Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýar
Çap edildi 11.03.2025
111

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň Watanymyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli dialogy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendigini aýdyň görkezdi.

3-nji martda döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň Katar bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha hem-de ony ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Nebitgaz, himiýa, dokma senagaty, ulag, söwda pudaklary, maýa goýumlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Ispaniýa Patyşalygynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç haty kabul edildi. Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalardyr özgertmeler, Mejlisiň düzümi, kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

160 orunlyk täze saglyk merkezi paýtagtymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirer. Merkeziň bölümlerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylar. Şunda birnäçe enjamlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde hem ilkinji gezek ornaşdyrylýandygyny nygtamak gerek. Bu ýerde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy, öňdebaryjy klinikalarda tejribe toplan hünärmenleriň iş alyp barmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder.

5-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen-yrak hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy üçin hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem her ýylda 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny goňşy Eýranyň çäginden “swap” usulynda Yraga ibermek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanini ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek wekilçilikli halkara foruma, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

6-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýolugra köp zolakly halkalaýyn ýoldan “akylly” şähere çenli uzaýan köçäniň durkuny täzelemegiň meýilnamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluň ýakalarynda nesil ugruna, gazanan üstünliklerine degişli maglumatlary özünde jemleýän şöhratly ahalteke bedewlerimiziň heýkelleriniň oturdylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, ýoluň her tarapynda welosiped ýollaryny, atly gezelençler üçin çäge düşelen ýodalary gurmak teklip edildi. Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň we ýurdumyzyň atşynaslarynyň bu ýoly “Ahalteke atlary şaýoly» diýip atlandyrmak baradaky teklibi Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ugradylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen maslahatlaşyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly täze ugurlary döretmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmak teklip edildi.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, ýaşlar seýilgähindäki bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda, binalary enjamlaşdyrmakda häzirki zamanyň täzeçil usullaryndan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny, gurluşyk serişdeleriniň hil derejesine, berkligine, uzak möhletleýinligine üns berilmelidigini belledi.

7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösüşini görkezýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önüm boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryndaky özgertmeler kabul edilen meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk arzuw etdi.

7-nji martda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen-gruzin gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy. Ulag-logistika pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan “Hazar deňzi — Gara deňiz”, “Lapis Lazuli”, “Ýaşyl” port ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde Gruziýanyň goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini hem-de onuň taryhy sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belläp, Gruziýanyň Premýer-ministrini bu ýokary derejeli çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Gruziýanyň ýurdumyz bilen däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gruzin kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olaryň dowamynda dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Euronews” teleýaýlymyna interwýu bermegini geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşlikde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, dünýä gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplygyň ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasydygyny, onuň Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, şol sanda çylşyrymly ýagdaýlarda hem özara gatnaşyklaryny anyk kesgitleýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýagdaý babatda aýtmak bilen, bu ugurda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk-de ilerletmek, ýurtlaryň arasynda döreýän ähli jedelli meseleleri BMG-niň Tertipnamasy we halkara hukugyň ykrar edilen düzgünleri esasynda çözmek, halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usullaryny goldamazlyk ýaly üç düýpli garaýşyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebitdäki suw meselesine, bu babatda dünýä bileleşiginiň we Hökümetiň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit Geňeşini döretmegi teklip edýändigini hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Amyderýa we Syrderýa boýunça Konwensiýalarynyň kabul edilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Owganystan bilen gatnaşyklar barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu ýurduň gatnaşmagynda ençeme möhüm we geljegi uly ykdysady taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, biziň ýurdumyzdan owgan tarapyna demir ýollary gurmagyň taslamalaryny öňe sürendigi hem-de durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk meselesinde Türkmenistanyň tebigy gazy Ýewropa, şol sanda ony Hazarüsti ugry bilen ibermäge taýýardygy, şeýle hem elektrik energiýasyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň öňüsyrasynda deňhukukly, strategik we işjeň dialogyň ýola goýulmagyna bil baglaýandygyny tassyklap, bu gatnaşyklaryň uzak möhletli, netijeli, toplumlaýyn hem-de anyk bolmalydygyny nygtady.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda, guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, şol sanda talyp gyzlara, mekdepde okaýan gyzlara hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, şu ýyl «Ene mähri» diýen hormatly ada enelerimiziň 253-si mynasyp boldy. Köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine ýokary amatlykly täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

Hemme ýerde zenanlarymyza mähirli gutlaglar, şatlyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlar belentden ýaňlandy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti boldy.

8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli milli ruhy gymmatlyklaryň mizemezliginiň, gadymdan gelýän mukaddesliklere, şol sanda öý-ojagyň diregi hasaplanýan enelerimizdir zenanlaryň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň dabara sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda gatnaşyp, mähriban zenanlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlamagy çäräniň esasy wakasyna öwrüldi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Soňky habarlar
11.03
Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýar
10.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.03
Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti jenap K.K.TOKAÝEWE
10.03
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 355 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
08.03
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pudagara topary döredildi
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
top-arrow