Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 02.11.2024
774

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.

Elektron neşir hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyz, Watanymyz, döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr» diýen sözleri bilen açylýar. Bu sözler neşiriň täze sanynyň tutuş süňňünde öz beýanyny tapýar.

Täze sanyň ilkinji makalasynda hormatly Prezidentimiziň ýakynda Tatarystan Respublikasyna amala aşyran sapary beýanyny tapypdyr. Şol sahypalarda ýerleşdirilen baş redaktoryň makalasynda bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň aýratynlyklaryna üns çekilýär.

Okyjylar «Änew – şöhraty dünýä dolan mekan» atly makalada üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen gadymy şäherde ýakynda geçirilen dabaralary ýene bir ýola ýatlap bilerler. Neşiriň täze sanynda oktýabr aýynda bellenilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna (iňlis dilinde) we Hatyra gününe bagyşlanan makalalara hem orun berilýär. Şol sahypalardan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň döwresinde döwlet sylaglaryna mynasyp bolan we döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji bolmagy başaran ýaşlaryň käbiriniň buýsançly setirlerini hem okap bilersiňiz.

Her sanynda bolşy ýaly, neşir halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýän türgenlerimiziň waspyna aýratyn makalalary bagyşlaýar. «Rekorda beslenen ýeňişler» atly makalada agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony Şahzadbek Matýakubowyň üstünlikleri öz beýanyny tapýar.

Neşir oktýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Wena balyna, merjen şäherimizde gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň oturdylmagyna, Türkmen alabaýynyň baýramyna hem täsirli makalalar bilen seslenipdir. «Bag ekmek – ömre dowamat» atly makala bolsa pederlerimizden gelýän bagbançylyk ýolunyň aýratynlyklary baradaky täsirli maglumata baýlygy bilen, akgynly okalýar.

«Sanly ulgam: Amatlylyk. Ygtybarlylyk. Döwrebaplyk» atly makala neşiriň şu sanynyň iň täsirli çykyşlarynyň biri bolupdyr. Şol sahypalarda iňlis dilinde paýlaşylan makalada bolsa milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa aýratynlyklary öz beýanyny tapýar.

«Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly tapgyr bu gezek Merkezi Köpetdagdaky guşlary öwrenen, NFC tehnologiýalarynyň aýratynlyklaryny seljeren we ekologiýa diplomatiýasy barada täzeçe pikirleri öňe sürýän ýaş alymlaryň işleri barada gürrüň berilýär. Rus dilindäki edep bilen bagly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker.

Neşiriň eýýäm ilkinji sanlaryndan bäri dil öwrenmek bilen bagly makalalar yzygiderli dowam etdirilýär. «Dil bilmek – mümkinçilikleriň açary» atly makala şol däbiň dowamyna öwrülipdir. Şol sahypalarda rus dilinde paýlaşylýan makalada bolsa Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň döredijilik ýoly yzarlanylýar. «Zenan sarpasy – türkmen halkynyň milli ýörelgesi» atly makala, «Mähriban mesgen» atly hekaýa hem neşiriň täsirliligini artdyrýar. «Halyl Kulyýewiň täze kitabynyň ýazylyş taryhy» atly makala hem okyjylary özüne çeker.

Neşir täze sanynda hem Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyndan bölekleri paýlaşmagy dowam etdirýär. «Ömre hemra setirler» atly makala Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligine bagyşlanýar. Şol sahypalardaky dünýäniň iň gadymy ýokary okuw mekdepleri baradaky çykyş hem diýseň täsirli bolupdyr.

Neşirde halypa şahyrlaryň we ýaşlaryň şygyrlarynyň ýene birnäçesi okyjylara ýetirilýär. «Owazly dünýäniň tolkunlarynda» atly makala türkmen radiosynyň taryhyna degişli gyzykly maglumatlara baýdygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şol sahypalarda ýerleşdirilen ösümlikler barada täsin maglumatlary okamak hem gyzykly.

Däp bolşy ýaly, neşiriň her sanynda milli tagamlarymyzyň biriniň taýýarlanylyşy barada gürrüň berilýär. Bu gezek okyjylar peýnir we gök önümler gatyşdyrylan tagamyň taýýarlanylyşy barada okap bilerler. Neşiriň täze sanynyň ahyrynda «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada hem maglumat berilýär. Şeýle hem neşirde «Merdana nesil – 2024» bäsleşigi barada bildiriş ýerleşdirilipdir.

Göze ýakymly dizaýn, täsirli we özüne çekiji suratlar elektron žurnalyň täze sanynyň okyjylara edýän täsirine täsir goşýar. Žurnaly «www.turkmenmetbugat.gov.tm» saýtyndan we onuň elektron goşundysyndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Soňky habarlar
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
top-arrow