Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 10.12.2024
561

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali ÝYLDYRYMA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali ÝYLDYRYMY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny, medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen hem-de türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlar bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Klaus Georg Dr.PARHOFERI Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, iki halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandymaga goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň Grosshadern kliniki müdiriýetiniň 4-nji klinikasynyň we poliklinikasynyň direktorynyň orunbasary Klaus Georg Dr.Parhoferi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Klaus Georg Dr.PARHOFERI Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, ýurdumyzda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat hereketini, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini bermekde bitiren hyzmatlaryny, keselleriň öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň Grosshadern kliniki müdiriýetiniň 4-nji klinikasynyň we poliklinikasynyň direktorynyň orunbasary Klaus Georg Dr.Parhoferi Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna belent ruhly, sagdyn ahlakly, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde bütin adamzat türkmen halkynyň beýik oglunyň hatyrasyny belentde tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat alýar. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp eserleri her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr. Şoňa görä-de, nusgawy şahyryň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýän döwletleriň, beýik ynsanperwer şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň teşnesi bolan adamlaryň Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara derejede giňden wagyz etmekde ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germany,

Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Nadežda Anatolýewna Dubowany,

Russiýa Federasiyasynyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Fýodorowna Solowýowany,

London uniwersitet kollejiniň Arheologiýa institutynyň professory Timothy Dawid Williamsy,

Ortaýer deňzi we Gündogar barlaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) we Berliniň erkin uniwersitetiniň (Germaniýa) bilelikdäki taslamalarynyň ylmy ýolbaşçysy, professor Barbara Çerasettini,

Italiýa Respublikasynyň Turin şäheriniň Arheologik barlaglar we gazuw-agtaryş işleri baradaky merkeziniň direktory, professor Karlo Lippolisi,

Özbegistan Respublikasynyň «Ramz-film» kinostudiýasynyň direktory Muzaffarhon Erkin ogly Erkinowy,

Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Wiktor Nikolaýewiç Pilipkony,

Russiýa Federasiýasynyň Bütindünýä tatar kongresiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýerli taryhçylar bilen işlemek boýunça komitetiniň başlygy Albert Ahmetžanowiç Burhanowy,

Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň professory Soner Saglamy,

Gruziýanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy Makwala Gonaşwilini,

Ispaniýa Patyşalygynyň Ylym, innowasiýalar we uniwersitetler ministrliginiň innowasion ösüşler boýunça direktorynyň orunbasary Adolfo Fransisko Barrios Ruanony,

Kipr döwlet uniwersitetiniň professory Gülşen Sahatowna Sahatowany,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Kasymiýýe uniwersitetiniň rektory Awad Husaýin Al Kalafy,

Rumyniýanyň Babeş-Bolýa uniwersitetiniň Türkologiýa merkeziniň başlygy Margareta Aslany.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.T.ATAÝEWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň teswirnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Aksoltan Toreýewna Ataýewa Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.T.RUSTEMOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy ösüşlerini, milli edebiýatymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda, ynsanperwer däplerini durmuşa geçirmekde, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, ýaş nesli watançylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň teswirnamasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

 ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.ATABAÝEWANY Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly derejede gatnaşmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmeginde, durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş edaralarynyň işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, hemaýata mätäç çagalara, ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary, usuly taýdan ýardam bermek işine goşan uly goşandyny, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan üstünlikleri üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini nazara alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewany Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow