Geçen hepdäniň wakalarynda Türkmenistany dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän strategiýasy öz mynasyp beýanyny tapdy. Oňa laýyklykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimi giňeldilýär, jemgyýetimiziň aň-paýhas, ruhy mümkinçiliklerini amala aşyrmak babatda ähli zerur şertler döredilýär, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
24-nji iýunda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda oba hojalyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, galla hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, gowaça, gök-bakja ekinlerine ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen BAE-niň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda BMG-niň çäklerinde syýasy dialogy ilerletmegiň, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmagyň, ýangyç-energetika toplumynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.
25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi. Duşuşykda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi hem-de halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň meseleleri, senagat, energetika, ulag ulgamlary babatda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna aýratyn üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryna garaldy.
26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri köpugurly özara hyzmatdaşlygyň, şol sanda goranmak we harby ulgamda gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri bilen Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda, şeýle-de goranmak ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga mümkinçilikleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda iri koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.
28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Şolaryň hatarynda döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamak, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleler bar. Hormatly Prezidentimiz ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleri nazara almak bilen taýýarlanylan geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy baradaky hasabaty diňläp, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim möçberde ýokarlandyrmak barada teklibi goldady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly teklipler hödürlenildi. Iýul aýynda geçiriljek esasy çäreler we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralar, jemlerini “Türkmentel — 2024” atly halkara serginiň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýan “Sanly çözgüt — 2024” innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylym ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini belläp, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi bilen bagly meselede Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Daşary işler ministrligi tarapyndan hödürlenen teklipleri goldady we degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, türkmen halkynyň Milli Liderini, ähli türkmen halkyny we Hökümet agzalaryny Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Dänäni gaýtadan işleýän bu döwrebap kärhanada ýokary hilli bugdaý tohumyny gaýtadan işlemek we saýlamak boýunça täze bölüm işleýär. Bu ýerde oturdylan iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaýy arassalamaga ukyplydyr. Oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek kärhanada degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Myhmanlar wekilçilik edýän kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini bellediler.
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde paýtagtymyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda guruljak täze lukmançylyk edaralarynyň şekil taslamalary bilen tanşyp, gurluşyklarda desgalaryň bezeg aýratynlyklary, olara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň döwrebap tejribesini ulanmak, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen döwründen bäri näsag çagalaryň 400-den gowragynyň saglygynyň dikeldilmegine ýardam edendigi, daşary ýurtlaryň tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýüklerini ugradandygy aýdyldy. Tejribeli lukman hökmünde öz ähmiýetli maslahatlaryny berendigi üçin, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde saglygy goraýyş ulgamynyň lukmanlarynyň we işgärleriniň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine gaznanyň nyşany ýerleşdirilen haly sowgat berildi.
Şol gün Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Milli Liderimiz bu ýerde idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy, Hanbeg atly bedew bilen didarlaşdy we at üstünde gezelenç etdi.
29-njy iýunda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko doglan güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Olarda dürli ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahatyny geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Forumyň gün tertibine ykdysadyýet, maýa goýum, senagat pudaklarynda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri girizildi. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Forumyň çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ýakyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen duşuşyklar guraldy.
Ýurdumyzda 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görülýär. 2024-nji ýylyň 27-nji iýunyndan ähli saýlaw uçastoklarynda möhletinden öň ses bermek başlandy. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw gününden 10 gün öň ses bermek mümkinçiligi 7-nji iýulda iş saparyna ýa-da zähmet dynç alşyna gidýän, käbir sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.
Geçen hepdede paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurluşygyna badalga berlen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin bu ýerde ähli şertler döredilipdir. Tans zallary, gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça meşgullanmak üçin gurnaklar, wideo we ses ýazgy studiýalary, döwrebap türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes-sport zaly olaryň hyzmatyndadyr. Uly konsert zalynyň ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sahnasy giň gerimli forumlary, şowhunly çykyşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň jemleri jemlendi.
29-njy iýunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Köpetdagyň eteginde kemala gelen, döwrebap toplumlaýyn infrastrukturasy bolan Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli dabaraly çäreler, baýramçylyk maslahaty we konsert geçirildi. Şu döwrüň içinde aýratyn hukuk derejesine eýe bolan döwlet ähmiýetli şäher ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, mynasyp dynç almagy üçin diňe bir amatly şertleri döretmän, eýsem, bilim, medeniýet, ylym, sport we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine hem öwrüldi. Bu ýerde giň gerimli işleri alyp barýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy-da ýerleşýär.
Şol gün bu şäherde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Ähli ýerde aýdym-sazlar ýaňlanyp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylar jaý toýuny toýladylar. Arkadag şäher häkimliginde geçirilen maslahatyň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän “Kosmos-Ýer” jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan guwanjyň we buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary hakyndaky hoş habar aýdyldy. Degişli güwänamany, şeýle-de teleskopy we onuň düşüren suratlaryny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ata Watanymyzyň ägirt uly döredijilik we ykdysady kuwwatyny aýdyň görkezip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň her bir gününiň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.