Baş sahypa
\
Resmi
\
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Resmi
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Çap edildi 07.09.2024
2664

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, milli sungatymyzyň aýdym-saz ugrundan döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň 2-nji derejeli artisti Garýagdy Baýrammuhammedowiç Geldiýew;

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň horeografiýa sungaty bölüminiň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Annanepesowiç Atajanow;

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnur Täçmyradowna Gurbanmyradowa;

Balkan welaýat Medeniýet merkeziniň aýdymçysy Guwanç Hydyrowiç Toýçyýew;

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Orazguly Ýusup ogly Jollyýew;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Serdar Salamowiç Jumaýew;

Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Sakarçäge etrap medeniýet merkeziniň tansçysy Ýakup Akmuhammedowiç Orazgylyjow.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow