Geçen hepdäniň wakalarynda şatlyk-şowhuna beslenen Täze ýyl dabaralary hem-de möhüm döwlet çäreleri öz beýanyny tapdy. Tamamlanan ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere beslendi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly türkmen halkynyň täze üstünliklerine badalga berdi. Täze ýyl mynasybetli geçirilen dabaralar şatlykly baýramçylyk ýagdaýy bilen Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, teatr, sirk artistleriniň köpöwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 31-nji dekabr gijesinde däp bolan teleköpri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylaryny birleşdirdi. Dürli reňkli yşyklar bilen ýalkym saçýan Baş arçanyň ýanynda ýygnanan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, döwletimiziň ýolbaşçy düzümi ähli ildeşlerimize rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw etdiler. Olara aýdymçylar hem öz çykyşlary bilen goşuldylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutlap, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda uly sepgitlere ýetilendigini, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz täze ýylyň uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly boljakdygyna ynam bildirdi. “Bu belent sepgitlere ýetmekde halkymyzyň gujur-gaýratyna, tutanýerli zähmetine bil baglaýarys. Merdana halkymyz bilen geljek ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyza Täze ýyl gutlagynda hem zähmet üstünlikleri, asuda, abadan we bagtyýar durmuş barada arzuwlar beýan edildi.
3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine, hususan-da, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna garaldy. Meýilnamalarda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, sanly ykdysadyýeti ilerletmäge, ylmyň gazananlarynyň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmäge aýratyn üns çekildi. Hödürlenen meýilnamalara laýyklykda, nebitgaz pudagynda nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary, ýerasty suwlary gözlemek, ýataklary işjeň özleşdirmek, şol sanda “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Oba hojalygy pudagynda ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, maldarçylygy, guşçulygy, atçylygy ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak göz öňünde tutuldy. Şeýle-de ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny pugtalandyrmak ileri tutulýar. Gurluşyk we senagat toplumynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň artdyrylmagy, elektroenergetika pudagynyň, ulag düzümleriniň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy dowam etdiriler. Söwda ulgamynda ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygynyň, bahalaryň durnuklylygynyň üpjün edilmegi, dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň netijeli ulanylmagy, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizdäki ornunyň pugtalandyrylmagy, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar.
Medeniýet ulgamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu ulgamda halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny has-da ösdürmek boýunça degişli işler meýilleşdirilýär.
Ylymly-bilimli nesli terbiýelemek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullarynydyr sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň iş meýilnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Ulag-kommunikasiýalar toplumynyň meýilnamalaryna laýyklykda, şu ýylda döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, deňiz gämileriniň, häzirki zaman önümçilik, durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklaryny dowam etdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” makullady. Türkmenistan bu ugurda halkara tagallalara anyk goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen 2024-nji ýylda degişli pudagara topar döredildi. Agzalan toparyň utgaşdyrmagynda Halkara Migrasiýa Guramasy, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde milli meýilnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Meýilnama 5 bapdan ybarat bolup, olarda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän maksatnamalaýyn çäreler, olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, degişli görkezijiler we jogapkär döwlet edaralary kesgitlenildi. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini we şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Mundan başga-da, geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 30-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň bolandygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelen Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşler soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellediler. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Şunda ulanylmadyk ägirt uly kuwwatyň bardygy aýdyldy. Onuň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Hususan-da, döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistanda hem dürli medeni çäreler geçirildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny we strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleridir başlangyçlary goldaýandygyny tassyklady.
Täze ýylyň ilkinji gününde asylly däbe görä, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şol sanda interaktiw okuw esbaplary gowşuryldy. Körpeleri Täze ýyl bilen gutlamak üçin Aýazbaba, Garpamyk, 2025-nji ýylyň nyşany, ertekileriň gahrymanlary, şeýle-de Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şol ýere ýygnandylar.
Ýaş zehinli çagalar myhmanlaryň öňünde öz döredijilik başarnyklaryny görkezip, hyjuwly goşgy okadylar, eziz Watanymyza, Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan joşgunly aýdymdyr tanslary ýerine ýetirdiler.
2025-nji ýylyň ilkinji günlerinden ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berildi. Täze kitabyň neşir edilmegine bagyşlanan dabara paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.
Kitapda görnükli şahyryň edebi mirasy, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandy, onuň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça ýazylan ylmy işler, beýik söz ussadynyň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreler giňişleýin açylyp görkezilýär. Kitap “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar”, “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly 8 bölümden ybaratdyr. Eserde beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlar, professorlar, edebiýatçylar, daşary ýurtly bilermenler aýratyn bellenilip, olaryň bitiren işlerine ýokary baha berilýär. Şeýle-de kitap hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda döredilen “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna we beýleki hormatly atlara, nyşanlara mynasyp bolanlaryň sanawyny özünde jemleýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus, iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi.
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaraly ýagdaýda ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.
Şeýlelikde, ýetip gelen 2025-nji ýylda Watanymyz abadançylygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ýylda her bir maşgala ojaklaryna hemişe agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!