Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
Çap edildi 09.02.2025
279

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir ajaýyp sahypa bolup ýazyldy. 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän giň gerimli meýilnamalaryň, uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy. Hökümet mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmegi nazarlaýan çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň yzygiderli häsiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemledi hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmagyň, jemi içerki önümiň durnukly ösüşini üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Şunda maýa goýum serişdelerini yzygiderli çekmek, onuň işjeňligini höweslendirmek üçin netijeli gurallary döretmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Geçen ýylda öňde goýlan meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde oňyn netijeleriň gazanylandygyny aýtmak gerek. 2024-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Ykdysadyýetiň esasy pudaklary bolan söwda we hyzmatlar ulgamy batly depginde ösdürildi. Geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan geçdi. 2024-nji ýylda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi çykdajy böleginden artdy. Şunuň bilen bir hatarda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýokarlandyryldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda iri sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi, agyz suwuny arassalaýjy döwrebap desgalar, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, halkara lukmançylyk merkezleri, beýleki jemgyýetçilik binalary bar. Geçen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.

Oba hojalygyny özgertmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hem öz anyk miwelerini berýär. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler. Welaýatlarda suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 253,1 göterim ýerine ýetirildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrunda geçirilen bäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, bilermenler tarapyndan ýörite toparyň garamagyna berlen maglumatlary seljermek bilen, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, bu etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Geçen ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda heniz ulanylman duran köp mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seretdi, şeýle hem «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.

Maksatnama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek ýangyç-energetika toplumynyň işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny alyp barmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak möhümdir.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň içerki sarp edijileri üçin 2025-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda onuň awtomobil benzini we dizel ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, şu ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler. Oba hojalyk ekinleriniň, çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda işleri dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümçiliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmegiň, oba hojalyk önümlerini öndürijilere edilýän tehniki hyzmatlaryň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň, ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle-de “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň ekilmegini üpjün etmek bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda jemi 2100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň mejlisde gol çeken beýleki resminamalarynyň hatarynda welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda, Aşgabat şäherinde durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruk hem bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, 2024-nji ýylda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň halkara derejede giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu şanly sene mynasybetli ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik nyşany döretmek boýunça kanunçylyk tarapdan degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz şu ýylda birnäçe iri halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny aýdyp, halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna syn bermek bilen, 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirendigini bellemek gerek. Onuň gün tertibine oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin degişli işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we olar üçin ýerleri talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak bilen bagly degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

5-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de hasabatlarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada aýdyldy. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumy, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyry, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 sany 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy, welaýat Polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalary, Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze edara binasy bar.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. “Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada şu ýylyň aprelinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan hem bu serginiň Ýaponiýada geçirilmegini goldap ses berdi. Serginiň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, biz ýörite guramaçylyk toparyny döretdik we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen geçiren duşuşygynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, milli bähbitleri nazara almak bilen ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini belledi we ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ýokary derejeli halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, ýapon tarapyny bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, iri ýapon kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýar. Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan önümçilik desgalarynyň önümleri milli eksportda uly orun tutýar. Bu önümlere içerki bazarda-da, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. Gyýanlydaky polimer zawody, Garabogazdaky karbamid zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumlary, “Maryazot” zawody bilelikde üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda görkezildi. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň, “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Milli Liderimiz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygarynyň mazmuny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10.02
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
10.02
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.02
Ynsanperwerligiň beýik nusgasy
10.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
09.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
08.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
07.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
top-arrow