Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň täze sany
Jemgyýet
“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň täze sany
Çap edildi 06.12.2024
335

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň 11-nji sany çapdan çykdy. Nobatdaky sanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen möhüm wakalary, ýurdumyzyň döwlet strategiýalarynyň, halkara gatnaşyklarynyň esasy wezipelerini beýan edýän 20-ä golaý makala ýerleşdirilipdir. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň meselelerine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär.

Žurnalyň ilkinji makalasynda geçen ýylda türkmen halkynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygyny giňden baýram edendigi bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, ähli ulgamlarda 2023-nji ýylda gazanylan üstünliklere gysgaça syn berilýär. Žurnalyň 11-nji sany üçin ýörite taýýarlanylan seljerme häsiýetli makalada ýurdumyzyň içeri syýasatynyň baş maksatlary barada gürrüň berilýär. Onda getirilýän statistiki maglumatlar Watanymyzyň toplumlaýyn ösüşine, dünýä giňişliginde abraýynyň belende göterilmegine, ykdysady kuwwatyň berkidilmegine, türkmenistanlylaryň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen iri maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

“Halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak” atly makala giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çeker. Onda Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylda çap bolan eserlerine giňişleýin syn berilýär. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, “Ýaşlara gutlag”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgular, “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitaplary, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseriň 15-nji jildi barada barýar. Makalada hormatly Prezidentimiziň watançy, ýokary ahlakly, aň-düşünjeli ýaş nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýeti bolan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyna-da aýratyn orun berlipdir.

Mälim bolşy ýaly, her bir möhüm işiň başy başlananda halka sala salmak asylly däp hasaplanýar. Döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy özünde jemleýän bu däp häzirki wagtda halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly nesihatlaryna we gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny görkezýär. Bu mowzuk resminama we edebi çeşmelere, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine salgylanýan delilleriň esasynda taýýarlanylan makalada giňden şöhlelendirilýär.

Geçen ýylda döwletimiziň häzirki zaman taryhynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredilip, Türkmenistanyň Mejlisi kanun çykaryjy edaranyň wezipesini ýetirine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň konstitusion esaslary” atly makala okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär. Birnäçe makala ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişinde hemişelik Bitaraplygyň ähmiýetini açyp görkezýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy, özara bähbitli halkara gatnaşyklarynyň ösüşi, medeni diplomatiýany ösdürmekde Bitaraplyk hukuk derejesiniň eýeleýän orny baradaky makalalar bar.

Sanly ykdysadyýetiň zähmet bazaryna ýetirýän täsirleriniň möhüm meseleleri barada makala-da okyjylarda uly gyzyklanma döreder.

2024-nji ýylda ýurdumyzda we daşary döwletlerde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden baýram edilýär. Şundan ugur alyp, žurnalyň nobatdaky sanynda beýik söz ussadynyň diňe bir halkymyzyň bahasyz milli baýlygyna däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen döredijilik mirasy barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylmy we medeniýeti ösdürmäge gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, beýik akyldaryň döredijiligi ýurdumyzda, şeýle hem ondan alysdaky ýurtlarda-da hemmetaraplaýyn, ylmy esasda öwrenilýär. Makalalaryň awtorlary ady dünýä dolan şahyryň döredijiliginiň bütin adamzat üçin ähmiýetine ünsi çekýärler. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan, häzirki güne çenli üsti açylmadyk köp sanly syrlary özünde saklaýan Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasly ýurt hökmünde Gündogaryň gadymy siwilizasiýasynyň möhüm ojagy hasaplanýar. Bir ýarym müňden gowrak taryhy-medeni ýadygärlik türkmen halkynyň taryhda şöhratly sahypalary ýazandygynyň güwäsidir. Şolaryň köpüsinde arheologik gözlegler häzirki güne çenli alnyp barylýar. Neşiriň nobatdaky sanynda bu mowzuga-da birnäçe makala bagyşlanýar. “Ýunus Emräniň döredijiliginiň öwreniliş aýratynlyklary” atly makala hem giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolup biler.

Umuman, türkmen we rus dillerinde neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen makalalar talyplarda, mugallymlarda, aspirantlarda, ylmy işgärlerde, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda işleýänlerde, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalarynda uly gyzyklanma döreder.

Žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edilipdir.

Soňky habarlar
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
top-arrow