Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidigini belledi.
Baýramçylygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, şeýle-de paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy.
9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeşler toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň kararyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly adyndaky halkara baýrak berildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.
Sylaglananlaryň hatarynda türkmen halkynyň medeni mirasyny aýawly saklamaga we wagyz etmäge, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmäge, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşan daşary ýurtlaryň raýatlary hem bar. Hususan-da, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» ady dakyldy, şeýle hem nemes lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Klaus Georg Parhofere Türkmenistanyň «Arkadag» medaly gowşuryldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakylyp, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary gowşuryldy.
Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Çykyşlarda Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugruna we halkara giňişlikde parahatçylygy üpjün etmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi. Mowzuklaýyn mejlisleriň dowamynda durnukly ösüşi üpjün etmäge, döwletlerdir halklaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dialog we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmäge, möhüm ykdysady, ynsanperwer, ekologik meseleleri çözmäge, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin öňdebaryjy tejribeleri, innowasion tehnologiýalary we strategiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Maslahatyň netijeleri kabul edilen Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, dünýä ösüşiniň häzirki zaman meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar milli we halkara strategiýalara Bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak arkaly 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmek babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen bagly pikirlerini beýan etdiler.
Baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si açyldy. Daşoguz şäherinde bolsa 1500-e golaý maşgala täze jaýlara göçüp geldi. Bu ýerde 71 gektar meýdany tutýan täze ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi. Toplumyň düzümine ýerleşdirilişi has gowulandyrylan dört gatly öýleriň 70-si, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, döwrebap saglyk we söwda merkezleri girýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «KamAZ» okuw-hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Merkezde awtoulaglary abatlamak we olara hyzmat etmek işleri ýerine ýetiriler.
Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirendigini bellemek gerek. Mejlisde 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz asylly däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana, şeýle hem «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Mundan başga-da, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.
10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi. Iri halkara guramanyň wekili döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda halkara hukuk tertibini berkitmegiň we ählumumy dolandyryşyň köppolýarly ulgamyny ösdürmegiň, dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň bähbidine hukuk we beýleki degişli gurallary berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde işini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. ÝB-niň Ýörite wekili döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy.
11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Sadaka gatnaşyjylar Gökdepe metjidinde agzybirlikde öýle namazyny okadylar.
12-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda paýtagtymyzda amatly ýaşaýyş şertlerini döretmegiň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň, ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň, ekologik ýagdaýy mundan beýläk-de gowulandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Aşgabatda şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnama amala aşyrylýar. Paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek şol maksatnamanyň esasy wezipesidir. Hormatly Prezidentimiz özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.
13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan hem-de Özbegistan Respublikasynyň ilçisi Rawşanbek Alimow ynanç hatlaryny gowşurdylar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Estoniýa Respublikasynyň, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Daniýa Patyşalygynyň hem-de Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi.
Synymyzy dowam edip, geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirendigini bellemek gerek. Onda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen bolan duşuşygynda ýola goýlan köpasyrlyk gatnaşyklary dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Awstriýanyň paýtagty Wenada geçirilen dabarada Arkadag şäheri hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesine mynasyp boldy. Bu baýrak döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň we ösüşiniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky nyşany boldy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze köpriniň bezeg işlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmegini teklip etdi.
Iş maslahatynyň dowamynda şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalar, bu ýerde Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň “Buig Türkmen” kompaniýasynyň Baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Ol ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi we geljekki meýilnamalar barada hasabat berdi.
Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda ýurdumyzda her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralar bar. Dabaranyň dowamynda zähmetde aýratyn tapawutlanan ýangyç-energetika toplumynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli senagat pudagynda gazanylan üstünlikleri we sepgitleri wagyz etmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara badalga berildi. Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowamynda bu ýerde, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherleriň baş meýdançalarynda Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda döredijilik toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, ýaş zehinleriň çykyşlaryny özünde jemleýän baýramçylyk dabaralary geçiriler.
Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasaty yzygiderli dowam etdirýär. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ata Watanymyz ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalyşýar.