
16.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
15.03
A.Öwezow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi
15.03
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
15.03
Türkmenistan — ÝUNISEF: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
15.03
Ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada — döwletiň we jemgyýetiň ileri tutulýan wezipesi
top-arrow