Baş sahypa
\
Resmi
\
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
Resmi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
Çap edildi 27.01.2025
3471

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna harby hem-de ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi.

***

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet hem-de jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow