Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus dillerindäki neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlagy bilen açylýar.
Gutlagda bellenilişi ýaly, baýramlaryň baýramlara, toýlaryň toýlara ulaşýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşler ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýan mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak buýsançly duýgulary döredýär.
Biz Esasy Kanunymyz, adam hukuklary hem-de azatlyklary babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary, demokratiýa, parahatçylyk, dostluk, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerimiz, döwlet gurluşynyň köpasyrlyk tejribesi, synmaz watansöýüjiligimiz, agzybirligimiz, gujur-gaýratly zähmetimiz bilen Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny yzygiderli berkidýäris, ýurdumyzyň depginli ösüşini, raýatlarymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrýarys. Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.
Okyjylaryň dykgatyna “Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly makala hödürlenilýär. Makalanyň awtory — Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky ilçisi Beata Peksa netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde türkmen tarapynyň we ÝB-niň özara strategik gyzyklanmasyna ünsi çekýär. Ykdysadyýet, howpsuzlyk, saglygy goraýyş, bilim, ulag, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň güwäsidir. Hususan-da, möhüm taslamalaryň toplumy “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, hususy telekeçiligi goldamak, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Makalada “Merkezi Aziýada durnukly energetika baglanyşygy” atly sebit maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň energiýa netijeliligini gowulandyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak arkaly howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilendigi bellenilýär. Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ulgamy kämilleşdirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ol ugurdaş maksatnamalaryň, şol sanda talyplary we mugallymlary alyşmagy goldamaga gönükdirilen “Erasmus+” maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Žurnalda “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri” atly makala hem çap edilipdir. Awtoryň belleýşi ýaly, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary öz şygyrlarynyň üsti bilen döwürdeşlerine dünýäniň gurluşy, döwletler we halklar, olaryň aýratynlyklary, medeniýeti, edebiýaty, uly şäherler baradaky maglumatlary ýetirip, halklaryň arasyndaky gaýybana tanyşlygyň ýola goýulmagyna ýardam beripdir. Şeýlelikde, şu ýyl ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gadymdan bäri parahatçylygy, özara düşünişmegi, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýän halk diplomatiýasynyň ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Makalada dana Pyragynyň döredijiliginiň Türkmenistanyň çäginden daşynda hem giňden meşhur bolup, daşary ýurtly alymlar tarapyndan giňişleýin we çuňňur öwrenilýändigi nygtalýar. Şahyryň öçmez-ýitmez eserleriniň ýygyndylary onlarça dile terjime edildi. Okyjylar, dürli ýurtlaryň ylmy işgärleri onuň umumadamzat gymmatlyklaryny, ýokary ahlak ýörelgelerini giňden beýan edýän şygyrlarynyň üsti bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsi, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Bu bolsa halklaryň ýakynlaşmagyna, birek-birek barada bilimleriň artmagyna, medeni alyşmalara uly goşant goşdy.
“Magtymguly Pyragynyň döwletlilik baradaky garaýyşlary” atly makala hem türkmen halkynyň beýik oglunyň döredijilik mirasyna bagyşlanypdyr. Makalada bellenilişi ýaly, geçmişe, häzirki döwre, geljege çuňňur göz ýetirmegi başaran şahyr öz şygyrlarynda hukuk döwletiniň, raýat jemgyýetiniň binýatlaýyn esaslaryny çeper söz bilen beýan edipdir. Bu ýörelgeler häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynda aýdyň beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, awtor makalada Magtymguly Pyragynyň özygtyýarly döwlet, onuň mizemez binýady we gurluşy baradaky nazary-pelsepewi garaýyşlaryny diňe bir alymlara däl, eýsem, ýönekeý adamlara-da ýetirmek maksady bilen, onuň goşgularynda ulanan dürli çeper keşplerine ünsi çekýär. Şeýlelikde, şahyryň döredijiligi diňe taryh, edebiýat, filosofiýa, dil bilimi taýdan däl, hukuk ylmy nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir.
“Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly makalada Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmegiň, netijeli peýdalanmagyň, onuň täsin biodürlüligini goramagyň, Hazarýaka sebitde halkara hyzmatdaşlygyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyna aýratyn üns çekilýär. Şu maksatlardan ugur alyp, biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletler, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça anyk teklipleri öňe sürmek bilen, iri taslamalaryň başyny başlap, ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar hem-de bu ugurda yzygiderli işleri durmuşa geçirýär.
Neşirde “Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlygy çygryndaky kanunçylygyň ösüşi” atly makala-da ýerleşdirilipdir. Onda halkymyzyň taryhyndan we medeni mirasyndan, dünýägaraýşyndan gözbaş alýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgelerine, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyna ylmy-amaly taýdan seljerme berilýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenilýär.
“Türkmenistanda eýeçilik hakynda kanunçylygyň kämilleşdirilişi” atly makala hem okyjylara hödürlenilýär. Makalada ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetine üns çekilýär. “Döwlet gullugyny guramak çygryndaky tejribeler” atly makala döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işini kämilleşdirmek meselesine bagyşlanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny deňeçer ösdürmekde, Watanymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurdaky işler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Şunda döwlet dolandyryşynyň ylmy we usulyýet binýadynyň döredilmegine, dünýä ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribeleriniň öwrenilmegine uly üns berilýär. Makalada Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk muňa aýdyň mysal hökmünde görkezilýär.
Neşir “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda okyjylaryň dykgatyna paýtagtymyzda halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, mejlislere, okuw maslahatlaryna we beýleki çärelere berlen syn hödürlenilýär.