Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ählumumy abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek — döwrüň möhüm wezipesi
Hepdäniň wakalary
Ählumumy abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek — döwrüň möhüm wezipesi
Çap edildi 23.02.2025
41

Geçen hepde möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ugurdaky işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilendir.

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Onda bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegi, gowaça ekiljek meýdanlarda alnyp barylýan işleriň depgini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine ýerleriň talabalaýyk taýýarlanylmagy, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk toplumynyň öňünde wajyp wezipeleriň durandygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara bähbitleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Tatarystanyň Baştutanyny 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň halklarynyň köp asyrlaryň dowamynda ysnyşykly we dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändigi, şol gatnaşyklaryň bolsa medeniýetleriň, diliň, diniň we däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady, syýasy we beýleki ugurlarda köp işler amala aşyryldy. Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar.

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy. Soňky ýyllarda dürli ugurlarda, hususan-da, energetika, nebitgaz, ulag, oba hojalyk pudaklarynda özara söwda dolanyşygynyň möçberi artýar. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary ýurdumyzyň nebitgaz, energetika we gurluşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara giňişlikdäki strategik maksatlarynyň iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygy aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylyk hatyny gowşurdy.

Şol gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Medeniýet, ylym-bilim, sungat, döredijilik ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, şol sanda özara Medeniýet günlerini we sergileri yzygiderli geçirmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan üçin bu halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu çärä gatnaşmagynyň uly ähmiýetini belledi.

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Hususan-da, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Guwlyduz” kärhanasynyň işini, dokma senagatynyň kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Mundan başga-da, şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi hakynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, milli maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy usullary peýdalanyp, amaly taýdan ähmiýetli wezipeleri çözmäge ukyply, döredijilik başlangyçly hünärmenleri taýýarlamak babatda ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň innowasion-pedagogik tehnologiýalary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny özleşdirmek, bilim işine ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly okuw işini guramak ýaly başarnyklaryny ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda taýýarlanylan teklipler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi birnäçe resminamalary işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň” taslamasy, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy bar. Bu resminamalary taýýarlamak boýunça pudagara topary döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.

Şeýle-de mejlisde “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” we bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Halkara tejribeden ugur alyp hem-de dünýäde sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak barada degişli teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Hususan-da, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we işiň täze usullaryny ornaşdyrmak, onuň işjeňligini artdyrmak, bu ugurda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakynda Karara, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekdi.

18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Institutyň eýwanynda türkmen diplomatiýasynyň, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň taryhyna bagyşlanan sergi guraldy. Onda daşary döwletleriň ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň diwarlyklaryna hem orun berildi.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikleri oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilen bu döredijilikli syýasat halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar. Şeýle-de forumda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky ilçisi Beata Peksa, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary we Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin bu gullugyň işgärlerine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny hem-de degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlary hem gowşuryldy.

22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, şäheriň aragatnaşyk düzüminiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine ak patasyny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy desgalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegine, häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, olarda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi hem wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ylmyň gazananlaryndan, dünýäniň ösen tejribesinden işjeň peýdalanmagyň, täze şäheriň aragatnaşyk düzümlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurda degişli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.


Soňky habarlar
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.02
Ählumumy abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek — döwrüň möhüm wezipesi
23.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.A.IŞANGULYÝEW hakynda
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
22.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
21.02
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
21.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.02
Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler
21.02
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşurylar
top-arrow