Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Çap edildi 02.03.2025
149

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Bu strategiýa laýyklykda, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň 24-nji fewralda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen birlikde, ýer, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini berk gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýa ideg etmek, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmek, pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeler berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.

BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden baýram edilýän ýylynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy.

27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda «Euronews» bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Pedro Wargas Dawidi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz «Euronews» bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri mundan beýläk-de ilerletmäge ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu telekompaniýa bilen dürli çäreleri, dialog meýdançalaryny guramagy teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, ýaş žurnalistleriň, bu ugurda okaýan talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyga, ýurdumyzyň baý medeniýetini we taryhyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

28-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça Mejlis tarapyndan alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri we onuň dowamynda dostlukly ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçirilen duşuşyk mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatlar hem diňlenildi.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň üstünlikli tamamlanandygy barada habar berildi. Bu kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk konsertlerini, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. 7-nji martda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolan zenanlara hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny hem-de şol gün Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda bolsa Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

17 — 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler. Ýurdumyzda saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Forumy şu ýylyň 7-8-nji aprelinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek göz öňünde tutulýar.

Kiberhowpsuzlyk ugry boýunça ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar, «Sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Bu resminamalarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak, döwletara gatnaşyklarda milli bähbitleri goramak, kiberhüjümler barada maglumat alyşmagyň ýollaryny kesgitlemek, halkara derejede kiberhowpsuzlyk we kiberdiplomatiýa boýunça kabul edilýän çözgütleri ýurdumyzda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, perzentlerine mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimize, zenanlarymyza uly ornuň degişlidigini belläp, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

28-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu ugurda Türkmenistan Bütindünýä banky bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, maliýe ulgamyny kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek, ekologik durnuklylygy üpjün etmek bilelikdäki işiň esasy ugurlary bolup durýar.

Ýurdumyzda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan Bütindünýä banky bilen ýurdumyzyň üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň we Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Şeýle-de milli banklarymyz, hususy pudak bilen, şol sanda ykdysadyýete täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek ýaly gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagynda Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy. Myhmanlar ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini aýratyn bellediler. Şeýle-de olar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berip, Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, geçen ýyllaryň dowamynda bu bankyň saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly pudaklarda ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşandygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň möhüm strategik ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyny ösdürmek, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek, şol sanda Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan doly peýdalanmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge, bu bank bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

24-25-nji fewralda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti Türkiýäniň Ankara şäherinde iş saparynda boldy. Onuň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan çakylyk haty gowşuryldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenildi. Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisine Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna agza bolmagy teklip etdi.

Geçen hepdede paýtagtymyzyň täze lukmançylyk merkezleri bolan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen bu lukmançylyk merkezleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan geçirilen bäsleşikde «Ajaýyp binagärlik», «Ajaýyp aragatnaşyk dizaýny», «Önümiň ajaýyp dizaýny» ýaly ugurlar boýunça ýeňiji bolmagy başardy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Soňky habarlar
03.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.03
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
02.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
01.03
«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi
28.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Bütindünýä bankynyň we Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleri bilen duşuşygy
28.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow