Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ynsanperwerligiň beýik nusgasy
Jemgyýet
Ynsanperwerligiň beýik nusgasy
Çap edildi 10.02.2025
853

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ösüp barýan ýaş nesiller üçin ynsanperwerligiň beýik nusgasy hökmünde hereket edýär. Gaznanyň mümkinçilikleri esasynda haýyr-sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi hem-de olaryň saglyklarynyň dikeldilmegi we berkidilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde möhüm üns berilýär. Dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalary ýurdumyzda çagalaryň saglygy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda edilýän tagallalara ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Munuň aýdyň mysalyny Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy bolan 7 ýaşly çaga Gülnara Rahymbaýewanyň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde bejergide bolmagyndan-da görmek bolýar. Dogabitdi ýürek kemisligi, garynjykara germewiniň deffekti kesel kesgitlemesi bar bolan ýaş çaga bu ýerde ýerli lukmanlarymyz tarapyndan kardiohirurgik operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Operatiw bejergiden soň çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly.

Şeýle hem şu günler Aşgabat şäheriniň dikeldiş bejergilere mätäç körpeje ýaşaýjylarynyň ikinji tapgyry Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýatymlaýyn bejergide bolup, öz okuw sapaklaryny dowam etmek şerti bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dikeldiş bejergilerini alýarlar.

Netijeli dikeldiş bejergilerini alýan çagalara Lukman Arkadagymyzyň lukmançylykdaky halypa maslahaty we teklipleri boýunça Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde adaty dikeldiş bejergileri bilen bir hatarda, tebigy dikeldiş bejergisi bolan ippoterapiýa bejergileri hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň öz ylmy eserlerinde belleýşi ýaly, milli mirasymyzyň gymmatly baýlygy bolan ahalteke bedewleriň aýratynlyklary, olaryň gözelligi, ýyndamlygy, gelip çykyşy tebigatyň täsinligi bolup, diňe bir milli mirasymyza, tebigy gözelliklere degişli bolman, eýsem, tebigy güýçli bejeriji häsiýete-de eýedir.

Belli bolşuna görä, dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde köplenç tebigy şertler ulanylýar. Olara suw bejergisi bolan balneoterapiýa, çäge bilen bejergi – psammoterapiýa, läbik bilen bejergi – pelloidoterapiýa, Gün şöhlesi bilen bejergi – gelioterapiýa we şular ýaly başga-da ençeme tebigy häsiýetli bejergiler degişlidir. Ippoterepiýa – bedewiň tebigy güýjüni ulanmak arkaly bejergidir.

Bu bejergi ýürek-gan damar ulgamynyň, daýanç-hereket, iýmit siňdiriş, nerw ulgamynyň kesellerini bejermekde peýdasyny görkezýär. Bedewiň bedeniniň gyzgynynyň adamyň bedeniniň gyzgynyndan ýokary bolmagy, onuň güýçli biogurşawy adamyň bedenine biomehaniki täsir etmek arkaly ýakymly tebigy ýylylyk berýär, şeýle hem ruhlandyryjy täsirini ýetirýär. Çaga bolsa bu bejergä işjeň girişip, ony adaty oýun hökmünde kabul etmek bilen bejeriji täsirler arkaly ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Netijede, dartgynlylyk, gaharjaňlyk, gorky ýaly duýgular aradan aýrylýar.

Türkmen bedewi bilen didarlaşmak, ony iýmitlendirmek, oňa ideg we gözegçilik etmek, onuň bilen dürli oýunlara meşgullanmak düzüminde uly bejeriş häsiýetli mazmuny jemleýär. Gippokratyň döwründen mälim bolan bu usul nerw dartgynlylygynda, aşa ýadawlykda, merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde dikeldiş bejergisi hökmünde peýdalydyr. Bu bejergi çagada özüne we bejergä bolan ynamy berkidýär, edermenligi, asyllylygy, yhlaslylygy terbiýeleýär, milli mirasymyza hormat goýmak häsiýetini kemala getirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylykda berýän halypalyk maslahatlary we teklipleri esasynda Arkadag şäheriniň Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde adaty dikeldiş bejergileri bilen bir hatarda, tebigy dikeldiş bejergisi bolan ippoterapiýa bejergisiniň üstünlikli amala aşyrylmagy saglygyny dikeltmäge mätäç çagalaryň doly derejeli sagdyn bolmaklary ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň üçin çagalaryň özleri-de, olaryň ata-eneleri-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, çäksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.

Soňky habarlar
19.03
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
18.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
18.03
Hususy pudagyň maýa goýum mümkinçilikleri ýokarlanýar
18.03
Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirilýär
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17.03
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçirilýär
17.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 59 million 651 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow