Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Döwletiň we halkyň bähbidine durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Döwletiň we halkyň bähbidine durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen
Çap edildi 04.02.2025
107

Geçen hepdäniň wakalary Bitarap Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, bugdaý meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, meýdanlary gowaça ekişine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda çäreler görülýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak üçin welaýatlaryň çägindäki derýalarda, suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

29-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurtlarymyz halkara giňişlikde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa, suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. “Biz Gyrgyzystanyň şeýle garaýşyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de Gyrgyzystanyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek barada kabul edilen Kararnamany goldandygyna aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, dostlukly ýurduň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny, hususan-da, ekologik meseleler boýunça başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň Hökümet, diplomatik, pudak edaralary derejesinde işjeňleşdirilýändigi bellenildi.

31-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Hususan-da, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, menzilara bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek, sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, gowaça ekiljek meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, maldarçylyk pudagyny ösdürmek, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, himiýa senagatynyň, ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, şu ýylyň 19-20-nji fewralynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi, fewral-mart aýlarynda ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahatyny hem-de halkara internet olimpiadalaryny geçirmek, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly hödürlenen teklipleri makullady. Şeýle-de türkmen halkynyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti barada maglumatlary özünde jemleýän, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, düýpli öwrenmek, rejelemek, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, halkara talaplara laýyk getirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Mejlisde geçen ýylyň dowamynda ÝHHG-niň esasy düzüm birlikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi. 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde gurama agza ýurtlaryň geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky maslahaty boldy. Onuň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, Türkmenistanyň halkara we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary beýan edildi. Hasabatyň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasynyň taýýarlanylandygy habar berildi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýyl taslamalaryň 40-syny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda sil suw akabasynyň üstünden geçýän köpriniň we onuň germewleriniň görnüşleri, seýilgähiň şekil taslamasy, Gökdepe şaýolunyň ugrundan üstaşyr geçýän, durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri, awtobus duralgasynyň taslamasy bar. Gahryman Arkadagymyz seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işlerde ekologik talaplaryň doly berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Arkadag şäherindäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Degişli bölümleriň ýolbaşçylary häzirki döwürde gözegçilik edýän gulluklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hasabatlarda Arkadag şäherinde kanunçylygy berk berjaý etmek, tertip-düzgüni pugtalandyrmak, ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň netijeleri barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýan Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze şäherde medisina klasteriniň binalarynyň gurulmagynyň möhüm ähmiýetini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine geldi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galýandygyny aýratyn belledi. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna wajyp orun degişlidir. Mundan başga-da, Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen tehnikalary synlady. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde arassaçylygy we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek üçin satyn alyp beren täze tehnikalary şäheriň çäklerinde arassaçylyk hyzmatlaryny doly üpjün etmäge ukyplydyr.

1-nji fewralda Arkadag şäherinde Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda ençeme halkara ýaryşlarda çykyş edip, baş baýraklaryň eýesi bolan bu toparyň dürli görnüşdäki çylşyrymly tilsimlerden ybarat çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem sanly ulgam arkaly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünligi, ýagny Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Galkynyş” toparyna döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan pul baýraklary gowşuryldy. Soňra “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy S.Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Dabaranyň dowamynda bu topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşuryldy.

Şol gün «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara baýraklara eýe bolmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda aýdym-sazly dabara hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

Geçen hepdede Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna harby hem-de ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi.

Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet, jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyňdyr işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. Ýurdumyzy adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi we döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin iň amatly şertler döredilen öňdebaryjy döwlete öwürmek bu maksatnamalaryň esasy wezipesidir.

Soňky habarlar
04.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
04.02
Döwletiň we halkyň bähbidine durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen
04.02
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
03.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
03.02
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 405 müň dollaryndan gowrak boldy
01.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.P.PYGYÝEWE «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
01.02
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üç million manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy
01.02
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna müň ýewrodan pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi
top-arrow