Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bitaraplyk hukugynyň ähmiýetini belledi
Jemgyýet
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bitaraplyk hukugynyň ähmiýetini belledi
Çap edildi 24.09.2024
2726

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylda şanly senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny halkara derejesinde giňden belläp geçiriljekdigini aýtdy.

«Bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplanýandygyny bellenildi.

«Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn ünsi çekdi.

Geçen 30 ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyz halkara bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esasynda halkara gatnaşyklarynyň geljekde hem ösüşine mynasyp goşant goşar diýip, aýtdy.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow