Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Resmi
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Çap edildi 04.10.2024
2612

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ortaça ýaşyny uzaltmak, yssy howa şertlerinde adam fiziologiýasyny öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny hem-de “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Milli strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ilatynyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, bu işleri halkara kadalara laýyklykda yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ilata keselleriň ýokary hilli öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş kömegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Balkan we Lebap welaýatlarynyň hersinde bir sany 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga, Mary welaýatynda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli ylalaşygy baglaşmaga hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda, innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap sagaldyş-dikeldiş kömegini guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän hem-de tölegli hyzmatlary ýerine ýetirýän 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakyndaky Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak, köp duş gelýän keselleri halkara ölçeglere laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda döwrebap bejermek, ylmy barlaghana işlerini netijeli guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakyndaky Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

***

Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini has-da kämilleşdirmek hem-de “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda”, “Derman üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnamalary baglaşan we degişli ätiýaçlandyryş töleglerini töleýän Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet dermanhana edaralarynda bahasynyň elli göterimi möçberde ýeňillikli şertlerde satylýan derman serişdeleriniň Sanawy hem-de tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde ýerlenilýän (goýberilýän) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Sanawy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow