Baş sahypa
\
Adalatçynyň maglumaty
\
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Adalatçynyň maglumaty
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Çap edildi 02.07.2024
5464

Giriş

 

 

I bap.

Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň
hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy

 

II bap.

Raýat we syýasy hukuklar

III bap.

Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar 

 

IV bap.

Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme 

 

V bap. 

Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri 

 

VI bap.

Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi

 

VII bap.

Halkara hyzmatdaşlygy

 

VIII bap.

Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri

 

IХ bap.

Netije


Giriş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly taryhy wakalara beslenip geçýär. Geçen 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» hem ýurdumyzyň iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna möhüm wakalara baý, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek babatda anyk netijeleriň gazanylan ýyllaryň biri boldy.

Maglumatymyzda her ýylda bolşy ýaly ýurdymyzda adamyň we raýatyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilşinde 2023-nji ýylda ýetilen sepgitleriň netijesine syn bermek we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň (mundan beýläk - Adalatçy) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran işleri barada beýan etmekdir.

Bu maglumatymyzyň girişinde hem hasabat ýylynda ýurdumyzyň we türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen wakalara ser salalyň we adam hukuklary bilen baglanşykly ýetilen sepgitleriň üstünde durup geçeliň.

2023-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri bolan Adam hukuklary hakynda Jarnamanyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Biziň ýurdumyzda hem bu senäni mynasyp garşy almak ugrunda ýylyň bütin dowamynda çäreleriň giň toplumy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň baýramy we Halkara bitaraplyk güni bellenilýän günlerinde bolsa, Adam hukuklary hakynda Jarnamanyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşikler, maslahatlardyr, tegelek stollar geçirildi. Ýurdumyz bu ýylda Adam hukuklary hakynda Ahliumumy Jarnamanyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli BMG-nyň Adam hukuklary boýunça boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi tarapyndan geçirilen ýokary derejedäki halkara maslahatynda bu ähliumumy resminamanyň kadalaryny durmuşa geçirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryny gollady we ýurdymyzda ol kadalaryň ýerine ýetirilmegini mundan beýläk hem üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýaşlar syýasatyny güýçlendirmek, adam hukuklaryny üpjün etmek üçin daşky gurşaw çemeleşmelerini ösdürmek, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak, adam hukuklary boýunça garaşsyz hukuk goraýyş edarasyny berkitmek ýaly borçnamalary beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň Garaşsyz ösüşi ýyllarynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek babatynda ägirt uly işleri amala aşyrdy. Ýurdumyz adam hukuklary we azatlyklary bilen baglanyşykly halkara resminamalaryna işjeň goşulyşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny subut edýär, bu resminamalaryň kadalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi ugrunda aýgytly işleri alyp barýar. Biziň ýurdumyz adamynyň iň esasy we tebigy hukugy bolan ýaşamaga hukugyny sebit ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, konstitusion esasda kepillendiren ýurtdur.

Soňky ýyllarda Türkmenistan özüni Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde tanatdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy hem munuň nobatdaky güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi we anyk başlangyçlary, şol sanda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi ýörelgesinden ugur alyp, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlarydyr meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigini belläp, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen serhetdeş zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen birlikde, birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge ýurdumyzyň taýýardygyny beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýandygyny aýdyp, şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy öňe sürüldi. Merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy barada aýdyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek hakynda teklibi beýan etdi we bu başlangyjyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralarydyr institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna durnukly ulag we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlar bilen baglanyşykly halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek babatdaky tekliplerini hem beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu öňe süren teklipleriniň aňyrsynda diňe bir türkmen halkynyň däl-de dünýä ýüzüniň adamlarynyň parahat, böl- elin ýaşaýşa bolan hukuklarynyň üpjün edilmeginde ysnyşykly, ylalaşykly hyzmatdaşlyk ündelýär.

Geçen ýylda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürlen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi babatynda ikinji meýletin synyny hem dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşdy. Bu Syn 2019-njy ýyldaky Meýletin milli synyň logiki dowamy bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşynda ýurduň gazanan öňegidişligini we aralyk jemlerini beýan edýär. Türkmenistan DÖM-iň esasy ýörelgelerini goldamak bilen milli ileri tutulýan ugurlar kesgitlenýän mahalynda üns merkezinde adam durýan çemeleşmeden ugur alýar. Şonuň üçin hem bu synda BMG tarapyndan maslahat berlen ýörite bellenilýän maksatlardan başga-da, goşmaça alty maksat boýunça jikme-jik seljerme geçirilen we bu Syna goşulan. Bu saglygy goraýyş we bilim, azyk howpsuzlygy, gender deňligi, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlardan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň adamzadyň ýagty geljegi ugrunda edýän tagallalarynyň ajaýyp miwesi we BMG bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijileriniň biri hem gürrüňi edilýän ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EСOSOС) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň biragyzdan guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalyga saýlanmagydyr.

Geçen ýylda ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan, jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň biri - adyl, demokratik hem aýanlyk esaslarda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlarydyr. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda dalaşgärlik esasynda bir bada birnäçe wekilçilikli edaranyň agzalygyna geçirlen bu saýlawlar, ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň yzygiderli ösdürilýändigini, saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýurdumyzda alnyp barylýan bu köpugurly, giňmöçberli işleriň kanuny esaslaryny düzýän, döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini goraýan milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek işleri hem geçen ýyl yzygiderli alnyp baryldy. Beýan edilenler we ýurdymyzda adamyň we raýatyň syýasy, raýatlyk, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hatyrasyna alnyp barlan beýleki işler barada maglumatymyzyň degişli baplarynda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Geçen hasabat ýyly Adalatçynyň diwany üçin hem aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň işiniň 2024-2028-nji ýyllar üçin strategik meýilnamasynyň taslamasynyň üstünde işlenildi we tassyklamak üçin taýýar edildi. Bu milli edarany Ädam hukuklary boýunça milli edaralaryň Ähliumumy Bileleşigine (GANHRI) akkreditasiýa etmek boýunça işlere badalga berildi. Geçen ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň mümkinçiliklerini güýçlendirmek maksady bilen, Adalatçynyň diwanynyň gurluşyny kämilleşdirmek meselelerini öwrenmek boýunça teklipleriň ara-alnyp maslahatlaşylmagy hem, Adalatçynyň diwany üçin aýratyn ähmiýetli waka bolup, ýurdumyzda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine ýokary derejede uly üns berilýänliginiň subutnamasyna öwrüldi.

Geçen ýylda ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaýy we Adalatçynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda alyp baran işlerini 9-bapda beýan edýän bu maglumat hem «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň seretmegine beriler. Şeýle-de Adalatçy şu maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş eder we ol Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de Adalatçynyň diwanynyň web saýtynda beýan ediler.

Girişimiziň ahyrynda döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, halkara guramalary, raýat jemgyýetçiligi we halk köpçüligi Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2023-nji ýylyň jemine bagyşlanan bu Maglumaty bilen tanşyp, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we höweslendirmek çygrynda edilen işleri, berilen teklipleri we bellikleri ünse alyp, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine we iş ýüzünde berjaý edilmegine mundan beýläk hem ýardam ederler diýip umyt edýäris.


I bap. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy


Maglumatymyzyň adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we berjaý edilişiniň ýagdaýyna syn berilýän bu baby, ýurdymyzyň gazananlaryny jemläp, mundan beýläk-de ösmegi üçin uly mümkinçilikleri açýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna» gadam basmagy bilen başlamalydyrys. Ýurdumyzyň döwlet esaslaryny berkitmekde, ykdysady kuwwatyny güýçlendirmekde we halkyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakda ýaşlaryň hem çekýän zähmeti uludyr. Şonuň üçin hem maglumat berilýän 2023-nji ýylda ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine hemmetaraplaýyn işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Bu döwürde amala aşyrylan özgertmeler syýasaty, ykdysadyýeti, durmuş üpjünçiligini we medeniýeti gurşap almak bilen, adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň mundan beýläk-de doly üpjün edilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Bu döwürde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginde ösdürilmegi, saglygy goraýyş, medeniýet, ylym, bilim, sport we durmuş infrastrukturasyna goýulýan maýa goýumlarynyň barha artmagyna sebäp boldy.Ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goraglylygyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky Permanyna laýyklykda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandy.

Ýurdymyzda geçirilen özgertmeler welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriniň we obalaryň dolandyryş-çäk birliklerine hem öz täsirini ýetirdi. 2023-nji ýylda sebitlerde täze ilatly ýerler döredilip, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyna, ilatly ýerleriň sanawyna üýtgetmeler girizildi. Netije-de ýurdumyzda has döwrebap şäher infrastrukturasy döredilen, «Akylly şäher» konsepsiýasyna laýyklykda gurlup ullanmaga berlen döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri we birnäçe döwrebäp ýaşaýyş infrastrukturasyny özünde jemleýän ilatly ýerler, obalar we ýaşaýyş toplumlary kemala geldi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 29-njy iýunynda ýurdumyzda ýylyň möhüm taryhy wakalarynyň biri bolan täze, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. Täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir. Arkadag şäherinde «Akylly şäher» konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokary halkara ülňülerine laýyk getirilmegine, sazlaşykly işlemegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilen.

Geçen ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň düzüminde täze etraplary döretmek we olara Kärizek we Gorjaw atlaryny dakmak hem-de mundan beýläk olary degişlilikde Arkadag şäheriniň Kärizek etraby hem-de Arkadag şäheriniň Gorjaw etraby diýip atlandyrmak göz öňünde tutuldy. Şeýle-de maglumat berilýän ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze iki sany döwrebap obalaryň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli karary bilen bu döredilen täze ilatly ýerlere oba derejeleri berildi we Köpetdag geňeşliginiň çäginde döredilen oba «Köpetdagyň ýalkymy» ady, Owadandepe geňeşliginiň çäginde döredilen oba «Nurly zaman» ady dakyldy. Bu üýtgeşmeler geljekde sebitleriň durmuş we ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün eder we ýurdumyzda ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ýardam berer.Bu bolsa öz gezeginde adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň, esasan hem ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmeginde oňyn netijeleri berer.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyz türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň, şeýle hem Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 31 ýyllygyny toýlady. Esasy Kanunymyzyň adam hukuklary hakynda binýatlaýyn kadalary jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigini berkidýär.

Ylym-bilim bagtyýar geljegimiziň mizemez binýatlarynyň biridir. Maglumat berilýän ýylda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, beden taýdan sagdyn, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimiň we okatmagyň ýokary ösüş derejesi, ylmy-tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy bilen şertlenen ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen okgunly öňe barýan zamanasydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi.2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy.

Täze Arkadag şäheriniň gurluşygynda irki ýaşlardan başlap, ýaş nesli terbiýelemäge, olara bilim bermäge we sazlaşykly ösmegine degişli meselelere aýratyn üns berildi. Maglumat berilýän ýylyň 1-nji sentýabrynda bu ýerde bilim edaralarynyň birnäçesiniň – dokuz sany çagalar bagyny we üç sany mekdebi özünde jemleýän 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp ulanylmaga berildi.

Her biri 320 körpä niýetlenen çagalar bakja-baglarynda iň amatly şertler döredilen. Bu ýerdäki binalarda çagalaryň ýaşyna laýyklykda, rahat mebeller, okuw gollanmalary we oýnawaçlar bilen üpjün edilen oňaýly topar otaglary ýerleşdirilen. Saz, döredijilik, sport bilen meşgullanmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek, zähmet endiklerini ele almak üçin hem giň mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Her biri 720 okuwça niýetlenen, iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 2-nji, 3-nji we 4-nji orta mekdeplerde okuw 1-nji synpdan 12-nji synpa çenli dowam eder. 11-12-nji synplarda okuwçylar saýlap alan takyk, tebigy we durmuş-ynsanperwerlik bilim ugurlary boýunça okadylar. Internet ulgamyna birikdirilen mekdeplerde ylmy-barlag we döredijilik işini alyp barmak, şeýle hem okuwçylaryň zähmet derslerini özleşdirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Şeýle hem bu ýylda Arkadag şäherinde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi hem-de Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi gurlup ullanmaga berildi. Bu mekdepleriň açylmagy adamlaryň, has takygy çagalaryň medeniýeti we sungaty öwrenmek isleglerini doly kanagatlandyrar.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde 2023-nji ýylda gurlup ullanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerinde bagtyýar talyplarymyz okuwa başladylar.

Görşümiz ýaly Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli bilim syýasaty netijesinde, Türkmenistanda halkymyzyň şöhratly taryhyny, özboluşly däplerini we baý ruhy mirasyny täzeden dikeltmek hem-de düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

2023-nji ýylyň fewral aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçirildi. ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň dilleri» we «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klublary açyldy.

Ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alnyp baryldy. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy. Bu ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Ýurdymyzda dostlukly ýurtlaryň birnäçesinden wekilleriň gatnaşmagynda ýaşlar forumlary üstünlikli geçirildi. Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyna goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy iýunyndaky karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Strategiýa ýaşlar babatdaky döwlet syýasatyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge, ýaşlar syýasaty boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport hyzmatdaşlygyna we hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşlerine has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge niýetlenendir.

2023-nji ýylyň başynda ýurdymyzyň wekilçilikli edaralarynyň ulgamynda hem möhüm üýtgetmeler bolup geçdi. Ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. 26-njy martda bolsa, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi. Ýurdumyzda bolup geçen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary adyl, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň binýadynyň berkdigini, halkymyzyň watançylyk düşünjesini, her bir raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny, işjeň durmuş ýörelgesini dünýä ýüzüne aýdyň görkezmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmeginde taryhy waka boldy. Şonuň bilen birlikde saýlawlar ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň yzygiderli ösdürilýändigini, saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, saýlawlaryň dünýa we milli demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigini açyp görkezdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hukuk ulgamynyň has-da pugtalandyrylmagy, sazlaşykly hereket etmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 5 sany maslahatlary geçirilip, olaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy, Mejlisiň kararlarynyň 51-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda Konstitusion kanunlaryň 3-si, şeýle hem «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Arkadag şäheri hakynda», «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de halkara konwensiýalara goşulmak we Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlar bar. Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan birnäçe kanunlaryň taslamalaryny, hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirildi.

Jemgyýetimizi ösdürmegiň maksatlaryny, häzirki döwrüň talaplaryny goldanyp, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri amala aşyrmak işleri hem alnyp baryldy. Muňa onlarça özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde edilen köpugurly işler şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän köptaraplaýyn maksatnamalar, şeýle hem ýurtda bolup geçen taryhy özgerişler her bir adamyň we umuman jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilendir. Bu sepgitlere ýetmekde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy », «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», şeýle hem «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ýaly resminamalaryň durmuşa geçirilmegi ýardam edýär. Bu resminamalar garaşsyz döwletiň ýakyn we uzak ýyllarda ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär, ýurdymyzda her bir adamyň abadan durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilen ägirt uly özgertmeleri we taslamalary göz öňünde tutýar.

Jemgyýetiň saglygyny hemme zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň hereket edýändigini hem hökman bellemelidiris. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama», 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýany görkezmek bolar.

Şu ýerde ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen, geçen 2023-nji ýylda, «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanandygyny belläp geçmelidiris.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy maksady, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi, olaryň ýokary ýaşaýyş durmuş şertlerini üpjün etmek bolup durýar. Raýatlaryň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny giňden amala aşyrmakda köp ugurly işler alnyp barylýar. Döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmak boýunça işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdymyzda Hormatly Prezidentimiziň degişli kararlary bilen tassyklanan adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna gönükdirilen onlarça Milli Maksatnamalardyr, Meýilnamalarda göz öňünde tutulan çäreler durmuşa geçirilýär. Bu resminamalaryň ählisi BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň maslahatlaryny ýerine ýetirmegi, şeýle hem DÖM-iň görkezijilerini gazanmagy iş ýüzünde amala aşyrmagy hem göz öňünde tutýar.

Hasabat ýylynda adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyň çäginde bolup geçen möhüm wakalar barada aýdamyzda, Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde «Dialog-parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty we Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynyň 75 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tegelek stol maslahaty gecirildi.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, hemişe giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen, şeýle hem ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň çäklerinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni», şeýle hem Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny», «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Şeýle-de geçen ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlygynyň netijesinde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna, onuň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üsti «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly hödürnamalar bilen ýetirildi. Şeýle hem guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi dünýä medeniýetine uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk däpleriniň mundan beýläk-de ilerledilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Şeýle-de geçen ýylda amala aşyrylan esasy işleriň biri hökmünde Türkmenistanyň halkara guramalary bilen adam hukuklaryny goramak ugrundaky hyzmatdaşlygyny belläp geçmelidiris. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň 2 sany mejlisleri geçirildi. Bu mejlislerde adam hukuklary we ynsanperwer hukuklar babatda halkara ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäginde alnyp barylýan işler barada aýdylanda, Adalatçynyň diwanynyň ynsanperwer ugurda abraýly halkara we döwletara guramalary, şeýle hem daşary ýurtlaryň milli adam hukuklary institutlary bilen hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigini bellemek gerek. Bu işler barada Maglumatyň degişli has takygy has takygy Halkara hyzmatdaşlygy babynda giňişleýin görkezilýär.

Şeýle hem, ýyllyk iş Meýilnamasyna laýyklykda, Adalatçynyň diwany her bir adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny goramak, diwanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak babatda anyk işleri alyp bardy. Adalatçynyň diwany tarapyndan alnyp barlan ol işler barada Maglumatyň aýry-aýry baplarynda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyna syn berilýän bu bapda belläp geçişimiz ýaly Maglumaty berilýän ýylda hem ýurtda alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasatyň netijesinde adam hukuklaryny goramak ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirildi. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň hemişelik ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

 

II bap. Raýat we syýasy hukuklar


Maglumatymyzyň adamyň raýat we syýasy hukuklarynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanan bu babymyzda, ýurdumyzda adamyň raýat we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan möhüm işleriň üstünde durup geçeris.Bilşimiz ýaly ýurdymyz adam hukuklary babatda halkara resminamalaryň esasylaryny tassyklady. Olaryň biri hem 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda tassyklanan Raýat we syýasy hukuklar hakynda Halkara pakty hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasydyr.

Türkmenistan bu halkara resminamalara gatnaşyjy döwlet hökmünde onuň kadalaryny milli derejede berjaý etmek bilen, özüniň goşulşan halkara resminamalarynyň kadalaryna ygrarlylygyny görkezip gelýär. Agzalan Paktyň esasy düzgünleri hem milli kanunçylygymyza ornaşdyrylandyr. Bu işler geçen 2023-nji ýylda hem dowam etdirilip, adamyň beýleki hukuklary bilen birlikde raýat we syýasy hukuklaryny hem göz öňünde tutýan kadalary özünde jemleýän kanunlaryň kämilleşdirilenleri we kabul edilenleri boldy. Has takygy, «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», hem-de halkara konwensiýalara goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, şeýle hem Türkmenistanyň hereket edýän «Kazyýet hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda», Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Gümrük, Saýlaw kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip döwrüň talabyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirildi.

Raýat we syýasy hukuklar ösen jemgyýetiň aýrylmaz alamaty bolup durýar. Hukugyň bu derejesiniň esasy gymmatlygy onuň raýatyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin zerur şertleri döretmegi bolup durýar. Adam hukuklary babatyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy düzgünleri, adamynyň beýleki hukuklary bilen bir hatarda raýat we syýasy hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen kadalary özünde jemleýär.

Raýat we syýasy hukuklar hakynda Halkara Paktynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň adamyň raýat we syýasy hukuklary babatynda milli kanunçylygy we syýasaty bu resminamanyň kadalaryna laýyk getirmek barada borçnamalar beýan edilýär we ol kadalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlylyk göz öňünde tutulýar. Olaryň durmuşa geçirilişi barada geçen ýyl ýurdymyz Köpugurly döwürleýin Syn bilen çykyş etdi. Mejlise gatnaşan 80-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan hasabat döwründe Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek we berkitmek ugrunda amala aşyrylan oňyn çäreler barada bellenilip geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurlarda işleri has-da kämilleşdirmek babatda birnäçe teklipler berildi.

Türkmenistan özüniň daşary syýasat ugrunda wajyp orny eýeleýän, durnukly ösüşiň esasy şerti we düýp meselesi bolan ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen bagly meseleleri çözmekde alyp barýan döwlet syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Bu ugurda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň karary bilen 2019-njy ýylyň ýanwarynda tassyklanyp üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» ornuny belläp geçmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler geçirilýär. Şunda BMG hem-de beýleki halkara guramalar bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan degişli çäreleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny doly we üstünlikli berjaý edýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär.

Her ýylda bolşy ýaly, şeýle ynsanperwer syýasat maglumat berilýän ýylda hem dowam etdirildi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly degişli resminamalara gol çekmegi bilen 1 müň 301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, 265 adama bolsa, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Agzalanlar ýurdumyzyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryna ygrarlylygynyň, şeýle-de ýurdymyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýörite Milli meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasydyr.

Hasabat ýylynda Adalatçynyň diwanyna raýatlyk meseleleri bilen bagly ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Adalatçynyň ýyllyk meýilnamasynda öňkiler ýaly beýleki çäreler bilen bir hatarda Adamyň raýat we syýasy hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek işleriniň hatarynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunçylyk namalarynda kepillendirilen, raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilşine, ýagny döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan erkin demokratik saýlawlary gurnamak we geçirmek bilen raýatlarymyzyň bu konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaklarynyň üpjün edilşine gözegçilik etmekdir.

Bilşimiz ýaly geçen 2023-nji ýylyň 26-njy martynda hem türkmen halky ýurdumyzda ýene bir uly jemgyýetçilik - syýasy wakanyň – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň gatnaşyjylary we şaýady boldular. Bu saýlawlar hem hemişe bolşy ýaly bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçirildi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ähli çäreler hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede öz wagtynda geçirildi. Saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän 2 müň 644 saýlaw uçastogynda ses bermek çäresi amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň ses bermekleri hem guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si açylyp, olarda ýurdumyzyň çäginden daşarda bolýan watandaşlarymyzyň müňlerçesi öz seslerini berdiler. Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän döwründe saýlawçylaryň işjeňligi syýasy-jemgyýetçilik çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyz boýunça geçirilen dört görnüşli saýlawlarda saýlawçylaryň sanawyna girizilen 3 million 496 müň 368 saýlawçydan 3 million 185 müň 935-si öz seslerini berdiler. Munuň özi Türkmenistanda ses bermek hukugyna eýe bolan raýatlaryň 91,12 göteriminiň gatnaşandygyny aňladýar.

Halkymyz tarapyndan görkezilen dürli milletleriň wekillerinden ybarat bolan halkyň saýlanan wekilleriniň bilim we hünär derejesi babatynda aýdylanda bolsa, olar döwlet edaralarynyň gullukçylary, milli ykdysadyýetimiziň senagat, bilim, ylym, medeniýet we sungat pudaklarynyň hünärmenleri, oba hojalyk işgärleridirler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan 258 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlygyna 125–si saýlanyldy. Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgärden 240-sy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001 dalaşgärden 960-sy, Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgärden 5897-si saýlanyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanan 125 adamyň 65 sanysy ýa-da 52 göterimi Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, 18 sanysy ýa-da 14,5 göterimi Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, 24 sanysy ýa-da 19 göterimi Agrar partiýadan, 18 sanysy ýa-da 14,5 göterimi raýatlaryň toparlaryndan bolmagy bu saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilendigini subut etdi. Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň 25,60 göterimi zenanlar bolup, 99 göterime golaýy ýokary bilimli raýatlardyr. Şolaryň 10 göterime golaýy ýaşy 30-a çenli, 40,80 göterimi bolsa ýaşy 40-a çenli bolan adamlardyr. Saýlawlar boýunça görkezijiler ýurtda raýatlaryň syýasy we hukuk sowatlylygyň ýokarydygyny, zenanlaryň we ýaşlaryň döwletiň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandygyny aňladýar.

Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 2855-si syn etdi. Şeýle-de, saýlawlaryň ähli tapgyrlarynda durmuşa geçirilýän çärelere syn etmäge Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan uzak möhletleýin gelen wekilçilikli toparynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we başga-da Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan baha beriş toparynyň, halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan bellenilen halkara synçylarynyň 80 -si syn etdi. Şu ýerde geçen ýylyň 24-25-nji martynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk, Bagtyýarlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplarynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Bäherden, Gökdepe, Kaka we Tejen etraplarynyň käbir saýlaw uçastoklarynda bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülen taýýarlyk işleriniň kanunalaýyklygyny gözden geçirendiklerini, adamlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň ýurdumyzda berjaý edilişine syn etmäge gatnaşandyklaryny we saýlawlary guramagy we geçirmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly degişli edaralara tekliplerini iberendiklerini bellemek gerek.

Geçen 2023-nji ýylyň dowamynda, şol sanda saýlawlar döwründe saýlaw hukuklarynyň bozulanlygy barada raýatlardan Adalatçynyň diwanyna ýüztutma gelip gowuşmady.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň wezipe borçlarynyň esasy ugurlarynyň biri hem azatlykdan mahrum edilenleriň ýa-da çäklendirilen raýatlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek bolup, onuň çäginde deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerine, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralara barmak we özbaşdak ýa-da ygtyýarly döwlet edaralary, wezipeli adamlar, döwlet gullukçylary bilen bilelikde agzalan edaralaryň işine barlag geçirmekdir.

Kanunda we ýyllyk iş meýilnamada göz öňünde tutulan şu wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, Adalatçy tarapyndan agzalan edaralarda kanunyň talaplarynyň berjaý edilşi yzygiderli gözegçilikde saklanýar.

2023-nji ýylda azatlykdan mahrum ediş çäresi ulanylanlaryň hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrlanda, diňe bir olaryň jezalaryny çekýän düzediş edaralarynda däl-de, deslapky tussag ediş ýerlerinde, saglyklaryny bejeriş ýerlerinde, ýagny Adalatçy tarapyndan TIIM-niň Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/14, MR-E/15 edaralaryna barylyp barlag geçirdi.

Elbetde MR-E/14 edarasynda barlag geçirilende, bu edarada saklanýanlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilşi, hususanda olaryň ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň berjaý edilişine, saglygyny goramak, iýmitlenmek, hak hukuklary babatda ýüz tutmak, ýakyn garyndaşlary bilen duşuşyklary geçirmek we olardan zat gecirimlerini almak ýaly hukuklarynyň berjaý edilmegi üçin zerur mümkinçilikleriň kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda döredilşiniň Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň talaplaryna laýyklykda gurnalşy barlanyldy. Barlagda bu edarada saklanylýanlar üçin niýetlenen 160 orunlyk bina 1964-nji ýylda, 150 orunlyk bina bolsa 1984-nji ýylda gurlup ulanylyp gelinýändigi anyklandy.Binalaryň könelşenligi sebäpli bu edarada saklanylýanlaryň ýatýan otaglarynyň sanitariýa we gigiýena şertleriniň TJÝÝK-niň 71-nji maddasynyň talaplaryna doly laýyk gelmeýänligi ýüze çykaryldy. Barlagyň netijesinde kanunçylygyň talaplaryny doly berjaý etmek barada TIIM-ne Adalatçynyň teklibi berildi.

MR-E/15 edarada barlag geçirilende hem, bu edarada saklanýan iş kesilenleriň saglygynyň goragyny üpjün edýän bellenilen sanitariýa-gigiýena we keselleriň ýaýramagyna garşy talaplaryň berjaý edilşi, saglyklaryny dikeltmek, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, dine uýmak, hak hukuklary babatda ýüz tutmak, ýakyn garyndaşlary bilen gysga möhletli duşuşyklary geçirmek we olardan zat gecirimlerini almak üçin zerur mümkinçilikleriň kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda döredilmeginiň ýerine ýetirilşi barlanyldy. Bu ýerde bejerişde bolýan näsag iş kesilenleriň sanyna, keselleriň görnüşine, derman üpjünçiligine seljerme geçirildi. Şeýlelikde bu edarada näsag iş kesilenler babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň talaplarynyň esasan berjaý edilýänligi anyklanyldy. Şeýle-de bolsa geçirilen barlagyň we seljermäniň netijesinde iş kesilenleriň saklanylýan hemme edaralarda olaryň saglygyny goramak, dikeltmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek işlerine gözegçiligi güýçlendirmegi talap edýänligi, şeýle-de MR-E/15 edaranyň näsag iş kesilenleriň saglygyny dikeltmek işlerini talaba laýyk alyp barmagy üçin lukmançylyk gullugynyň wezipe sanawy boýunça boş duran iş orunlarynyň doldurylmagynyň zerurlygy ýüze çykarylyp, agzalanlar babatda Adalatçynyň teklibi TIIM-ne berildi.

Barlag wagtynda Adalatçy tarapyndan bu edaralarda saklanýanlar bilen toparlarda we käbirleri bilen aýratynlykda duşuşylyp gürrüňdeşlik geçirildi. Olar bilen duşyşylanda, ýekelikde gürrüňdeşlik wagty, olaryň jenaýat işleri boýunça käbir takyklaýjy soraglary boldy we eden etmişlerine ökünmekleri, möhletinden öň şertli boşamaklyk ýaly meselelerden başga arz şikaýat gozgalmady.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, maglumat berilýän ýylda beýleki düzediş, ýöriteleşdirilen dikeldiş, deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerleri, hususanda iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň saklanylýan ýeri bolan Mary welaýatynyň Polisiýa müdirligine degişli MR-E/13, şeýle-de iş kesilen zenanlaryň saklanylýan ýeri bolan Daşoguz welaýat Polisiýa müdirligine degişli DZ-E/8 edaralary Adalatçynyň gözegçiliginde saklandy. Geçen ýylyň dowamynda ol ýerlerde saklanýanlardan Adalatçynyň diwanyna ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Maglumat berilýän ýylda Adalatçy tarapyndan Jenaýat jezalaryny ýerine ýetirýän edaralaryň işinde kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek hem-de jeza çäresini çekýänler we ondan boşap, gözegçilikde duranlar boýunça degişli edaralar tarapyndan alnyp barylýan işler içgin öwrenilende, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 31-nji martynda çykaran 11019 belgili Karary bilen döredilen, Jenaýat jezalaryny ýerine ýetirýän edaralaryň işinde kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek hem-de jeza çäresini çekýänler we ondan boşap, gözegçilikde duranlar bilen iş geçirýän gözegçilik toparlary tarapyndan geçirilen işlere hem üns berildi. Has takygy ýokarda agzalan edaralara ol toparyň barmagy we geçiren işleri barada degişli maglumat toplanmandyr. Munuň bilen baglylykda ýurdymyzda bu toparlaryň alyp baran işleri barada ýokarda görkezilen Karar bilen tassyklanan toparlaryň düzümine girýän jogapkär edaralardan Adalatçynyň diwany tarapyndan resmi taýdan maglumatlar soraldy. Geçirilen işleriň netijesinde agzalan gözegçilik toparlaryň işini güýçlendirmegiň, kämilleşdirmegiň, toparyň düzümine hem täzeden seredilmegiň zerurlygy anyklanyldy. Geçirilen barlaglaryň netijesi boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine hemde Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli teklipler berildi.

Hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýat we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly jemi 85 ýazmaça ýüztutma, 27 dilden ýüztutmalar gelip gowuşdy. Ýüztutmalar kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, olardan 6 sany ýazmaça, 1 sany dilden ýüztutmalar kanagatlandyrylan.

Ýurdumyzda raýatlaryň raýat we syýasy hukuklarynyň üpjün edilşine seljerme geçirmegiň we Adalatçynyň alyp baran işleriniň netijesinde olaryň agzalan hukuklarynyň berjaý edilşine ýardam etmek maksady bilen şulary teklip edýäris:

-Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň karary bilen 2019-njy ýylyň ýanwarynda tassyklanylan «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» tamamlanmagyna bir ýylyň galandygyny nazara alyp, şeýle hem raýatsyzlygy azaltmak we soňuna çykmak babatda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 16.9 belgili wezipesinde we #IBelong global kampaniýada beýan edilenler bilen baglanyşykly bu ugurda işleri mundan beýläk hem işjeň dowam etdirmegi;

 - raýatlaryň raýatlyk we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly ýüztutmalaryna seretmekde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bildirilýän şikaýatlaryň köpelmeginiň öňüni almak maksady bilen hukuk goraýjy we harby edaralar tarapyndan kanunçylygyň talaplaryna laýyk tertipde we möhletde netijeli seredilmegini üpjün etmek işlerini güýçlendirmegi;

 - hukuk bozulmalar, jenaýatly etmişler ýa-da gozgalan jenaýat işleri boýunça derňew hereketlerinden nägilelikleri barada raýatlaryň şikaýatlarynyň öňki ýyldaka garaňda köpelenligini göz öňünde tutup, agzalan ýüztutmalary degişli tertipde hasaba alyp, düýpli öwrenmegi, derňew işleri alnyp barlanda, derňew edaralary tarapyndan raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçiligi güýçlendirmegi;

  - düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkezleriň işgärleriniň adam hukuklary babatda halkara standartlary boýunça bilimliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, adam hukuklaryny goraýjy milli edaralar, şeýle-de halkara guramalary bilen bilelikde yzygiderli okuw maslahatlaryny geçirmekligi netijeli dowam etdirmegi;

 - düzediş edaralaryň, derňew gabawhanalaryň, ýörite dikeldiş merkezleriň işine Adalatçynyň alyp baran gözegçiliginiň netijesinde berlen teklipler boýunça anyk işleri geçirmegi, agzalan edaralaryň işlerini Türkmenistanyň jenaýat - ýerine ýetiriş kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda gurnamagy kämilleşdirmegi;

 - Türkmenistanyň Prezidentiniň adamyň we raýatyň ýurdumyzyň kanunçylygy bilen berkidilen hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek, şeýle hem jeza çäresini çekýänler we ondan boşap, gözegçilikde duranlar babatda alyp barýan ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 31-nji martynda çykaran 11019 belgili Karary bilen döredilen gözegçilik toparlaryň düzüminiň we alyp barýan işleriniň kämilleşdirilmegini.


III bap. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar


Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar bu adamlaryň bilime, saglyga, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaýyna, medeni durmuşa gatnaşmaga we ylmy ösüşüň gazananlaryndan peýdalanmaga bolan hukuklarynyň jemi bolmak bilen halkara hem-de milli adam hukuklary resminamalary bilen ykrar edilýär we goralýar. Türkmenistan ýurdumyz hem adam hukuklary hakynda halkara resminamalarynyň, şol sanda Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda Halkara Paktynyň gatnaşyjysy bolmak bilen, adamyň we raýatyň ykdysdy, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna laýyklykda degişli işleri alyp barýar.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem ýurdumyzda adamyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmeklige gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli dowam etdirildi we ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarda ýokary netijeler gazanyldy. Bu gazanylan netijeler adamynyň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryna oňyn täsirini ýetirmek bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmaga, medeniýeti ösdürmäge gönükdirilen işleriň tutuş toplumy bilen berk baglydyr.

Geçen maglumat ýylynda amala aşyrylan düýpli özgertmeler, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam etdi. Muňa geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Geçen 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,9 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy.

Geçen ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy we jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan milli ykdysadyýeti ösdürmäge, döwlete dahylsyz ulgama, kiçi we orta telekeçilige, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere, gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin ýurdumyzyň raýatlaryna berlen karzlaryň möçberi geçen ýylky bilen deňeşdirilende ep-esli artdy.

Özüniň Esasy Kanunynda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlän ýurdumyz Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň yglan eden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» baş taglymaty bilen raýatlaryň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini goraýan milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler hem yzygiderli dowam etdirilýär. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, medeni ulgamlarynyň işini kadalaşdyrmäga gönükdirilen birnäçe kanunlar kabul edildi we hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Arkadag şäheri hakynda», «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» hem-de halkara konwensiýalara goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryny, şeýle hem «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda», «Şähergurluşyk işi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda», «Kazyýet hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Bilim hakynda», «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda», Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Gümrük, Suw hem-de Maşgala kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirilendigini we «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini mysal getirmek bolar. Bu kabul edilen kanunlar we hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady, durmuş we medeni ugurlardaky özgertmeleriň we ösüşleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, adamyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Şeýle-de hasabat döwründe ýurdumyzyň ykdysady we durmuş - medeni ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça hem degişli işler alnyp baryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» PP-250 belgili Permany bilen 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak bellenildi.

Şeýle hem hasabat döwründe dürli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň tassyklanylmagy ýurdumyzy ykdysady, durmuş-medeni ugurlar boýunça mundan beýläkde ösdürmek arkaly adamlaryň we raýatlaryň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirildi. Muňa mysal hökmünde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralyndaky 426 we 427 belgili Kararlary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny hem-de ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny mysal getirmek bolar. Şeýle-de hasabat ýylynda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasy, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy, Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnama tassyklanyldy we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 28-nji martyndaky çykaran buýrugy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Hasabat ýylynda şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryna Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň durmuş ykdysady derejesini artdyrmak wezipelerini göz öňünde tutýan birnäçe maksatnamalar we meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu döwlet we milli maksatnamalaryň esasy wezipesi ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, durmuş-medeni taýdan depginli ösüşini üpjün etmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu resminamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Geçen ýylda ýurdumyzda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup ulanmaga berildi we ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 ga ýerleri hem-de Aşgabat şäheriniň 17 ga ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi.

2023-nji ýylda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň köp sanlysy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda ýokarda belläp geçen akylly şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň binasy, «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 10 sany 9 gatly, Büzmeýin etrabynda 11 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlary, Gökdepe etrabynyň Owadandepe hem-de Köpetdag geňeşliklerindäki täze, döwrebap obalar bar. Tutuş ýurdumyz boýunça orta mekdepleriň jemi 22-si, çagalar baglarynyň 16-sy gurlup ulanmaga berildi.

Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde bu işlere telekeçileriň işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.

Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş derejesini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçimek, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy kabul edildi. Bu Maksatnamanyň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ykdysadyýete uýgunlaşan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanda telekeçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 − 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen.

Ýurdumyzyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek babatynda alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde hususy pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki paýy ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzyň işewürleriniň we telekeçiligiň geriminiň giňemeginiň hem-de telekeçilik işiniň ugurlarynyň artmagynyň hasabyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany 29150 birlige ýetip, şolardan 5596 sanysy zenan telekeçiler bolup durýar. Bu bolsa telekeçileriň umumy paýynda zenan telekeçileriň 20% golaýyny tutýandygyny aňladýar we zenan telekeçileriň hem hususyýetçilige işjeň aralaşýandygyny görkezýär. 2023-nji ýylyň dowamynda bolsa, 987 sany hususyýetçi Birleşmäniň agzalygyna kabul edilip, şolardan 171 sanysy zenan telekeçiler bolup durýar.Geçen 2023-nji ýylda Birleşmäniň agzalary tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň jemi 38 39 919 000 manat bolup, 2022-nji ýylyň jemi bilen deňeşdirilende 107,8% ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 13-nji martyndaky çykaran PB-291 belgili buýrugyna laýyklykda, geçen hasabat ýylynda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik desgalaryň sanawynda göz öňünde tutulan 44 sany binanyň we desganyň 40 sanysynda Birleşmäniň agzalary potratçy bolup gatnaşdy. 2023-nji ýylda Birleşmäniň agzalarynyň buýurmagynda we potratçylyk etmeginde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 1206 sanysy gurlup ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda 1065 sany ýaşaýyş jaýy, 8 sany saglyk edarasy, 17 sany orta mekdep, 6 sany çagalar bagy, 3 sany atçylyk sport toplumy, 1 sany serhet birikmesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň edara binasy, Balkanabat şäherinde Adalat bölüminiň edara binasy, Lebap welaýatynda Gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän kärhanalar we beýleki desgalar bar.Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde Birleşmäniň agzalarynyň potratçylyk etmeginde binalaryň we desgalaryň 337 sanysy, şol sanda Birleşmäniň buýurmagynda 134 sany bina we desga gurlup ulanmaga berildi.

Geçen 2023-nji ýylda ýurdumyzyň hususy pudagy we döwlet gurluşyk edaralary tarapyndan köp sanly ýaşaýyş, durmuş, medeni maksatly desgalaryň işe girizilendigine garamazdan, Adalatçynyň diwany tarapyndan kabul edilen arzalaryň köpüsi ýaşaýyş jaý meselesi bilen baglanyşykly bolup durýar. Has takygy hasabat berilýän ýylda şeýle mazmundaky jemi 126 sany ýüztutma gelip gowşan bolsa, olardan 90-sanysy ýazmaça ýüztutmalar, 36-sanysy ýa-da dilden ýüztutma bolup durýar. Ýüztutmalar boýunça geçirilen işleriň netijesinde ýüz tutan raýatlara Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda, jogaplar berilýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olara ýardam bermek boýunça işler has ýokary derejede amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýaşlara uly umyt bildirýändigini, maglumat berilýän ýylymyzyň şygaryndan, şeýle-de 2023-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi tarapyndan Adam hukuklary hakynda Ahliumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejedäki çärede «Adam hukuklary 75» kampaniýanyň çäklerinde ýurdumyzyň öz üstüne alýan borçnamalarynyň hatarynda ýaşlar syýasatyny güýçlendirmek ýaly ugruň bolmagy hem şaýatlyk edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Bu çäreleriň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlary sylaglanyldy. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň zähmetine mynasyp baha berildi. Ösüp gelýän nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga bagyşlanan dürli görnüşdäki çäreler, basleşikler we maslahatlar yzygiderli geçirildi. Hasabat berilýän ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen ýaşlaryň bu maslahatynda ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda göreldeli zähmet çekip, üstünlik gazanan ýaşlarymyza döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy ýaşlaryň zähmetine, olaryň ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.

Ýaşlaryň ylyma bilime bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi babatynda hem geçen 2023-nji ýylda kesgitli işler alnyp baryldy.Bu pudagyň maddy - enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, häzirki zaman okuw jaýlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylan işler bellärliklidir. Hususan-da Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy. Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi.

Şeýle hem hasabat ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal welaýatynda jemi 5 sany orta mekdep, 2 sany çagalar baglary, Balkan welaýatynda 1 sany orta mekdep, Lebap welaýatynda 8 sany orta mekdep 1 çagalar bagy, Mary welaýatynda 2 sany orta mekdep, 1 sany çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Bilim ulgamynda Adam hukuklary babatda bilim bermek meselesi hem möhüm wezipe bolup durýar. Öňki maglumatymyzda belleýşimiz ýaly ol wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça bilim meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça ýörüte Iş topary döredilipdi. Adalatçynyň Diwanynyň wekili hem Iş toparyň agzasy bolup durýar. Agzalan topar geçen maglumat ýylynda hem öz işini dowam etdirdi. Ýagny halkara bilermeniň gatnaşmagynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça okuw sapagyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça iş topary bilen bilelikde döwlet gullukçylary üçin işlenilip taýýarlanylan «Gender meselelerine hemmetaraplaýyn seretmek» atly ýörite okuw sapagy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Çäräniň maksady, iş toparynyň agzalary bilen bilelikde döwlet gullukçylary üçin işlenip düzülen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça okuw sapagynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Geçen ýylyň dowamynda adamyň bilime bolan hukugy bilen baglanşykly meseleler boýunça Adalatçynyň diwanyna jemi 8 sany ýüztutma gelip gowşup, olardan 6 sanysy ýazmaça, 2 sanysy dilden ýüztutma boldy. Bu ýüztutmalara Adalatçynyň diwany tarapyndan Kanunyň talaplaryna laýyklykda jogaplar berilip, olardan 1 sanysy kanagatlandyryldy.

Adam üçin iň möhüm zat onuň saglygydyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumy kabul edildi. Olar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylda «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi.

Maglumat ýylynda bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdeleri goýberilip, Saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdeleri gönükdirildi.

Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirildi. Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan türkmen işewürleri dermanhana ulgamynyň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýarlar. 2023-nji ýylda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde we Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde täze hususy dermanhanalar açyldy.

Türkmen hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin Ýewropanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmançylyk merkezlerine yzygiderli iberildi.

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen ol ýerde saglyk ulgamyna degişli birnäçe desgalar hem ulanmaga berildi. Geljegiň şäheriniň durmuş infrastrukturasynyň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi hem bar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer ugurly döwlet syýasatyň netijesinde goldawa mätäç raýatlar babatynda hem uly işler alnyp barylýar. Maglumat ýylyň 29-njy iýunynda açylyp ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem bar. Bu merkezde bejergi üçin ýüz tutan 274 çagadan 212 çaga toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi.

Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdyldy. Bu ýerde ornaşdyrylan, Şweýsariýada öndürilen «Lokomat Pro 6 PE» enjamy ýörite sagaldyş-dikeldiş maksatly toplum bolup, ol ysmaz keselli çagalarda we beýleki daýanç-hereket ediş ulgamynyň nogsanlyklarynda ýöremek endigini öwretmäge hem-de gaýtadan dikeltmäge niýetlenendir.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzda dürli sebäplere görä ene-atasyny ýitiren we aýratyn durmuş goldawa mätäç ýaş raýatlara ideg etmek, idege mätäç çagalara kömek bermek işler alnyp barylýar. Bu gazna çagalaryň bejergisini maliýeleşdirmek, saglyklaryny dikeltmek we durmuşa doly dolanmaklaryny gazanmak, çagalar hassahanalaryny döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak arkaly türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde aýratyn orna eýe bolýar. Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alyp barýan işleriniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Maglumat ýylynda gaznanyň sahawatly işleriniň ençemesi amala aşyryldy, döwletimiziň, şeýle hem gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri alnyp baryldy. Mundan başga-da, 47 sany çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilip, 54 sany çaga saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary gowşuryldy, mekdep-internatlar we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün edildi. Ýokarda beýan edilenler maglumat ýylynda ýurdymyzda adamyň we raýatyň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň üpjün edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen ýylyň dowamynda saglygy goramak ulgamynyň meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 13 sany ýüztutma gelip gowuşdy we şolardan 8 sanysy ýazmaça ýüztutmalar bolup, bu mazmundaky ýüztutmalaryň 2,05%, 5 sanysy bolsa, dilden ýüztutmalar bolup, 3,07% tutdy. Gelip gowşan ýüztutmalara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi we degişli jogaplar berildi, olardan 2 ýüztutma kanagatlandyryldy.

Durmuş üpjünçiligi barada aýdamyzda bolsa, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň 2020-2022-nji ýyllar üçin «Ýerli derejedäki inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde edilen işleriň 2023-nji ýylda hem netijeli işler dowam etdirilendigini bellemek gerek. Synag görnüşinde kabul edilen 45 işgär ilatyň kömege mätäç toparlaryna durmuş hyzmatlaryny etmek boýunça işlerini dowam etdirdiler. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyň çäklerinde şeýle täze ugruň kemala gelmegi ýurdumyzyň durmuş goraglylyk ulgamynyň barha kämilleşýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär, häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny edinmäge ýardam etmek çäreleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän ýokarlandyrylan karzlary alýanlaryň sany maglumat ýylynda barha artdy.

Zenanlary hemmetaraplaýyn goldamak meseleleri döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol sebäpli ýurdumyzda zenanlary durmuş taýdan goldamak babatynda hem uly işler amala aşyrylýar. Maglumat berilýän ýylda Halkara zenanlar gününiň baýramy bellenilýän günlerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlarynyň gowşyrylmagy, köp çagaly eneleriň birnäçesine täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurmagy aýdylanlaryň subutnamalarynyň biridir.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda Adalatçy hem öz wezipe ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak maksady bilen, durmuş goraglylygyna mätäç bolan adamlaryň hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň çäginde ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup çagalar bilen işleýän döwlet edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri bilen ýurdumyzyň Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda okuw maslahatlaryny geçirdi. Geçirilen okuw maslahatlarynyň dowamynda çagalar babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, çagalaryň hukuklaryny we iň gowy bähbitlerini üpjün etmekde iş ýüzünde duş gelýän meseleler ara-alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle okuw maslahatlary bir tarapdan çagalar bilen işleýän edaralaryň wekilleriniň çagalaryň hukuklary babatdaky habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etse, beýleki bir tarapdan Adalatçynyň diwany bilen ýerli edaralaryň arasynda göni aragatnaşygyň ýola goýulmagyna, ýerlerde duş gelýän meseleleri ara-alyp maslahatlaşmaga we dogry çözgüdini tapmaga ýardam berýär.

Geçen hasabat ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlardan durmuş üpjünçiligi meselesine degişli 5 sany ýazmaça ýüztutma gelip gowuşdy we bu diwana gelip gowşan ýüztutmalaryň umumy möçberinden 1,3 göterimini düzýär. Gelip gowşan 5 sany arzalar boýunça Kanun esasynda degişli netije çykarylyp, olardan 1 sanysy kanagatlandyryldy.

Adalatçynyň diwanynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň çäklerinde raýatlarymyzyň zähmet hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylan işlere geçirilen seljermeler aşakdakylary aýtmaga mümkinçilik berýär. Geçen hasabat ýylynda bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň açylmagynyň, şeýle hem täze zawodlaryň we fabrikleriň ulanyşa goýberilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ilaty üçin müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegine getirdi. Geçen ýylda Adalatçynyň diwany tarapyndan yzygiderli gözegçiligiň netijesinde takyklanan maglumatlara görä geçen 2023-nji ýylyň dowamynda zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan 24 964 sany iş gözleýänleriň bellige alnandygy we şolardan 16 393 sanysynyň ýagny 65 % den gowragynyň işe ýerleşdirilendigi, şolardan 9 924 sanysynyň erkeklerdigini, 6 469 sanysynyň bolsa, aýallardygy anyklanyldy. Şeýle hem durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän we zähmet bazarynda deň şertlerde bäsleşige ukypsyz raýatlary işe ýerleşdirmek üçin iş berijilere paýy bellemegiň tertibi hakynda Düzgünnama laýyklykda, ýerli häkimliklerde döredilen toparlar tarapyndan durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän we zähmet bazarynda deň şertlerde bäsleşige ukypsyz raýatlaryň 1848-siniň, şol sanda 89 sany maýyplygy bolan adamlaryň işe ýerleşdirilendigi mälim boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli namalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalara we Meýilnamalara laýyklykda, diňe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan 2023-nji ýylda amala aşyrylan 29 sany taslamanyň hasabyna 1164 sany täze iş orunlary döredildi.

Emma muňa garamazdan, geçen 2023-nji ýylyň dowamynda raýatlaryň zähmet meselesi bilen baglanyşykly Adalatçynyň diwanyna jemi 42 sany ýüztutma gelip gowşup olaryň aglaba bölegi işe ýerleşmek bilen baglanyşykly ýüztutmalardyr. Bu ýüztutmalaryň 24-sanysy ýazmaça ýüztutmalar bolup, Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýüztutmalaryň 6,15%, 18-sanysy bolsa, dilden ýüztutmalar bolup, umumy sanyň 11% düzdi. Gelip gowşan ýüztutmalar boýunça Kanun esasynda degişli jogaplar berildi we 1 sany ýüztutma kanagatlandyryldy.

Her bir adamyň döwletiň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş –ykdysady durmuşy bilen birlikde medeni durmuşyna gatnaşmaga, medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna hukugy bardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda döwlet beýleki ugurlar bilen bir hatarda medeniýetiň ösmegine hem ýardam edýär.

Ýurdumyzyň medeni syýasaty bilim, mahabat we beýleki çäreleri, şol sanda halkara derejesindäki çäreleri guramak arkaly amala aşyrylýar. 2023-nji ýylda medeniýet ulgamynda bolup geçen wakalar milli medeniýetiň barha ösýändigine şaýatlyk etdi. Maglumat ýylynda ýurdumyzda hem onuň çäklerinden daşarda milli baýramlarymyza bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreler, baýramçylyk konsertleri, döredijilik sergileri, teatr oýunlary, sahnalaşdyrylan çykyşlar, «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly geçirildi.

Mundan başga-da geçen maglumat ýylynda medeniýet ulgamynyň hem hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy boýunça degişli işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen, «Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Syýahatçylyk hakynda», «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem 2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna döwrebap özgertmeler girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylyň 3-nj fewralynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» adyny bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, milli medeniýet ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy dowam etdirilip, milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň düýpli öwrenilmegi, olaryň halkara derejesinde açyk görkezilmegi boýunça yzygiderli işler alnyp baryldy.

«Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, teatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, medeniýet öýleriniň, taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur işler geçirildi.

2022-nji ýylda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» möhüm ähmiýet berilýär. Bu maksatnama milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ylmy esasda rejelemäge, halkyň ruhy dünýäsinde we medeni durmuş ýörelgelerinde saklanyp galan medeni miras ugurlarynyň ösüşine degişli möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegine, ylmy barlaglary utgaşdyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary aň-düşünjeli, döwrümiziň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Maglumat ýylynda, täze taryhy döwür üçin uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde zehinli ýaşlara aýratyn ähmiýet berildi, olaryň hünärleriniň, şeýle hem sungatyň dürli görnüşleriniň ösmegine we milli mirasyň dünýä ýüzünde ýaýramagyna uly üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän hem-de döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösüşine, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna, ýaşlary milli medeniýetiň genji-hazynasyna giňden çekmäge ýardam edýän «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda ýaş höwesjeň aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşigi, körpe zehinleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-sazly bäsleşigi we beýlekiler geçirildi. Aýdymçy-sazandalaryň arasyndaky bu bäsleşikler olar üçin sungat älemine ýol açýan hakyky mekdep bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, režissýorlaryň arasynda hem dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen ýylda-da ýurdumyzda milli we halkara baýramçylyklar giňden geçirildi.

Asylly däbe görä, her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyz üçin taryhy waka öwrüldi. Şol gün «Arkadag» gazetiniň ilkinji sany çapdan çykyp, «Arkadag» teleýaýlym öz gepleşiklerini ýaýlyma berip başlady. Täze şäherde ýerleşýän Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda diňe bir türkmen aýdymçylary däl-de, türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň bilelikdäki konsertiniň geçirilmegi ýurdymyzda ýaşaýan beýleki milletleriň wekilleriniň medeni dynç alyşa bolan hukuklaryny amala aşyrmaga mümkinçilikleriň döredilýänliginiň şaýadydyr.

Geçen ýyl medeni ulgamda halkara gatnaşyklaryna şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, has takygy onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berildi. 2023-nji ýylyň fewral aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy geçirildi. ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň dilleri» we «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klublary açyldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üsti «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly hödürnamalar bilen ýetirildi. Şeýle hem guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň geçen ýylyň maý aýynda geçirilen 216-njy mejlisinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle-de mejlisde 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO agza döwletleriň şanly seneleriniň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldamagynda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.

Umumy taryhy geçmişi we ruhy gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda dost-doganlygy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýän Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen türki halklaryň maddy hem-de medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, ösdürmekde, geljek nesillere ýetirmekde oňyn dialogyň kemala getirilendigini bellemek möhümdir. 2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda bu guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, 2024-nji ýylda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Her ýylda geçirilýän medeni çäreler umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu döredijilik çäreleri parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly mizemez gymmatlyklary aýdyň şöhlelendirip, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi beriji güýç hökmünde çykyş edýär.

Şeýlelikde, geçen ýylyň medeni durmuşyndaky wakalar ýurdumyzyň diňe bir ykdysady kuwwaty bilen däl-de, eýsem, milli medeniýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirilen ägirt uly işler bilen dünýä ykrarnamasyna eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi. Beýan edilenler türkmen halky bilen bir hatarda ýurdymyzda ýaşaýan beýleki milletiň wekilleriniň hem medeniýete we sungata bolan ukyplaryny açyp görkezmäge, şeýle hem medeni dynç alyşa bolan hukuklaryny amala aşyrmaga bolan mümkinçilikleriniň döredilýänligini hem subut edýär.

Geçen 2023-nji ýylda Adalatçynyň diwanyna medeni hukuklaryň bozulanlygy barada ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Maglumatymyzyň raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryna bagyşlanan bölümini jemlemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistanda her bir raýatyň mynasyp we ýokary ýaşaýyş durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen işlerin dowam etdirilýänligini bellemelidiris. Adalatçynyň diwany tarapyndan geçirilen işleriň we seljermäniň netijesinde geljekde raýatlarynyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek maksady bilen aşakdakylaryň käbirleriniň gaýtalanma bolýanlygyna garamazdan teklip edýäris:

- ýaşaýyş jaýlaryň nobatlylygy, paýlanmagy bilen bagly nägilelik bildirilýän, şol sanda ilatyň aýratyn kömege mätäç toparyna girýän raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmekde kanunyň talaplarynyň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen degişli edaralarda јaý nobatlylygynyň ýöredilşini yzygiderli selјerip gözegçiligi alyp barmagy;

- raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklaryny amala aşyrmak mümkinçiliklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik müdirlikleriniň we bölümleriniň işini, esasan hem olara edara-kärhanalaryň boş iş orunlary barada berýän maglumatlarynyň hakykata laýyklygyny, iş gözlenýänleriň hatarynda duran raýatlara, şol sanda maýyplygy bolan adamlara berilýän işe ýollanmalaryň netijesini yzygiderli gözegçilikde saklamagy;

- maýyplygy bolan adamlaryň elýeterlilik mümkinçiliklerini üpjün etmek maksady bilen, köpçülikleýin ýerlerde, binalarda, ulaglarda we beýleki durmuş hyzmaty ulgamlarynda olaryň elýeterlilik mümkinçilikleriniň yzygiderli berjaý edilmegini, şeýle hem maýyplygy bolan adamlaryň we beýleki ukyplylygy çäkli bolan adamlaryň habarlylygyny artdyrmak maksady bilen, çap edilýän maglumatlaryň, eserleriň, teleýaýlymlaryň elýeterli bolmagyny, ýagny Braýl şriftiň, subtitr ýazgylaryň, surdoterjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaklaryny ýola goýmaklygy;

- raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny ýerine ýetirmek babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen, BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini öwrenmegi dowam etdirmegi.

 

 IV bap. Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme


Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilen we öz işini «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda alyp barýan Adalatçy adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär. Kanuna laýyklykda, Adalatçynyň alyp barýan işi bilen baglanşykly esasy wezipeleriniň biri Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine hem-de çözgütlerine bolan şikaýatlaryna seretmek bolup durýar. Mundan başga-da, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň bäşinji babynda, Adalatça raýatlar tarapyndan ýazylýan şikaýatlara seretmegiň tertibi, şertleri, möhletleri we şikaýatlar boýunça çözgütleri kabul etmekligiň hem-de Adalatçynyň raýatlar tarapyndan ýazylýan şikaýatlaryň barlanylmagyna ýardam edilmegi üçin iberýän ýüztutmasy, teklibi, adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek boýunça onuň kanun arkaly kesgitlenen hukuklary we borçlary baradaky kadalary göz öňünde tutulýar.

Maglmatymyzyň şu babynda Adalatçynyň ýokarda agzalan kadalara laýyklykda, 2023-nji ýylyň dowamynda alyp baran, has takygy raýatlaryň ýüztutmalary boýunça amala aşyran işleriniň seljermesiniň netijesini beýan edeliň.

Seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň önümçiligine јemi 562 sany ýüztutmalar hasaba alnyp, olaryň 399 sanysy ýazmaça görnüşli arza - şikaýatlar, 163 sanysy bolsa dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalar bolup, bu sanlar aşakda getirilýän görkeziјilerde çärýekleýin ýerleşdirildi.


 I

çärýek

 II

çärýek

 III

çärýek

 IV 

çärýek

 

Jemi

1.

Ýazmaça beýan edilen ýüztutmalar

66

91

132

110

399

2.

Dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalar 

34

42

41

46

163

 3.

Umumy ýazmaça we dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň sany

100

133

173

156

562


Ýokarda getirilen görkeziјilerden görnüşine görä, hasaba alnan ýazmaça ýüztutmalaryň sany birinji çärýekde peselen hem bolsa, ikinji, üçünјi we dördünji çärýeklerde köpeldi. Dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň sany bolsa birinji, üçünјi çärýeklerde peselip, ikinji we dördünјi çärýekde köpeldi.

Şeýlelikde, geçen 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilen-de, 2023-nјi ýylda ýazmaça görnüşinde hasaba alnan ýüztutmalaryň sany 12,07 %-im ýokarlandy. Dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalaryň sany bolsa 1,79 % -im azaldy.

Bu ýyllyk görkeziјiden ugur alyp, seljerilýän ýylda hasaba alnan ýazmaça ýüztutmalaryň geçen 2022-nji ýyla garanyňda ýokarlanmagyny, hemişeki ýaly belli bir derejede adam hukuklaryny goramak babatda, şeýle hem ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça Adalatçynyň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda alyp baran işiniň netijeleri diýip düşünýäris.Ýyllyk maglumatymyzyň şu ýerinde, ilatyň habarlylygyny we hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Adalatçynyň diwanynyň jogapkär işgärleri tarapyndan adam hukuklary boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň, şol sanda raýatlaryň ýüztutmalary we olara seretmegiň tertibini kesgitleýän kadalaryň Adalatçynyň web-saýtynda yzygiderli ýerleşdirilýändigini ýatlatmagy ýerlikli hasapladyk.

Maglumatymyzyň şu ýerinden başlap, ilki Adalatçynyň diwanyna seljerilýän ýylyň dowamynda gelen ýazmaça ýüztutmalara syn berilip geçiler we aşakdaky görkeziјilerde ýazmaça ýüztutmalara sebitler we her çärýek boýunça aýratynlykda geçirilen selјerme görkeziler.

Sebitler

I

çärýek

II

çärýek

III

çärýek

IV

çärýek

Jemi

Gelen

ýüztutma

%gatnaşygy

1.

Aşgabat

26

38

42

37

143

35,83 %

2.

Balkan

6

15

21

11

53

13,28 %

3.

Daşoguz

15

15

30

27

87

21,80 %

4.

Lebap

10

8

13

12

43

10,77 %

5.

Mary

1

10

19

10

40

10,02 %

6.

Ahal

8

5

7

13

33

8,30 %

7.

Türkmenistan

66

91

132

110

399

100 %

 

ÝÜZ TUTMALARYŇ SEBITLER BOÝUNÇA % GATNAŞYGYNDA BÖLÜNIŞI

Bu görkeziјilerden görnüşine görä, Adalatçynyň diwanyna јemi gelen ýazmaça ýüztutmalaryň umumy sanyndan köpüsi, ýagny 143 sanysy Aşgabat şäherinden gowşyp, göterim gatnaşygynda alanyňda 35,83 %-me, Balkan welaýatyndan 53 sany ýüztutma hasaba alnyp 13,28 %-me, Daşoguz welaýatyndan 87 sany ýüztutma gowşup 21,80 %-me, Lebap welaýatyndan 43 sany ýüztutma hasaba alnyp 10,77 %-me, Mary welaýatyndan 40 sany ýüztutma hasaba alnyp 10,02 %-me deň boldy we ýüztutmalaryň iň pesi Ahal welaýatyndan gowşup, şol ýüztutmalar 33 sany bolmak bilen, umumy diwanda hasaba alnan ýüztutmalaryň sanynyň 8,30 %-mini düzdi.

Agzalan Kanunyň 21-nјi maddasynda kesgitlenilişi ýaly, Adalatça ýüz tutulanda, ýüz tutýan raýatlaryň hiç bir alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär we bu kada gyşarnyksyz ýerine ýetirilýär. Şoňa görä-de, maglumatymyzyň şu ýerinde Adalatçynyň diwanyna ýylyň dowamynda ýazylan ýazmaça, şol sanda köpçülikleýin ýüztutmalar boýunça raýatlaryň sanyna çärýekleýin selјerme geçirmek bilen olaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy јynsa we millete degişlidikleri baradaky maglumatlary aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.


I

Çärýek

II

Çärýek

III

Сärýek

IV

Çärýek

Jemi


1.

Ýüztutmalaryň sany

66

91

132

110

399



2.

 Ýüz tutanlaryň sany sansanysany ssany sany sany

129

108

166

195

598


3.

Toparlaýyn  / ýüz tutanlaryň sany

9/72

4/21

13/47

10/95

36/235


Sebitler

јemi

Şol sanda

Millete degişliligi

 

aýal

 

er-kek

türkmen

rus

ukrain

azerbeýjan

mordwin

ermeni

tatar

gazak

özbek

pars

nemes

1

Aşgabat

189

104

85

139

26

3

10

3

1

1

-

5

-

1

2

Balkan

74

43

31

53

14

-

-

-

-

5

-

2

-

-

3

Daşoguz

183

82

101

129

-

-

-

-

-

-

1

53

-

-

4

Lebap

59

34

25

54

-

-

1

-

-

-

-

4

-

-

5

Mary

57

27

30

49

3

-

2

-

-

-

-

1

2

-

6

Ahal

36

25

11

33

3

-

-

-

-

-

-

-

-

-

7

Türkmenistan

598

315

283

457

46

3

13

3

1

6

1

65

2

1


Adalatçynyň diwanyna ýazmaça şikaýatlary bilen ýüz tutan raýatlaryň dürli milletleriň wekillerinden ybaratdygy ýokardaky getirilen görkeziјilerden görünýär. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatça ýüz tutýanlar ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde ýüz tutmaga hukuklydyrlar diýlip bellenilen. Şeýle ýagdaýda ýüz tutan raýata јogap döwlet dilinde we onuň bilýän diline terјime edilip berilýär.

Adalatça ýüz tutýan raýatlar özleriniň ýüztutmalarynda dürli meseleleri görkezýärler we olaryň mazmunlaryna hem selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

 

 

Meseleler

Sebitler

Jemi

Jemi gelen ýüztutmalara % gatna-şygy

Aşgabat

Balkan

Daşoguz

Lebap

Mary

Ahal

Daşary ýurt

1

Ýaşaýyş jaý hukugy

53

8

5

1

14

9

-

90

23,07 %

2

Ýazga durmak meselesi

13

2

-

-

1

-

-

16

4,1 %

3

Kazyýet kararlaryna nägilelik

18

3

6

4

5

1

-

37

9,5 %

4

Kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine nägilelik

3

5

-

2

1

2

-

13

3,33 %

5

Migrasiýa meseleleri

1

-

4

5

-

1

-

11

2,82 %

6

Zähmet hukugy

5

6

6

3

4

-

-

24

6,15 %

7

Ýer hukugy (kärende, mellek)

-

-

14

5

2

-

-

21

5,4 %

8

Bilime bolan hukuk

2

2

2

-

-

-

-

6

1,53 %

9

Hossarlyk-howandarlyk 

-

2

-

-

-

-

-

2

0,51 %

10

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik barada

11

2

7

8

7

1

-

36

9,23 %

11

Jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler barada

7

8

4

-

1

5

-

25

6,41 %

12

Günä geçmek

7

-

1

1

1

3

-

13

3,33 %

13

Durmuş üpjünçiligi

3

-

2

 

-

-

-

5

1,3 %

14

Saglygy goramaga bolan hukuk

2

-

2

2

2

-

-

8

2,05 %

15

Gaz-tok-suw meselesi 

-

-

7

1

-

-

-

8

2,05 %

16

Bank meselesi

-

-

1

-

-

-

-

1

0,25 %

17

Beýleki meseleler

16

14

25

8

2

9

-

74

18,97 %

 

Ј E M I:

141

52

86

40

40

31

-

390

100 %


Selјerilýän ýylda Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan 399 sany ýüztutmalaryň 9 sanysy raýatlaryň ilkinјi ýazan şikaýatlaryna јogap berilmänkä şol bir mesele bilen gaýtadan ýazylan şikaýatlar bolup durýar we olar öňki şikaýatlaryna birikdirilip seredilendigi sebäpli, ýokardaky görkeziјilere olaryň soňky ýazan arzalaryndaky meseleleri girizilmedi. Şeýlelikde, ýokarda görkezilen görkezijilerde her bir meseläniň göterim gatnaşygy, birikdirilen soňky arzalardaky goýlan meseleler goşulmazdan çykaryldy.

Ýokarda görkezilen görkeziјilerdäki selјermeden görnüşine görä, raýatlaryň ýazmaça ýüztutmalarynyň esasy bölegi, öňki ýyllardakysy ýaly, ýaşaýyş јaý hukugy bilen baglanyşykly bolup, olaryň sany 90 bolmak bilen göterim gatnaşygynda 23,07 %-mini düzdi we bu görkeziјi 2022-nji ýyldaka garanyňda 16 san azaldy, şol ýylda ýaşaýyş јaý hukugy bilen baglanyşykly meseleler bilen raýatlardan 106 sany ýüztutma gowuşyp ýüztutmalaryň 31 %-mini düzüpdi. Şeýlelikde, maglumatymyzyň şu ýerinde, seljerilýän ýylda ýaşaýyş jaý hukugy boýunça gelip gowşan ýüztutmalaryň diňe ýaşaýyş jaý almak däl-de olaryň 4,61 %-mi bolan 18 sanysynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowlandyrmak meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalar bolanlygyny görkezmek ýerlikli hasaplandy. Öňki ýyllarda, ýene-de bir esasy meseleleriň biri kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky ýüztutmalar bolan bolsa, selјerilýän ýylda şeýle görnüşli mesele bilen ýüz tutanlaryň sany azalyp jemi 37 sany ýüztutmalar hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 9,5 %-mini (2022-nji ýylda 42 sany ýüztutma 12,3 % ), hossarlyk-howandarlyk mesele bilen baglanyşykly 2 sany ýüztutma hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 0,51 %-mini (2022-nji ýylda 3 sany ýüztutma 0,9 % ), bank meselesi bilen bagly 1 sany ýüztutma hasaba alnyp, ýüztutmalaryň 0,25 %-mini (2022-nji ýylda 4 sany ýüztutma 1,2 %) düzdi. Şeýle hem hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bildirilen ýüztutmalaryň 36-sy hasaba alnyp 9,23 %-mini (2022-nji ýylda 34 sany ýüztutma 9,9 % ), jenaýat işleri boýunça we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly ýüztutmalaryň 25-si hasaba alnyp 6,41 %-mini (2022-nji ýylda 14 sany ýüztutma 4,1%), ýazga durmak meselesi bilen baglanyşykly 16 sany ýüztutma hasaba alnyp 4,1 %-mini (2022-nji ýylda 14 sany ýüztutma 4,1 % ), ýer hukugy bilen baglanşykly ýüztutmalaryň 21-si hasaba alnyp 5,4 %-mini (2022-nji ýylda 13 sany ýüztutma 3,8 % ), migrasiýa meseleler bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 11-si hasaba alnyp 2,82 %-mini (2022-nji ýylda 10 sany ýüztutma 2,9 % ), günä geçmek bilen bagly ýüztutmalaryň 13-si hasaba alnyp 3,33 %-mini (2022-nji ýylda 7 sany ýüztutma 2 % ), kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine nägilelik bildirlen ýüztutmalaryň 13-si hasaba alnyp 3,33 %-mini (2022-nji ýylda 6 sany ýüztutma 1,8 % ), bilime bolan hukuk bilen bagly ýüztutmalaryň 6-sy hasaba alnyp 1,53 %-mini (2022-nji ýylda 4 sany ýüztutma 1,2 % ), durmuş üpjünçiligi bilen bagly ýüztutmalaryň 5-si hasaba alnyp 1,3 % - mini (2022-nji ýylda 4 sany ýüztutma 1,2 % ), gaz, tok, suw meseleleri bilen bagly ýüztutmalaryň 8-si hasaba alnyp 2,05 %-mini (2022-nji ýylda 4 sany ýüztutma 1,2 %), saglygy goramaga bolan hukuk bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 8-si hasaba alnyp 2,05 %-mini (2022-nji ýylda 3 sany ýüztutma 0,9 % ), zähmet hukugy bilen bagly ýüztutmalaryň 24-si hasaba alnyp 6,15 %-mini (2022-nji ýylda 15 sany ýüztutma 4,4 % ) düzdi we galan beýleki meselelere degişli hasaplanan ýüztutmalaryň 74 sanysy 18,97 %-me (2022-nji ýylda 59 sany ýüztutma 17,3 % ) deň boldy.

Beýleki meseleler geçen ýyllardaky ýaly esasan hem raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägile bolup, algy-bergi, emläk, maşgala ýa-da goňşy dawalary, kanunçylygy düşündirmek, edara-guramalara ýazan arzalaryna јogap berilmeýändigi, berlen јogaplardan nägiledikleri, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi we ýaşaýyş durmuşynda ýüze çykýan beýleki dürli meseleler boldy.

Şeýle hem, ýüztutmalarda goýlan meseleler boýunça geçirilen selјermede, haýsy meseläniň esasy ýüze çykýan sebitlerine hem üns berildi, ýagny Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş jaý hukugy, şol sanda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak, ýazga durmak, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine bildiriýän nägilelikler, Balkan welaýaty boýunça jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly, Lebap welaýaty boýunça hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildiriýän nägilelikler, Mary welaýaty boýunça ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalar iň esasy meseleleriň biri bolup durýan bolsa, Daşoguz welaýatynda ýer hukugy bilen baglanşykly meseleler boldy.

Şeýle-de, geçirilen seljermede ýaşaýyş jaý hukugy, kazyýet kararlaryna bildirilen nägilelikler we bank meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň sanlarynyň hem-de göterim gatnaşyklarynyň geçen ýyldaka garanyňda seljerilýän ýylda peselendigine, galan ýüztutmalardaky goýlan meseleleriň bolsa sanlary we göterim gatnaşyklary geçen ýyl bilen deňeşdirilende, olaryň seljerilýän ýylda köpelendiginiň ýüze çykarylandygyna hem üns berildi.

Raýatlar tarapyndan berlen şikaýat diwana gowşandan soň, Adalatçy, ony önümçilige kabul etmek, kabul etmekden ýüz döndermek hakynda ýa-da arza berene öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdelerini düşündirmek hakynda çözgüt çykarýar.

Selјerilýän ýylda hem önümçilige kabul edilen şikaýatlarda gozgalýan meseleler doly öwrenilenden soň, « Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp, ygtyýarly döwlet edaralaryna, şol sanda ýerine ýetiriјi häkimiýetiň ýerli edaralaryna we wezipeli adamlara Adalatçynyň ýüztutmalary iberildi we olar boýunça geçirilen barlaglaryň netiјeleri barada alnan јogaplar bilen ylalaşylan ýagdaýynda olara esaslanyp, raýatlara јogap hatlary iberildi.

Şeýle-de selјerilýän döwürde, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna esaslanylyp, degişli edaralara maslahat beriş häsiýetindäki teklipler iberildi.

Raýatlaryň ýüztutmalarynda goýýan meselelerine baglylykda, olaryň käbirleri kanunçylyga laýyklykda degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi. Degişliligi boýunça iberilen ýüztutmalar esasan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, olaryň ýüztutmalara seretmek boýunça beren netijeleriniň esasynda јogap hatlary raýatlara gowşuryldy.

Mundan başgada, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, käbir ýüztutmalar boýunça degişli resminamalar alynyp öwrenilip, gelnen netije barada raýatlara jogap hatlary iberildi.

Barlamaga ýardam bermek soralyp iberilen, şeýle hem «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, resminamalar alynmak arkaly seredilen ýüztutmalaryň kanagatlanarly netiјe çykarylanlary hem bolup, olaryň käbirleri barada maglumatymyzyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» baradaky VIII babynda giňişleýin görkezilip geçildi.

Emma,»Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen talaplara laýyk gelmedik şikaýatlar, ýagny düýp manysy beýan edilmedik, gol çekilmedik, ýüz tutmaklyk möhleti geçirilip berlen ýa-da Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler boýunça, arza ýazan tarapyndan şikaýatyň yzyna alynmagy bilen baglanyşykly we gaýtadan ýazylan ýüztutmalar seredilmän galdyryldy.

Şikaýaty kabul etmek ýa-da kabul etmezlik barada çykarylan çözgüt we onuň esaslary hakynda arza beriјilere kanunda göz öňünde tutulan möhletde, ýagny bäş günden giјikdirilmän jogap berildi.

Aşakdaky görkeziјilerimizde Adalatçynyň diwanyna gelen ýüztutmalar boýunça gelnen netijelere sebitler boýunça aýratynlykda geçirilen selјerme ýerleşdirildi. Şeýle-de şu görkezijilerde önümçilige alnanlaryň üstüne 2022-nji ýylda seredilmän, seljerilýän ýylyň başyna galan ýüztutmalar hem goşuldy.





Sebitler

Ön-ümçilige alnanlar/geçen ýyldan galany 

Şu ýylda hasaba alnyp, seretmek üçin edaralara iberilenleri,

şol sanda

 

Ýüz tutmanyň degişliresminamalar alynmak arkaly seredilmegi

Şol

sanda

kana gatla nd

yry

lanlary


Mas

la

hat beriş jo gap lar berlenleri

Sere

dil- män gald yryl an- lary

Şol sanda

Ýylyň ahyryna galanlary


Golsuz


Gaýtadan

möhleti geçirilip ýazylan


ygtyýarlygyna girmeýän meseleler

mazmuny beýan edilmedik

Arza ýazan tarapyndan arzanyň yzyna alynmagy


Degişliligi boýunça

27-nji madda

30-njy madda


1

Aşgabat

53/2

2

47

2

2

7

40

50

10

8

2

29

-

1

4


2

Balkan

20/2

2

15

-

1

2

14

19

2

9

-

7

1

-

1


3

Doguz

29/0

1

27

-

1

5

39

19

3

2

1

13

-

-

1


4

Lebap

12/1

2

9

-

-

2

18

11

2

2

1

5

1

-

-


5

Mary

12/0

1

11

-

-

-

18

10

2

2

2

4

-

-

1


6

Ahal

7/2

2

3

-

-

1

18

8

4

1

-

3

-

-

-


7

Türkmenistan

133/7

10

112

2

4

17

147

117

23

24

6

61

2

1

7


Ýokardaky görkeziјilerden we beýan edilenlerden görnüşine görä, Adalatçynyň diwanyna seljerilýän ýylda gelip gowşan 399 sany ýüztutmalaryň 9 sanysy raýatlaryň ilkinјi ýazan şikaýatlaryna јogap berilmänkä şol bir mesele bilen gaýtadan ýazylan şikaýatlar bolanlygy we olarda goýlan meseleleriň birmeňzeşligi üçin, öňki şikaýatlaryna birikdirilip seredilendigi sebäpli, seljerilýän ýylda önümçilikde bolan ýazmaça ýüztutmalaryň üçden bir böleginden köpüsine, ýagny 147-sine ýa-da 36,84%-mi boýunça, raýatlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri düşündirilip, maslahat beriş јogap hatlary iberildi. Munuň özi hereket edýän kanunçylyklara laýyklykda, ýüz tutan raýatlara meseleleri boýunça kanuny hereketleri etmeklerine ýardam bermeklige getirjek maslahat beriş häsiýetli düşündirişler boldy. Şeýle hem, şu ýylda önümçilikde bolan ýüztutmalaryň 117 sanysy ýa-da 29,32%-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda, düýp manysy beýan edilmedik, gol çekilmedik, gaýtadan ýazylan, ýüz tutmaklyk möhleti geçirilip berlen, Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleler hem-de arza beren tarapyndan şikaýatyň yzyna alynmagy bilen baglanyşykly ýazylan arza-şikaýatlar seredilmän galdyryldy.

Mundan başa-da, öňki 2022-nji ýyldan galan 2,27%-imi bolan 7 sany, seljerilýän ýylda hem 31,57%-im bolan 126 sany, umumy 133 sany ýüztutmalar önümçilikde bolup, öňki ýyldan galan ýüztutmalaryň 7-si 2022-nji ýylda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ygtyýarly edaralara iberilenleri bolmak bilen seljerilýän ýylda olaryň ählisine seredildi we 1 ýüztutma kanagatlandyryldy. Şeýle hem şu ýyldaky önümçilige alnanlaryň 112-si ýa-da 88,88 %-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ýüztutmalarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp, ygtyýarly edaralara iberildi we iberilen ýüztutmalaryň 2-si boýunça berlen jogaplar bilen ylalaşylmandygy sebäpli, Kanunyň 30-nјy maddasy esasynda şol 2 ýüztutma boýunça maslahat beriş häsiýetindäki teklipler bilen şol öňki ygtyýarly edaralara ýüz tutuldy. Olardan başga-da 10 sany ýüztutma degişliligi boýunça iberildi. Mundan başgada, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, 4 sany ýüztutmalar ýerlerden degişli resminamalar alynmak arkaly seredildi we jemi 126 sany ýüztutmalaryň 7-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyrylyp, 119-syna seredilip, olardan 17-si ýa-da 14,28 %-mi kanagatlandyryldy.

Şeýlelikde, geçen ýyldan seredilmän galan arzalara seredilmegi netiјesinde 1 sany, selјerilýän ýylda kabul edilenlerden 17 sany, jemi 18 sany arza kanagatlandyryldy we kanagatlandyrylan ýüztutmalaryň käbirleri boýunça maglumatymyzyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» diýen babynda tanyşmaklyga mümkinçilik döredildi.

Ýokardaky görkeziјiler babatda ýyllyk hasabatymyzda sebitler boýunça hem selјerme geçirildi. Ýagny, seljerilýän ýylda Aşgabat şäheri boýunça hasaba alynan 143 sany ýüztutmalaryň 2-si birikdirilmek, ýene-de 2-si ýerlerden degişli resminamalar almak arkaly, 47-si ýa-da 33,33 %-mi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp, ygtyýarly edaralara iberilip, 2 sany ýüztutma boýunça berlen jogaplar bilen ylalaşylman, Kanunyň 30-nјy maddasy esasynda maslahat beriş häsiýetindäki teklipler öňki ygtyýarly edaralara ugradylyp, 2-si degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, seredilen ýüztutmalaryň 51-si boýunça 7 arza ýa-da 13,72 %-im kanagatlandyryldy we seredilmän ýylyň ahyryna 4 arza galdy. Balkan welaýaty boýunça hasaba alynan 53 sany ýüztutmalaryň 1-si birikdirilmek, ýene-de 1-si ýerlerden degişli resminamalar almak arkaly, 15-si ýa-da 28,84 %-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara we 2 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, seredilen ýüztutmalaryň 18-si boýunça 2 arza ýa-da 11,11%-im kanagatlandyryldy we seredilmän ýylyň ahyryna 1 arza galdy. Daşoguz welaýaty boýunça hasaba alynan 87 sany ýüztutmalaryň 1-si birikdirilmek, ýene-de 1-si ýerlerden degişli resminamalar alynmak arkaly, 27-si ýa-da 31,39 %-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara we 1 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, seredilen ýüztutmalaryň 29-sy boýunça 5 arza ýa-da 17,24 %-im kanagatlandyryldy we seredilmän ýylyň ahyryna 1 arza galdy. Lebap welaýaty boýunça hasaba alynan 43 sany ýüztutmalaryň 3-si birikdirilmek, 9-sy ýa-da 22,5 %-mi Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara we 2 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, seredilen ýüztutmalaryň 11-si boýunça 2 arza ýa-da 18,18%-im kanagatlandyryldy. Mary welaýaty boýunça hasaba alynan 40 sany ýüztutmalaryň 11-si ýa-da 27,5 %-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara we 1 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip seredildi we seredilmän ýylyň ahyryna 1 arza galdy. Ahal welaýaty boýunça hasaba alynan 33 sany ýüztutmalaryň 2-si birikdirilmek, 3-si ýa-da 9,67 %-mi Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanylyp ygtyýarly edaralara we 2 arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, seredilen ýüztutmalaryň 5-si boýunça 1 arza 20 %-im kanagatlandyryldy. Şeýlelikde, ýerlerden degişli resminamalar almak arkaly seredilen, ygtyýarly edaralara we degişliligi boýunça iberilen јemi 126 sany ýüztutmalaryň 119-syna seredilip, olaryň 17-si kanagatlandyrylyp, netiјeleri barada ýüz tutan raýatlara јogaplar berildi we ýylyň ahyryna seredilmän 7 sany ýüztutma galdy.

Gelip gowşan ýüztutmalar Adalatçynyň önümçiligine kabul edilenden soň, olarda görkezilen delilleriň barlanmagyna ýardam bermek soralyp ýa-da maslahat beriş häsiýetindäki teklip bilen, şeýle hem degişliligi boýunça ygtyýarly edaralara iberilýändigi barada ýokarda bellenilip geçildi we şol ýüztutmalaryň iberilen edaralar tarapyndan olara seredilmeginiňň netiјeleri boýunça hem selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјide ýerleşdirildi.

 

 

Edaralar

 

Iberi- leni

 

 

Şol sanda

Möh-leti bozu-lany

Ýat-lat-ma hat iber-leni

Kanagatlan-dy-ry-lany

Ýylyň soňunagalan arzalar

degişlil.

27mad.

30mad.

27m

30m

1

Т-ň Baş prokuraturasy

17

-

17

-

15

1

3

1

-

2

T-nyň Içeri işler ministrligi

9

-

9

-

7

-

3

1

-

3

T-nyň Ýokary kazyýeti

10

10

-

-

-

-

-

-

-

4

T-nyň Goranmak ministrligi

6

-

6

-

3

-

-

-

-

5

T-nyň Döwlet Migrasiýa gullugy

2

-

2

-

-

-

1

-

-

6

T-nyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi

2

-

2

-

2

-

-

-

-

7

T-nyň Bilim ministrligi

6

-

6

-

4

-

1

1

-

8

Т-nyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

4

-

4

-

3

-

1

-

-

9

T-nyň Adalat ministrligi

1

-

1

-

-

-

1

-

-

10

"Türkmendemirýollary"Agentligi

1

-

1

-

1

-

-

-

-

11

T-nyň 

Energetika ministrligi 

1

-

1

-

-

-

-

-

-

12

T-nyň Dokma senagat ministrligi

1

-

1

-

-

-

-

-

-

13

T-nyň Malie we ykdysadyýet ministrligi

1

-

1

-

1

-

-

-

-

14

Türkmentelekom EAK-sy  

1

-

1

-

-

-

-

-

-

15

T-nyň ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag wekommunikasiýalar agentliginiň "Türkmenaragatnaşyk" agentligi

1

-

1

-

1

-

-

-

-

16

Aşgabat şäher häkimligi

27

-

25

2

18

-

3

3

2

17

Balkan welaýat häkimligi 

6

-

6

-

5

1

2

-

-

18

Daşoguz welaýat häkimligi

13

-

13

-

13

-

1

-

-

19

Lebap welaýat häkimligi

4

-

4

-

3

-

1

-

-

20

Mary welaýat häkimligi

9

-

9

-

7

1

-

1

-

21

Ahal welaýat häkimligi

2

-

2

-

2

-

-

-

-


Ј E M I:

124

10

112

2

 85

3

17

7

2

Ýokardaky getirilen görkeziјiden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna ýazmaça gelip gowşan ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilenlerinden 112-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi, şolaryň ýene-de 2-si agzalan Kanunyň 30-nјy maddalaryna esaslanylyp, Adalatçy tarapyndan olara seretmekligiň möhletleri görkezilip, ygtyýarly edaralara ýollanyldy. Şeýle hem önümçilige kabul edilen ýüztutmalaryň 10-sy degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberildi.

Şeýlelikde, ýokarda görkezilen 112 sany ýüztutmalaryň 7-si seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy. Degişliligi boýunça seretmeklik üçin iberilen 10 sany ýüztutmalar boýunça öz wagtynda јogap hatlary alynyp, raýatlara degişli јogaplar iberildi. Şeýle-de seretmeklige ýardam bermek soralyp hem-de teklip bilen ygtyýarly edaralara iberilen 105 sany ýüztutmalaryň 85-si ýa-da 81 %-mi boýunça јogaplar bellenilen möhletden giјikdirilip berildi. Јogaplary giјikdirilip berlen ýüztutmalara geçirilen selјermede, ýagny Aşgabat şäher häkimligine iberilen 27 sany arzalaryň 18-sine möhlet geçirilip jogap berlendigi, 3 arzanyň kanagatlandyrylandygy, 3 arzanyň ýylyň ahyryna galdyrylandygy, Balkan welaýat häkimligine iberilen 6 sany arzalaryň 5-sine möhlet geçirilip jogap berlendigi, olaryň 1-si boýunça ýatlama haty iberilip, 2 arzanyň kanagatlandyrylandygy, Daşoguz welaýat häkimligine iberilen 13 sany arzalaryň 13-sinede möhlet geçirilip jogap berlip, 1 arzanyň kanagatlandyrylandygy, Lebap welaýat häkimligine iberilen 4 sany arzalaryň 3-sine möhlet geçirilip jogap berlip, 1 arzanyň kanagatlandyrylandygy, Mary welaýat häkimligine iberilen 9 sany arzalaryň 7-sine möhlet geçirilip jogap berlip, olaryň 1-si boýunça ýatlama haty iberilip, 1 arzanyň ýylyň ahyryna galdyrylandygy, Ahal welaýat häkimligine iberilen 2 sany arzalaryň 2-sinede möhlet geçirilip jogap berlendigi, Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk agentligine» iberilen 1 sany arzanyň möhletiniň geçirilip jogap berlendigi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine iberilen 1 sany arza möhlet geçirilip jogap berlendigi, «Türkmendemirýollar» agentligine iberilen 1 sany arza möhlet geçirilip jogap berlendigi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine iberilen 4 sany arzalaryň 3-sine möhlet geçirilip jogap berlip, 1 arzanyň kanagatlandyrylandygy, Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberilen 6 sany arzalaryň 4-sine möhleti geçirilip jogap berlip, 1 arzanyň kanagatlandyrylyp, 1 arzanyň ýylyň ahyryna galdyrylandygy, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine iberilen 2 sany arzalaryň 2-sinede möhlet geçirilip jogap berlendigi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine iberilen 6 sany arzalaryň 3-sine möhlet geçirilip jogap berlendigi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine iberilen 9 sany arzalaryň 7-sine möhlet geçirilip jogap berlip, 3 arzanyň kanagatlandyrylyp, 1 arzanyň ýylyň ahyryna galdyrylandygy, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberilen 17 sany arzalaryň 15-sine möhlet geçirilip jogap berlendigi, olaryň 1-si boýunça ýatlama haty iberilip, 3 arzanyň kanagatlandyrylyp, 1 arzanyň ýylyň ahyryna galdyrylandygy anyklandy.

Şeýle hem ýokadaky beýan edilenler seljerilip görlende möhletleri geçirlip, jogaplary gijikdirilip berlen käbir ýüztutmalarda, esasanda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberilen arzalarda goýlan meseleleri anyklamak boýunça goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerur bolup, wagt talap edenligi sebäpli, olaryň möhletleriniň esasly geçirilendiginiň ýüze çykarylandygyna hem üns berildi.

Şeýlelikde, jogaplary gijikdirilip berlen şikaýatlara geçirilen seljermeden, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan ýüztutmalara јogapkärçiliksiz garalmagy sebäpli, raýatlaryň ýüztutmalaryna möhletinden giјikdirilip seredilmegine eltip, netijede olaryň ýüztutmalara seredilmegiň möhletini ýeke bir özleri däl-de, Adalatçy tarapyndan bozulmagyna hem getirip, raýatlaryň gaýtadan Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmaklaryna getiren ýagdaýlaryda boldy.

Şol sebäpli hem öz möhletinde јogap berilmeýän şikaýatlar boýunça käbir ýagdaýlarda degişli ýolbaşçylaryň ünsleri çekilip ýatlatma hatlary hem ugradyldy.

Selјerilýän ýylyň dowamynda raýatlaryň Adalatçynyň diwanyna gelip, dil üsti bilen beýan eden 163 sany ýüztutmasy hasaba alyndy we olar boýunça hem ýurdumyzyň sebitleri boýunça aýratynlykda selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.


Sebitler

I

çärýek

II

çärýek

III

çärýek

IV

çärýek

Jemi

Umumy

gelenlere

% gatnaşygy


1.


Aşgabat

13

16

13

26

68

41,71 %

2.

Balkan

6

8

2

5

21

12,88 %

3.

Daşoguz

5

5

5

2

17

10,42 %

4.

Lebap

6

4

5

5

20

12,30 %

5.

Mary

2

3

12

5

22

13,49 %

6.

Ahal

2

6

4

3

15

9,20 %

7.

Türkmenistan

34

42

41

46

163

100 %

Ýokardaky getirilen görkeziјilere görä öňki ýyllarda bolşy ýaly, dilden ýüztutmalaryň esasy bölegi, ýagny 68-sanysy - 41,71 %-mi Aşgabat şäherinden bolup, olaryň köp sanlylygynyň sebäpleriniň biri, Adalatçynyň diwanynyň Aşgabat şäherinde ýerleşmegi we onuň raýatlar üçin elýeterli bolmagydyr.

Maglumatymyzyň şu ýerinde ýylyň dowamynda dilden ýüztutmalar babatda çärýekleýin we ýüz tutan raýatlaryň sany boýunça hem selјerme geçirildi.


I

Çärýek

II

Çärýek

III

Сärýek

IV

Çärýek

Jemi


1.

Ýüztutmalaryň sany

34

42

41

46

163



2.

Ýüz tutanlaryň sany

39

46

50

54

189


3.

Toparlaýyn / ýüz tutanlaryň sany

4/9

3/7

9/18

6/14

22/48


Selјermeden görnüşine görä, seljerilýän ýylyň dowamynda dil üsti bilen kabul edilen 163 sany ýüztutmalar boýunça jemi 189 sany raýat ýüz tutup, olaryň 48 sanysy köpçülikleýin ýüz tutan raýatlar boldy. Şeýle-de ýüz tutan raýatlaryň јyns we millete degişliligi boýunça hem selјerme geçirildi. Şeýlelikde, ýüz tutan raýatlaryň 116-si aýal we 78-si erkek adamlar bolmak bilen, olar dürli milletiň wekilleri bolup, olardan türkmen – 149, rus – 16, gazak – 1, äzerbeýjan – 6, ermeni – 4, özbek –11, pars – 1, lezgin – 1 adam bolup, umuman göterim hasabynda alanyňda, beýleki milletleriň wekilleriniň göterim gatnaşygy ýüztutmalaryň 21,17 %-mini düzdi.

Ýüz tutan raýatlaryň milletine ýa-da beýleki alamatlaryna görä selјermäniň netijeleri, olaryň ählisiniň öz hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin deň mümkinçilikleriň döredilýänligiň alamatlary bolup durýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, raýatlaryň ýazmaça beren ýüztutmalaryna jogaplaryň özleriniň ýüz tutan dilinde ýa-da bilýän dilinde terјime edilip berlişi ýaly, dilden ýüz tutup gelýän raýatlar bilen hem gürrüňdeşlik özleriniň bilýän dillerinde geçirilip, degişli maslahatlar we düşündirişler berilýär. Öňki ýyllarda, şeýle hem selјerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan ýazmaça ýa-da dilden berlen јogaplaryň mazmunlaryna düşünmeýändikleri barada meseläniň ýüze çykmandygy hem bellärliklidir.

Ýylyň dowamynda hasaba alnan dilden ýüztutmalaryň meseleleri, şeýle hem dilden ýüztutmalaryň meseleleriniň sebitlere degişliligi boýunçada selјerme geçirilip, aşakdaky görkeziјilerde ýerleşdirildi.

 

 

Meseleler

 

Jemi

Umumy ýüztutmalara % gatnaşygy



1

Ýaşaýyş jaý hukugy

36

22,09 %

2

Kazyýet kararlaryna nägilelik

28

17,18 %

3

Kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine nägilelik

1

0,61 %

4

Migrasiýa meseleleri

8

4,91 %

5

Zähmet hukugy

18

11 %

6

Ýer hukugy (kärende, mellek)

10

6,13 %

7

Bilime bolan hukuk

2

1,23 %

8

Hossarlyk-howandarlyk 

4

2,5 %

9

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik barada

16

9,81 %

10

Jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler barada

3

1,84 %

11

Saglygy goramaga bolan hukuk

5

3,07 %

12

Ýazga durmak meselesi

10

6,13 %

13

Beýleki meseleler

22

13,50 %

 

 Jemi 

163

100 %

 

 

Meseleler

Sebitler

Jemi

Jemi gelen ýüztutmalara % gatna-şygy

Aşgabat

Balkan

Daşoguz

Lebap

Mary

Ahal

1

Ýaşaýyş jaý hukugy

14

7

2

-

7

6

36

22,09 %

2

Kazyýet kararlaryna nägilelik

12

4

3

3

2

4

28

17,18 %

3

Kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine nägilelik

-

1

-

-

-

-

1

0,61 %

4

Migrasiýa meseleleri

2

-

1

1

4

-

8

4,91 %

5

Zähmet hukugy

5

4

2

4

2

1

18

11 %

6

Ýer hukugy (kärende, mellek)

2

1

3

1

2

1

10

6,13 %

7

Bilime bolan hukuk

1

1

-

-

-

-

2

1,23 %

8

Hossarlyk-howandarlyk 

4

-

-

-

-

-

4

2,5 %

9

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik barada

5

1

3

4

2

1

16

9,81 %

10

Jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler barada

-

1

-

1

-

1

3

1,84 %

11

Saglygy goramaga bolan hukuk

-

-

1

3

1

-

5

3,07 %

12

Ýazga durmak meselesi

8

-

-

-

1

1

10

6,13 %

13

Beýleki meseleler

15

1

2

3

1

-

22

13,5 %

 

Jemi

68

21

17

20

22

15

163

100 %

Ýokardaky görkezijilerde getirilen selјermelerden görnüşine görä, raýatlaryň dilden ýüztutmalarynyň esasy bölegi, ýagny - 36 sanysy ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, umumy ýüztutmalaryň 22,09 % - mini, kazyýet kararlaryndan nägiledikleri baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň - 28 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 17,18 % - mini, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişine bildirilen nägilelikler baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň - 1 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 0,61 % - mini, migrasiýa meseleleri boýunça ýüztutmalaryň - 8 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 4,91 % - mini, zähmet hukugy bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň - 18 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 11 % - mini, ýer hukugy bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň - 10 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 6,13 % - mini, bilime bolan hukuk bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň - 2 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 1,23 % - mini, hossarlyk - howandarlyk bilen bagly meseleler boýunça ýüztutmalaryň - 4 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 2,5% - mini, hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerinden nägiledikleri baradaky meseleler boýunça ýüztutmalaryň -16 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 9,81 % - mini, jenaýat işleri we jenaýatçylykly hereketler baradaky meseleler boýunça ýüztutmalalryň - 3 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 1,84 % - mini, saglygy goramaga bolan hukuk bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýüztutmalaryň – 5 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 3,07 % - mini, ýazgy meseleleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň - 10 sanysy bolup, umumy ýüztutmalaryň 6,13 % - mini düzdi. Galan -13,5 % - mi bolan - 22 sany dil üsti bilen beýan edilen ýüztutmalar hem beýleki meselelere degişli bolan ýüztutmalar bolup, olar esasan hem raýatlaryň edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň hereketlerinden nägiledikleri, algy-bergi, maşgala ýa-da goňşy ara dawalary, edara-guramalardan gerekli resminamalary alyp bermäge ýardam berilmegi we ýaşaýyş durmuşynda ýüze çykýan beýleki dürli meseleler boldy.

Raýatlaryň dil üsti bilen beýan edýän ýüztutmalary boýunça sebitlerde esasy ýüze çykýan meselelere selјerme berlende, Aşgabat şäheri boýunça ýaşaýyş jaý, kazyýet kararlaryna we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirilýän nägilelikler, zähmet hukugy we ýazga durmak bilen bagly meseleler, Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda hem ýaşaýyş јaý meselesi bolup durýar.

Ýyllyk maglumatymyzyň şu ýerinde, raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalaryna seljerme geçirmegiň netijesinde, köpçülikleýin ýüztutmalaryň meseleleriniň üstünde hem çärýekleýin hem-de sebitler boýunça durup geçmekligi makul bildik.

Ýokarda hem bellenilşi ýaly, ýazmaça köpçülikleýin ýüztutmalaryň 36-sy we olar boýunça ýüz tutup gelen 235 sany raýatlar hasaba alynyp, olaryň köp sanlysy Daşoguz wlaýatyndan bolmak bilen 12 sany ýüztutma boýunça 108 sany adam ýüz tutup, olaryň meseleleriniň 6-sy gaz, tok, suw meselesi, 1-si ýer hukugy, 1-si zähmet hukugy, 2-si kazyýet kararlaryna bidirilen nägilelikler, 2-si beýleki mesele boldy. Aşgabat şäherinden 11 sany ýüztutma boýunça 57 sany adam ýüz tutup, ýüztutmalaryň 1-si ýaşaýyş jaý şertlerini gowlandyrmak, 2-si ýazga durmak, 3-si kazyýet kararlaryna bidirilen nägilelikler, 4-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirlen nägilelikler, 1-si beýleki mesele, Balkan welaýatyndan 5 sany ýüztutma boýunça 26 sany adam ýüz tutup, ýüztutmalaryň 1-si zähmet hukugy, 4-si beýleki mesele, Lebap welaýatyndan gowşan 3 ýüztutma boýunça 19 sany raýat ýüz tutup, ýüztutmalaryň 1-si gaz, tok, suw meselesi, 1-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelik, 1-si beýleki mesele, Mary welaýatyndan 4 sany ýüztutma boýunça 21 sany raýat ýüz tutup, ýüztutmalaryň 1-si ýaşaýyş jaý hukugy, 1-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelik, 2-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirlen nägilelikler, Ahal welaýatyndan gowşan 1 sany ýüztutma boýunça 4 raýat ýüz tutup, olaryň ýüztutmasy ýaşaýyş jaý hukugy bilen baglanyşykly mesele boldy. Raýatlaryň köpçülikleýin ýazan arzalary boýunça käbir ýüztutmalaryň kanagatlandyrylanlary hem boldy we olar bilen maglumatymyzyň «Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri» diýen VIII babynda tanyşmaklyga mümkünçilik döredildi.

Şeýle hem ýokarda görkezilen görkezijiden görnüşi ýaly, dilden köpçülikleýin ýüztutmalaryň 22-si we olar boýunça ýüz tutup gelen 48 sany raýatlar hasaba alynyp, ýüztutmalaryň 8 - si boýunça Aşgabat şäherinden 19 sany raýat ýüz tutup, 8 - meseläniň 2-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine, 1-si kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelikler, 1-si zähmet hukugy, 3-si ýaşaýyş jaýa ýazga durmak, 1-si algynyň alnyp berilmegine ýardam bermek bilen baglanyşykly meseleler boldy. Ýüztutmalaryň 3-si boýunça Balkan welaýatyndan 6 sany raýat ýüz tutup, 3 - meseläniň 1-si kazyýet kararlaryna, 1-si kazyýet kararynyň ýerine ýetirilişine bildirlen nägilelikler, 1-si jenaýat we jenaýatçylykly hereketler baradaky meseleler, ýüztutmalaryň 2-si boýunça Daşoguz welaýatyndan 4 sany raýat ýüz tutup, 2 - meseläniň 2 - side kazyýet kararlaryna bildirlen nägilelikler, ýüztutmalaryň 6-sy boýunça Lebap welaýatyndan 13 sany raýat ýüz tutup, 6 - meseläniň 1-si jenaýat we jenaýatçylykly hereketler barada, 2-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirlen nägileleikler, 1-si zähmet hukugy bilen baglanyşykly meseleler, ýüztutmalaryň 2-si boýunça Mary welaýatyndan 4 sany raýat ýüz tutup, 2 - meseläniň 1-si hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine bildirlen nägilelik, 1-si ýaşaýyş jaý hukugy bilen baglanyşykly mesele boldy.

Selјerilýän, 2023-nјi ýylyň dowamynda Adalatçynyň raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek boýunça alyp baran işleriniň selјerilmegi netiјesinde, raýatlar tarapyndan nägilelikleriň we gaýtadan ýüztutmalaryň azalmagyna we ýüztutmalara seredilende kanunçylygyň talaplarynyň doly berјaý edilmegine ýardam etmek maksady bilen aşakda görkezilenleri teklip edýäris:

 - Adalatçy tarapyndan Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarda, olaryň tabynlygyndaky guramalarda, yerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda ýüztutmalaryň raýatlaryň özlerinden ýa-da ygtyýarly edaralardan gelenligine garamazdan, gozgaýan meselelerine düýp mazmuny boýunça kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde netiјeli seretmekligi talaba laýyk gurnamak we berk gözegçilikde saklamak teklibiň öňki ýyllarda hem berilendigine garamazdan, hasabat ýylynda ýene-de bu soraglaryň ýüze çykýandygyny göz öňünde tutup bu meseläni ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan berk gözegçilikde saklamagy;

- Aşgabat şäheri boýunça raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalarynyň ýurt boýunça sanynyň ýokary bolup galýanlygy, gaýtadan ýüztutmalaryň bolup durýandygyny, esasanda ýaşaýyş јaý meseleleri bilen baglanyşykly mesele bilen ýüz tutýandyklaryny nazara alyp, şäher häkimligi tarapyndan raýatlaryň şikaýatlaryna we olaryň şikaýatlary boýunça ygtyýarly edaralaryň, şol sanda Adalatçynyň ýüztutmalaryna we tekliplerine bellenen möhletde we düýp mazmuny boýunça seretmekde kanun bozulmalara ýol berilýändigi sebäpli, ol kemçilikleri aradan aýyrmagy;

- Welaýatlarda, hususanda Daşoguz welaýatynda ýer hukugy bilen baglanşykly ýüztutmalaryň sanynyň peselmegini gazanmak maksady bilen, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan bu ugurda degişli işleriň geçirilmeginiň kanunalaýyklygyny gözegçilikde saklamaklygy.

 

V bap. Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri


«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm ähmiýetli wakalaryň biride ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasy bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň VII Çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegidir. Adam hukuklary hakynda Ählumumy Jarnamanyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygynyň bellenilen ýylynda ýurdumyzyň döwlet syýasatynda we kanunçylyk ulgamynda adamyň we raýatyň hukuklaryny pugtalandyrmak babatynda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny bellemek zerurdyr. Asylly däbe görä döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň täze düzümi bilen duşuşygy boldy we onda kanunçykaryjylyk işiniň möhüm wezipeleri we ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyldy.

Şol maslahatda Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna laýyklykda, kanun çykaryjylyk işinde uly wezipeleriň öňde durýandygy we bu wezipeleriň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanun çykaryjylyk we onuň kadalary, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatyny, sanly ulgamy öz içine alýandygy, daşky gurşawy goramagy, tebigatdan peýdalanmagy we agrosenagat toplumyny, Türkmenistanyň daşary syýasy işini, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, saýlaw ulgamyny göz öňünde tutulýandygy barada bellenilip gecildi.

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreler hem kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany hem 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan düzümi bilen milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet Maksatnamalarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatyda işjeň gatnaşyklary alyp bardy. Alnyp barylan işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça Mejlisde döredilen iş toparlarynyň mejlislerine Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem agza hökmünde gatnaşyp hödürlenilýän kanun taslamalary boýunça öz tekliplerini we belliklerini berdiler.Mundan başga-da Mejlisde taýýarlanyp, gelip gowşan kanun taslamalar boýunça hem degişli teklipler berildi. Şunda, taýýarlanylýan kanun taslamalar boýunça teklipler berlende kanun taslamasynyň kadalarynyň ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň talaplaryna hem-de adam hukuklary boýunça halkara hukugynyň kadalaryna we Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryna esaslanyp alyp barýan ynsanperwer syýasatyna laýyklygy seljerildi.

Mälim bolşy ýaly, geçen hasabat ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 5 sany maslahatlary geçirilip, olaryň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy, Mejlisiň kararlarynyň 51-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda Konstitusion kanunlaryň 3-si, şeýle hem «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Arkadag şäheri hakynda», «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de halkara konwensiýalara goşulmak we Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlar bar. Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan birnäçe kanunlaryň taslamalaryny, hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisinde taýýarlanylan, «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna teklipler we bellikler berildi, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen döredilen «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparynyň», «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparynyň», şeýle hem «Saýlawçylaryň döwlet reýestri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparynyň» maslahatlaryna Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Şeýle-de hasabat döwründe ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça hem birnäçe işler alnyp baryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» PP-250 belgili Permany bilen 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 23-nji awgustyndaky «Şahsy pensiýalary bellemegiň meseleleri hakynda» 671 belgili Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak, hem-de Şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibini tassyklamak bellenildi.

Görşüňiz ýaly kabul edilen kanunlardyr - kararlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Milli Maksatnamalar we Meýilnamalar ýurdumyzyň ösüşiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmagyň hukuk esaslaryny, şeýle-de adamyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny doly üpjün etmäge niýetlenendir.

Türkmenistan ýurdumyz halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny düzgünleşdirýän ýüzlerçe halkara resminamalarynyň gatnaşyjysy bolup durýar. Türkmenistan bu resminamalaryň gatnaşyjysy hökmünde ol resminamalaryň kadalaryny milli kanunçylymyza ornaşdyrmak we ol kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly ýurt hökmünde hem çykyş edýär. Geçen ýylda ýurdumyzyň Milli Parlamenti tarapyndan şeýle halkara resminamalarynyň birnäçesini tassyklamak ýa-da goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryny kabul edendigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu halkara resminamalary bir tarapdan ýurdymyzyň ösüşiniň dürli ugurlary boýunça halkara giňişliginde hereket etmeginiň hukuk giňişligini döredýän bolsa, beýleki bir tarapdan adamyň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda we üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Ol resminamalar mazmuny boýunça dürli-dürlidigine garamazdan olaryň ählisi hem adam hukuklaryna we azatlyklaryna özüniň oňyn täsirini ýetirýän resminamalardyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň goşulyşan halkara resminamalarynyň kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilmegi hem aýratyn mana eýedir.

Mälim bolşy ýaly Adalatçynyň adam hukuklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmek işi «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň VI babynda kesgitlenilýär. Oňa laýyklykda, Adalatçynyň bu wezipesi milli kanunçylygymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara şertnamalaryna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk getirmekde ýardam etmekden ybaratdyr.

Geçen ýylyň dowamynda hem Adalatçynyň diwany tarapyndan agzalan wezipeleri ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy we Türkmenistanyň Mejlisiniň seretmegine girizilen kanun taslamalary bilen yzygyderli tanyşymagy we olar boýunça degişli teklipleri bermegi şeýle-de, Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça iş toparlaryň agzalary hökmünde geçirilen maslahatlara gatnaşmagy arkaly amala aşyryldy.

Umuman aýdanymyzda, hasabat döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça iş yzygiderli alnyp baryldy we degişli netijeler gazanyldy. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlarynyň öz wagtynda talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar hem yzygiderli seljerilip kabul edilen kanunlaryň talaplaryna laýyk getirilip durulmalydyr. Bu babatda hem Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme geçirmek we olary taýýarlamak hem-de kabul etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Beýan edilenleriň esasynda kanunçylygy kämilleşdirmäge we kanunçylygyň talaba laýyk ulanylmagyna ýardam etmek maksady bilen teklip edýäris:

- ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (tabynlygyndaky edaralarda), döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyk getirmek işlerini doly alyp barmagyny dowam etmegi;

 - ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna (tabynlygyndaky edaralarda), döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna işlerini gurnamagyň hukuk esasy bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny degişli tertipde kabul etmek we döwlet belliginden geçirmek işlerini doly alyp barmagyny dowam etmegi;

 - ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereket edýän kanunçylygyň kadalaryna laýyk getirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi. 


VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi


Bilşimiz ýaly adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Adalatçynyň bu wezipesi Adalatçy we diwanyň işgärleri tarapyndan dürli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşylyp çykyşlaryň edilmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, galybersede Adalatçynyň diwanynyň web-saýtynda adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan makalalaryň we maglumatlaryň çap edilmegi arkaly ýerine ýetirilýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygaryň astynda geçen 2023-nji ýyl adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan syýasy-jemgyýetçilik, medeni-köpçülikleýin çärelere, sebit hem halkara derejesinde geçirilen halkara çärelerine we taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Taryhy wakalaryň hatarynda geçen ýylda Türkmenistan döwletimiziň ýurt Garaşsyzlygynyň 32-ýyllyk toýuny, hemişeik Bataraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuny we Adam hukuklary hakyndaky Ähliumumy Jarnamanyň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny mysal getirmek bolar. Bu şanly seneler we wakalar bilen baglanyşykly ýurdumyzda dürli medeni-köpçülikleýin, wagyz-nesihat çäreleri geçirilip, Adalatçy hem öz wezipe ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bu çärelere işjeň gatnaşdy. Şeýle-de, Adalatçynyň diwanynyň 2023-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan milli we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermeklige gönükdirilen çäreler geçirildi.

Adalatçynyň jemgyýetçilik medeni çärelerine gatnaşmagy barada aýdamyzda, ýurdymyzda il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň wekilleri bilen maslahatlaşmak däbine eýerilip geçirilýän, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giňişleýin mejlisine Adalatçynyň bu wekilçilikli edaranyň agzasy hökmünde gatnaşanlygyny ilki bilen belläp geçmelidiris. Bu ählihalk maslahaty, Türkmenistanyň ähli halkynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän iň ýokary wekilçilikli edaranyň maslahaty bolmak bilen, onda agzalar üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, adamlaryň hal ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdilen wajyp meseleleriň çözgüdini ara-alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikler döreýär.

Adalatçynyň ýene-de bir döwlet edarasy, ýagny häkimiýetiň kanunçykaryjy şahasy bolan - Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlaryna yzygider ýagdaýda gatnaşmagy kanun çykaryjy edara tarapyndan meýilleşdirilýän we kabul edilýän kanunlar we kararlar bilen ýakyndan tanyşmaga, olar boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Adalatçy geçen hasabat ýylynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk meýilnamasyna laýyklykda geçirilen, Mejlisiň altynjy çagyrlyşynyň ýigrimi ikinji, ýedinji çagyrylyşynyň ikinji, üçünji, dördünji maslahatlaryna gatnaşdy.

Adalatçy şol maslahatlaryň birinde, has takygy 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň talaplaryna laýyklykda, 2022-nji ýylda alyp baran işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty bilen çykyş etdi.

Mundan başga-da Adalatçy, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň geçen ýylyň dowamynda geçirilen iki sany mejlisine gatnaşyp, geçirilen mejlisiň gün tertibine girizilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen dürli meseleler boýunça, öz pikirlerini beýan etdi. Ýeri gelende aýtsak, Pudagara toparynyň mejlisleri adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

2023-nji ýylda Adalatçy we Adalatçynyň diwanynyň işgärleri adam hukuklarynyň dürli ugurlaryna bagyşlanyp geçirilen okuw-maslahatlardyr, wagyz-nesihat çärelerine hem işjeň gatnaşdylar.

Olardan 2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda «Žurnalistleriň Adalatçynyň diwany bilen adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlygy» atly okuw maslahatyna, 2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Gökderede ýerleşýän «Nesil» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen okuw maslahatyna Adalatçynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hut özleriniň gatnaşmagy bellärliklidir.

Mundan başga-da maglumat ýylyň dowamynda adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunça geçirilen çärelere, hususan-da jemgyýetçilik hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi boýunça Milli meýilnamany işläp düzmek boýunça, çagalar babatda adyl kazyýeti amala aşyrmak boýunça, Türkmenistanda çagalar babatda dostlukly gatnaşygy we garaýyşy kämilleşdirmek boýunça, çagalar babatda ten jezasyny ulanmaklygy gadagan etmek boýunça milli kanunçylygyň seljermesiniň netijeleri boýunça, zähmet kanunçylygy we onuň bilen bagly synyň mazmuny boýunça, döwlet gullukçylary üçin gender deňligine gönükdirilen dolandyryş boýunça, gender meselelerine hemme taraplaýyn seretmek boýunça, aýallaryň ýer eýeçiligine deň hukugy baradaky Durnukly Ösüş Maksadynyň 5.a.2 görkezijisi boýunça, Adam söwdasynyň öňüni almak boýunça maslahatlara, «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly maksatnamanyň çäklerinde döredilen Ýolbaşçy komitetiň we tehniki toparyň jemleýji mejlisine, «Howpsyz, düzgünleşdirilýän we yzygider migrasiýa» hakyndaky Ählumumy Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň iş toparynyň wekilleri üçin okuw maslahatyna, Adam hukuklarynyň Ähliumumy jarnamasynyň 75 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tegelek stol maslahatyna, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň 75 ýyllygy we Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi mynasybetli institutyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň gurnamagynda fakultetleriň arasynda geçirilen bäsleşige Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdylar.

Olardan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri ýurdymyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda döredilýän iş toparlaryň agzalary bolmak bilen, olaryň maslahatlaryna gatnaşyp, seredilýän meseleler boýunça adam hukuklary nukdaýnazaryndan öz pikirlerini beýan etdiler. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň iş toparynyň, Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň, «Howpsuz, düzgünleşdirilýän we yzygiderli migrasiýa» hakyndaky Ählumumy Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Iş toparynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun taslamalary taýýarlamak boýunça döredilýän işçi toparlarynyň we beýlekileriň ýylyň dowamynda geçiren maslahatlaryna gatnaşandyklaryny getirip bolar.

Maglumat ýylynda Adalatçynyň diwanynyň ýyllyk Iş Meýilnamasynda göz öňünde tutulan adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriniň çäginde hem ýerine ýetirilen işler bellärliklidir. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň Adalatçynyň alyp barýan işleriniň aýan edilmegi baradaky talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 16-nji aprelinden bäri Adalatçynyň diwanynyň internet web-saýty (ombudsman.gov.tm) hereket edýär. Häzirki wagtda bu saýt yzygiderli kämilleşdirilip, aýry-aýry sahypalarda, ýurdymyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasynda adam aladasy bilen alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany tarapyndan adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar, adam hukuklaryny kadalaşdyrýan halkara we milli kanunçylygyň kadalary yzygiderli täzelenip durulýandygyny bellemek bolar.

Mundan başga hem, Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň gurallary we demokratik gymmatlyklary berkarar etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işleriň, özgertmeleriň we demokratik özgerişlikleriň häsiýetini açyp görkezýän makalalary ýurdumyzyň metbugat neşirleri bolan gazetlerde we žurnallarda çap edildi. Olardan «Demokratiýa we hukuk» žurnalynda «Adam hukuklaryny goramak işi» atly makala, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, çaganyň hukuklary babatda, bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň wezipeleriniň we mümkinçilikleriniň netijeleri barada Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekiliniň başlygy Mohammed Faýýazi bilen bilelikde geçirilen «Çagalar hakynda alada-röwşen geljegiň aladasy» atly söhbetdeşlikleri «Türkmenistan» gazetinde çapdan çykarylyp, halkymyzyň dykgatyna hödürlendildi.

Geçen 2023-nji ýylda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri tarapyndan hem Türkmenistan döwletimiziň demokratik ösüşlerine, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, goramak bilen baglanşykly alnyp barylýan işlere, ýurdumyzyň çar künjeginde bellenip geçilýän baýramçylyk günleri, gazanylýan üstünliklere we syýasy-jemgyýetçilik wakalara bagyşlanan makalalary köpçlikleýin habar beriş serişdelerinde halk köpçüligine ýetirildi. Hususanda, «Türkmenistan», «Adalat», «Watan» «Aşgabat» gazetlerde ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler barada «Adam hukuklaryny üpjün etmegiň ýörelgeleri» atly makala, Çagalaryň hukuklarynyň goraglylygynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzda çagalar üçin edilýän aladalara bagyşlanyp, «Çaganyň hukuklary», «Ylymly ýaşlary goldamagyň kanunçylyk esaslary» atly makalalar, Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan giň gerimli hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp «Belent ynamyň ykrarnamasy» atly makalalar çapdan çykdy.

Maglumat ýylyň dowamynda Adalatçynyň jemgyýetçilik medeni çärelerine gatnaşmagy we raýatlarymyzyň hukuk habarlylygyny, ýurdymyzda adam hukuklaryny goramak boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler hakynda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmek boýunça alyp baran işleriniň netijesinde, adam hukuklary babatda ilatyň, şol sanda jogapkär wezipeli adamlaryň hukuk habarlylygyny, sowatlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmagyň zerurlygy barada netijä gelmek bilen, aşakdakylary teklip edýäris:

 - öňki ýyllarda beren teklibimizi gaýtadan goldamak bilen, ýurdumyz boýunça adam hukuklary babatda ilatyň we degişli jogapkär wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylaryň hukuk habarlylygyny we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işleri yzygiderli, utgaşykly we ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýat, etrap, şäher häkimlikleri, hukuk goraýjy edaralar, habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan anyk çäreleri göz öňünde tutýan bitewi bir döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanmagyny we degişli tertipde tassyklamaga hödürlemegi.

 

 VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletiimiz oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Bu strategiýa oňyn bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we deň konstruktiw hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.

Ýururdumyzyň başlangyjy esasynda BMG Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2023-nji ýyl «Dialog parahatçylygyň kepili hokmünde halkara ýyly» diýlip yglan edilendigi hemmä mälimdir. Häzirki zaman wehimleri bu başlangyjyň wajyplygyny we ähmiýetini tassyklaýar.Ol döwletleriň we halklaryň parahatçylyk we ynamly ýaşamak baradaky däpleriniň pugtalandyrylmagy hakyndaky tagallalaryna, şeýle hem dialog hem hyzmatdaşlyk arkaly global wehimleri ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki işlerine we geljekki nesiller üçin iň oňat gapma-garşylyksyz geljegi gurmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan diňe bir dünýäniň we sebitiň möhüm meseleleriniň çözgüdini teklip etmek bilen çäklenmän we ähliumumy abadançylygyň bähbidine Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge çalyşman, eýsem-de bolsa, bu teklipleri işjeň durmuşa hem geçirýär. Bu işiň esasy bölegi bolup, halkara hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak çykyş edýär.

Türkmenistan bu tagallalaryň çäginde ýurduň daşary syýasat işiniň progressiw we uniwersal gymmatlyklara esaslanýandygyny görkezmek bilen, adam hukuklarynyň ýörelgelerine hem aýratyn üns berýär.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde, Pariž ýörelgelerine laýyklykda, milli adam hukuklary edaralaryň orny halkara guramalary we beýleki ýurtlaryň milli adam hukuklary edaralary bilen gatnaşyklary öz içine alýar. "Adalatçy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, halkara standartlaryny öwrenmäge we ornaşdyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam etmek Türkmenistanyň Adalatçysynyň işiniň esasy ugurlary bolmagynda galýar.

Halkara hyzmatdaşlygy Adalatçynyň işiniň möhüm düzüm bölekleriniň biri hökmünde 2023-nji ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnama laýyklykda işjeň alnyp baryldy we ösdürildi.Türkmenistanyň Adalatçysy milli derejede adam hukuklaryny goramak çygryna öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmaga çalşyp, halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara aýratyn üns berdi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Adalatçysy hasabat berilýän ýylda halkara guramalaryň ýolbaşçylary we beýleki ýurtlaryň Ombudsmenleri bilen birnäçe netijeli duşuşyklary üstünlikli gurady we geçirdi. Bu duşuşyklar adam hukuklary babatynda tejribe alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Şeýlelik-de, hasabat berilýän 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-nyň adam hukuklary we demokratik institutlar boýunça býurosynyň Warşawada gurnan adam ölçegleri boýunça üçgünlik Ýöriteleşdirilen okuwyna gatnaşdy. «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagа ýardam bermek» atly taslamanyň çäginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde gurnalan bu çäre ÝHHG-nyň adam hukuklary babatyndaky borçnamalary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Saparyň dowamynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň dürli bölümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek, hukuk kömegi we demokratik kanun çykarmak, gynamalaryň öňüni almak, ýigrenç esasynda döreýän jenaýatlara garşy göreşmek, din ýa-da ynanç azatlygyny öňe sürmek, adam hukuklaryny goraýjylara goldaw bermek ýaly ugurlarda çykyş etdiler. Geçirilen çäräniň dowamynda bu guramanyň departamentleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde DIAHB-niň direktory gatnaşdy we Býuronyň geçirýän işi barada beýan etdiler.

Bu çäräniň netijesinde gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän adam hukuklary babatda maglumaty paýlaşdylar, hem-de öz gezeginde bilimlerini ýokarlandyrdylar we ÝHHG-niň gatnaşyjy ýurtlaryndaky halkara öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar.

Geçen ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Adalatçysy Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilen Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralary akkreditasiýa etmek boýunça Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň maslahatyna gatnaşdy. Okuw maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Taýlandyň, Malaýziýanyň, Maldiwleriň, Filippinleriň, Täze Zelandiýanyň we Ýuwaş ummanyň beýleki ýurtlarynyň Ombudsmenleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralary akkreditasiýa etmegiň tertibi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň hukuk we syýasat mesleleleri boýunça menejeri Filip Wordl, Milli adam hukuklary edaralaryň Global Bileleşiginde akkreditasiýa edilmek üçin "ýazmaça ýüztutma", BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň we raýat jemgyýeti guramalarynyň ornuna syn berdi. Şeýle-de, milli adam hukuklary institutlaryň wekilleri Milli adam hukuklary edaralaryň Global Bileleşiginiň akkreditasiýa boýunça kiçi komitetinde söhbetdeşlik we ondan soňky hereketler bilen bagly tejribelerini paýlaşdylar.Bu çäre, gatnaşyjylaryň Milli adam hukuklary edaralaryň Global Bileleşiginiň akkreditasiýa boýunça kiçi komitetiniň (SCA) iş düzgünleri baradaky bilimlerini giňeltmekde oňyn täsir etdi.

2023-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Adalatçynyň diwanynyň 2021-2022-nji ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki Taslamasynyň dowamy bolan Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda Taslama resminamasyna gol çekildi. Milli adam hukuklary guramalarynyň Global Bileleşigine akkreditasiýa bolmagy öwrenmek boýunça alnyp barylan ähli işler hem şu Taslama resminamasynyň çäginde alnyp baryldy. Soňra bolsa, Taslama Geňeşiniň jemleýji maslahaty geçirildi. Gazanylan netijeleriň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly 2023-nji ýyl üçin gol çekilen bilelikdäki Taslamada beýan edilen geljekki işleriň meýilnamasyna seredildi.

2023-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Aziýa we ýuwaş Umman Forumynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň wekilleri bilen üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermegiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermenler tarapyndan seljermäniň netijeleri bolan bahalandyrmanyň dowamynda ýüze çykarlan üstünlikler, güýçli taraplar bilen bilelikde kämilleşdirmegi talap edýän meseleler hem beýan edildi. Türkmenistanyň Adalatçysy taýýarlanan hasabat üçin bilermenlere minnetdarlyk bildirip, edaranyň işini gowulandyrmak boýunça öz tekliplerini berdi. Mümkinçiligi bahalandyrmak 2022-nji ýylda BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde durmuşa geçirilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly tamamlanan taslamasynyň çäginde geçirildi.

Aprel aýynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň wekiliýeti geldi. Wekiliýetiň düzüminde Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Täjigistandaky Müdiriýetiniň hukuk meseleleri boýunça baş geňeşçisi hanym Rano Saýdumarowa, şeýle hem Gazagystandaky Müdiriýetiniň raýatsyzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Sergeý Gaýna boldular.

Duşuşygyň esasy meselesi Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň arasyndaky bilelikdäki ýyllyk meýilnamany ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda DÖM-na ýetmekde Bosgunlaryň statusy hakynda 1951-nji ýylyň Konwensiýasynyň we onuň 1967-nji ýyldaky Teswirnamasynyň, Apatridleriň statusy hakynda 1954-nji ýylyň Konwensiýasynyň, Raýatsyzlygy azaltmak boýunça 1961-nji ýylyň Konwensiýasynyň, Bosgunlar hakynda Ähliumumy Şertnamanyň, Howpsuz, tertipleşdirilen we kanuny migrasiýa hakynda Ähliumumy Şertnamanyň we Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Hereketleriň ähliumumy meýilnamasynyň esasgoýujy ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň wajypdygy barada boldy.

Bu aýda Türkmenistanyň Adalatçysynyň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (AHÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji jenap Fabio Piana bilen onlaýn duşuşygy hem geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreleri, şeýle hem Aziýa we Ýuwaş umman Forumynyň (AÝF) bahalandyrmak toparynyň tekliplerinden ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da Taraplar şertnamalaýyn guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleri, şol sanda, Alternatiw Hasabatlary tabşyrmak, şeýle hem Milli hukuk goraýjy edaralaryň Ähliumumy Birleşmesi bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň iň esasy we ileri tutulýan halkara hyzmatdaşlarynyň biridigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri ara alnyp maslahatlaşylanda Türkmenistanyň Adalatçynyň möhüm orny barada bellenilip geçildi.

Geçen hasabat ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasyndan, ÝB-nden we ÝB-niň döwletlerinden ýokary derejeli ýolbaşçylar we wekiller bilen hem duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklar diňe bir diplomatik tejribede belli wakalar bolman, eýsem bolsa, adam hukuklary çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm tapgyr boldy.

Bu duşuşyklaryň ählisinde Türkmenistanyň Adalatçysy adam hukuklaryny goramak işinde tejribe alyşmagyň we dialogyň möhümdigini belläp geçdi.

Geçen hasabat ýylynyň çäklerinde, bellenilmäge mynasyp çäreleriň hatarynda ÝHHG-nyň Baş Sekretary hanym Helga Şmidtiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, ÝHHG-nyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary Kaýrat Abdrahmanow, ÝHHG-nyň Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligi boýunça Wekili, hanym Tereza Ribeýro, ÝHHG-nyň adam hukuklary we demokratik institutlar boýunça Býurosynyň direktory, jenap Matteo Mekkaçi,ÝB-niň Adam hukuklary boýunça Ýörite wekili, jenap Imon Gilmor, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, hanym Teri Hakala we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Alonsodan ybarat ÝB-niň wekiliýeti bilen duşuşyklary, şeýle hem ÝHHG-nyň Merkeziniň Adam hukuklary boýunça ölçegleri bölüminiň başlygy, jenap Noman Filppot bilen duşuşygy, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça nemes jemgyýetiniň sebitleýin Maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Berlin şäheriniň kazyýetiniň kazysy Ý.Pudelko bilen duşuşygy we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky adam hukuklary boýunça her ýylky geçirilýän Dialogy mysal getirmek bolar.

Ýokarda agzalan duşuşyklardan başga-da geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup, daşary ýurt döwletleriniň milli hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda adam hukuklary çygrynda tejribe alyşmaklary çykyş etdi.

Mysal üçin, 2023-nji ýylyň 25-28-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa iş sapary boldy.

Saparyň çäginde wekiliýet Gruziýanyň Halk Goragçysynyň ,Milli öňüni alyş mehanizminiň (MÖM), gender boýunça bölümiň, Raýdaşlyk merkeziniň wekilleri bilen duşuşygy boldy we Gori şäherinde ýerleşýän sebitleýin edara baryp gördi. Duşuşyklarda adam hukuklary çygrynda hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, wekiliýet Gruziýanyň Halk Goragçysynyň edarasynyň çaganyň hukuklary, maýyplaryň hukuklary, şeýle hem deňlik boýunça we adam hukuklary boýunça bilim baradaky bölümleriň işleri bilen tanyşdy.

Sapar Adalatçynyň diwanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki «Türkmenistanyň Adalatçysynyň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» taslamasynyň çäginde gurnaldy.

Ol saparyň yzysüre 2023-nji ýylyň noýabr aýynda hem Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýolbaşçylygyndaky giňişleýin düzümdäki wekiliýetiň Gruziýa iş sapary guraldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň Halk goragçysy, milli öňüni alyş mehanizminiň (MÖM) agzalary, Gruziýanyň Ýörite derňew gullugynyň, Baş Prokuraturasynyň, Hukuk goraýjy merkeziň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Ikinji saparyň maksady Gruziýanyň milli öňüni alyş mehanizmiň we hukuk goraýjy edaralarynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatyndaky tejribesini öwrenmekden ybarat boldy.

Döwlet edaralarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklardan başga-da forumlara gatnaşmak hem tejribe alyşmakda hem-de adam hukuklaryna ýardam etmek ulgamynda ýene-de bir wajyp ugruň biri bolup durýar. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ýokary derejedäki forumlaryň birnäçesine gatnaşmagy bellärliklidir.

2023-nji ýylyň 19-23-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Adalatçysy Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň 28-nji ýyllyk umumy ýygnagynyň we konferensiýanyň işine gatnaşdy.

Bu çäreler Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy jarnamanyň 75 ýyllygyna we milli adam hukuklary edaralaryň we Pariž ýörelgeleriniň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Aziýa-Ýuwaş ummany forumynyň ýyllyk umumy ýygnagynda Forumyň üstünlikleri we ýeten derejeleri, şol sanda saýlawly wezipeleriň saýlawlary, guramanyň ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça syýasaty, ýyllyk hasabatlary tassyklamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýeti maslahatyň işine gatnaşyp, ýokary derejeli wekilleriň çykyşlary, şol sanda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti, hanym Droupadi Murmu we adam hukuklary boýunça beýleki ýokary derejeli wekilleriň çykyşlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Adalatçysy bu çärelere gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda toplanan tejribesi bilen tanyşdyrdy. Şunda Aziýa-Ýuwaş ummany milli adam hukuklary edaralarynyň forumy bilen amala aşyrylýan üstünlikli hyzmatdaşlyga, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Adalatçysy şeýle-de 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen ýokary derejedäki sebitleýin maslahatyň işine hem gatnaşdy.

Hereket koalisiýasynyň çäginde gurnalan bu çäre aýallaryň we gyzlaryň reproduktiw saglyk boýunça hukuklaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Maslahat gazanylan üstünlikleri bellemek, täze kynçylyklar barada pikir alyşmak, sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmek, şeýle hem sebit we halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermek üçin çözgüt kabul ediji 100-e golaý liderleri, raýat jemgyýetiniň işjeň agzalaryny, ýaş liderleri, bilermenleri özünde jemledi.Çäräniň esasy maksady sebitde kabul edilen borçnamalara gaýtadan seretmekden we sebitleýin ösüş maksatnamany işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

Maslahatyň açylyş dabarasynda ýokary derejeli wekiller, şol sanda Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidentiniň aýaly, Demirgazyk Makedoniýanyň Zähmet we durmuş syýasaty ministri, UNFPA–nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory çykyş etdiler. Şeýle-de maslahatyň işine Balkan ýurtlarynyň Prezidentleriniň maşgalalary, dürli halkara guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleri we aýallaryň we gyzlaryň hukuklary boýunça bilermenler hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň maslahatyň işine gatnaşmagy, ýurdumyzyň adam hukuklaryny, hususan-da aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny goramak çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny ýenede bir gezek tassyklady.

2023-nji ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanda «Türkmenistanda adyl kazyýetliligiň elýeterligini ýokarlandyrmak: halkara hem-de Ýewropa kanunçylygynda we tejribesinde adwokatyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Ýewropa Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.

Halkara maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, adwokatlar kollegiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň agza ýurtlarynyň halkara hünärmenleri şeýle-de Türkmenistanyň Adalatçysy gatnaşdy.

Bu maslahatda, adwokatlaryň işiniň garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üns, hukuk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga we adwokatlaryň hukuk ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Adam hukukary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynda görkezilen ileri tutulýan ugurlara laýyk gelmegine ýardam etmeklige berildi.

Bu maslahatda Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa hem giriş sözi bilen çykyş etdi we ýewropa hukugynda hem-de tejribesinde adwokatyň ornunyň wajyplygyny belledi, şeýle hem Türkmenistanda adyl kazyýetlige elýetliligiň üpjün edilmegine ýykgyn edilýändigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Üçünji Pudagara tegelek stoluna gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Bu çärä adam hukuklary boýunça milli guramalaryň (NHRI) wekilleri, ÝHHG-a gatnaşyjy ýurtlaryň milli azlyklarynyň meseleleri bilen meşgullanýan döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem milli azlyklaryň hukuklary babatynda halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Bu çäräniň çäginde oňa gatnaşyjylar maglumatlary ýygnamak, seljermek we onuň bilen işlemek ýaly wajyp soraglary ara alyp maslahatlaşdylar. Bölümçeleriň dowamynda milli azlyklar boýunça syýasaty işläp düzmekde peýdalanylýan maglumatlaryň howpsuzlygy, elýeterligi we ynamlylygy ýaly soraglar hem gozgaldy.Çärä gatnaşyjylar tegelek stoluň hyzmatdaşlyk we tejribeleri alyşmakdaky ähmiýetini we şeýle wajyp meselelere bagyşlanan tegelek stollaryň geljek ýyllarda hem geçirilmeginiň maksadalaýyklygyny belläp geçdiler.

Möhüm halkara forumlaryň arasynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň işjeň gatnaşan Adam hukuklary hakyndaky Ähliumumy Jarnamanyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Adam hukuklary 75» atly çäreler toplumynyň çäginde ýokary derejeli çäreler boldy. Bu çäreler BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi, şeýle hem BDG hökümete dahylsyz gurama, INHR täjirçilik däl gurama we Gazagystanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli hukuk goraýjy edaralary tarapyndan guraldy.

2023-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysy BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirligi tarapyndan gurnalan Adam hukuklary hakynda Ahliumumy Jarnamanyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejedäki maslahatda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurduň adam hukuklary çygryndae gazanan üstünlikleri barada nygtady we «Adam hukuklary 75» kampaniýanyň çäklerinde Türkmenistanyň borçnamalaryny yglan etdi. Ýurduň halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermek, ýaşlar syýasatyny güýçlendirmek, adam hukuklaryny üpjün etmek üçin daşky gurşaw çemeleşmelerini ösdürmek, Türkmenistanda raýatsyzlygy ýok etmek, şeýle hem adam hukuklary boýunça garaşsyz instituty pugtalandyrmak ýaly borçnamalary beýan edildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Adalatçysy hökümete dahylsyz gurama bolan BDG we täjirçilik däl gurama INHR, şeýle hem Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli adam hukuklary edaralary tarapyndan gurnalan utgaşykly çäräniň işine gatnaşdy we ol ýerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin DÖM-ny durmuşa geçirmekde milli adam hukuklary edaralarynyň ornuna we goşantlaryna bagyşlanan nutuk bilen çykyş etdi.

«Adam hukuklary 75» ýokary derejedäki çäre 12-nji dekabrda öz işini dowam etdirdi we Türkmenistanyň Adalatçysy "Parahatçylyk we howpsuzlyk", "Sanlaşdyrmak we adam hukuklary" ýaly möhüm mowzuklara bagyşlanan ýygnaklara gatnaşdy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň bu çärelere gatnaşmagy, ýurdumyzyň adam hukuklary babatynda halkara resminamalary bilen öz üstüne alan borçnamalaryna we halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklady.

Hasabat ýylynyň dowamynda netijeli duşuşyklar esasy hyzmatdaşlarymyz bilen hem geçirildi.2023-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalatçysy bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (AHÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň täze bellenen wekili hanym Matilda Bogneriň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.

Onlaýn duşuşykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň ileri tutýan ugurlary, şol sanda adam hukuklary boýunça habarlylyk we edaranyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, dürli halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adalatçysy bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» atly sebitleýin taslamasynyň ýolbaşçysy Eleonor Walentaýnyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelerini we ony ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hasabat ýylynda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri we beýleki gyzyklanýan taraplaryň işjeň gatnaşan köp sanly tegelek stollary we seminarlary ýaly dürli çäreler geçirildi. Şeýlelik-de, 2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde jemgyýetçilik guramasynyň wekilleriniň, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň gatnaşmagynda BMG-nyň Aşgabatdaky binasynda «Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmakda arkalaşmanyň orny» atly tegelek stol geçirildi. Çärede BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň (OHCHR ROCA) Merkezi Aziýadaky wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Fabio Piana giriş sözleri bilen çykyş etdiler. Çäräniň maksady, sosial institutlaryň maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramakdaky ähmiýeti bilen tanyşmakdan we bu ugurda iň oňat halkara tejribesini alyşmakdan ybarat boldy.

2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2023-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» täze taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça mejlis geçirildi. Mejlise Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Milli iş toparynyň agzalary, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda adam söwdasy boýunça hadysalaryň global ýagdaýlary hakynda we olaryň öz gezeginde adamlary ekspluatirlemegiň täze görnüşleri we çemeleşmeleri bilen üýtgäp durýandygy we üstüniň ýetirilýändigi bellenilip geçildi. Mejlisiň maksady Türkmenistanyň 2023-2025-nji ýyllar üçin adam söwdasyna garşy göreş boýunça Hereketler milli meýilnamasynyň täze taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky bilelikdäki taslamanyň çäginde BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda «Žurnalistikada adam hukuklary boýunça bilimiň iň oňat tejribesi. Adam hukuklary meselelerini metbugatda beýan etmekde Adalatçynyň diwany bilen žurnalistleriň hyzmatdaşlygy» meselesine bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri we ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary, Adalatçynyň Diwanynyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara derejeli bilermeni Stefani Lemken onlaýn görnüşde gatnaşdy.

Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Adalatçysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hemişelik wekili hanym Narine Saakýan giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň adam hukluklary boýunça we olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýmak babatda toplan oňyn tejribelerini kanagatlanma bilen belläp geçdiler we adam hukuklary çygryndaky milli maksatnamalar hem-de adam hukuklaryny ýaýbaňlandyrmak boýunça BMG-niň agentlikleri bilen bilelikdе amala aşyrylýan taslamalar babatda belläp geçdiler.

Çäräniň maksady adam hukuklaryny goramak boýunça halkara, sebitleýin we milli ulgam bilen gatnaşyjylary tanyşdyrmakdan, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti arkaly adam hukuklary hakyndaky bilimleri ýaýratmagyň iň oňat tejribesini paýlaşmakdan ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň adam hukuklary boýunça meselede žurnalistler bilen hyzmatdaşlygy we bu ugurda iň gowy tejribäniň mysallary, şeýle hem Pariž ýörelgeleri we olaryň žurnalistler üçin ähmiýeti ara-alnyp maslahatlaşyldy.

Adalatçynyň diwanynyň wekilleri milli howpsuzlygy berkitmäge we adam hukuklaryna hormat goýmaga gönükdirilen çärelere işjeň gatnaşmagyny dowam etdirdiler. 2023-nji ýylyň 22-24-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekilleri, internetden terrorçylyk maksatlar bilen peýdalanylmagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça üç günlük amaly okuw maslahatyna (Table Top Exercise (TTX)) gatnaşdylar.

Bu çäre ÝHHG-nyň sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreş bölümi tarapyndan guramanyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde gurnaldy we ol «Merkezi Aziýada terrorçylyk maksatlary üçin internetiň ulanylmagynyň öňüni almak we oňa garşy göreş» taslamasynyň bir bölegidir.

Adalatçynyň diwanynyň wekilleriniň ÝHHG-nyň gurnan başgada birnäçe maslahatlaryna gatnaşandygyny bellemek gerek. 2023-nji ýylyň 7-8-nji iýunynda « Adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketlere garşy halkara standartlaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak» boýunça iki günlik onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Soňra 15-nji iýunynda «Milli azlyklaryň wekilleri bilen geňeşmek mehanizmini öňe sürmek» atly tegelek stol geçirildi. 19-20-nji oktýabrda bolsa, ««Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» metbugat azatlygy we söz azatlygy bilen baglanyşykly düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek» atly taslamanyň çäginde döwlet edaralarynyň wekilleri üçin metbugat sowatlylygy boýunça iki günlik okuw maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekilleriniň gatnaşan indiki çäresi bolsa, 2023-nji ýylyň 29-30-njy maýynda boldy. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Adalatçynyň diwanynyň wekilleri dialoga işjeň gatnaşdylar we gender deňligi hem-de döwlet düzümlerini dolandyrmakda adam hukuklaryna gönükdirilen meseleler boýunça tekliplerini we tejribelerini paýlaşdylar.Çäräniň maksady, Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini güýçlendirmek we adam hukuklary babatynda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine goldaw bermek maksady bilen çäreleri işläp düzmek we ara alyp maslahatlaşmak işine diwanyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybarat boldy.

Soňra Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň işgärleri üçin raýatsyzlyk meseleleri boýunça maglumat beriji sessiýa boldy. Şeýlelikde Adalatçynyň diwanynyň işgärleri 2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi (UNHCR) tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu okuw maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň (UNHCR) Müdirliginiň wekiliýet agzalary, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň (UNHCR) Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekiliniň orunbasary Dumitru Lipkanu, şeýle hem raýatsyzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Sergeý Gaýna we Müdirligiň Merkezi Aziýadaky wekiliniň gorag boýunça hünärmeni hanym Balžan Oşakbaýewa tarapyndan geçirildi. Maslahatyň dowamynda raýatsyzlyk boýunça esasy Konwensiýalara goşulmak boýunça Türkmenistanyň öňdebaryjy tejribesi we gazanan üstünligi, şeýle hem raýatsyzlygy azaltmak we soňuna çykmak boýunça döwlet syýasatynyň şowly netijeleri we onuň hukuk esaslary bellenilip geçildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» aýratyn ornuna üns berildi.

26-27-nji iýunda Gazagystanyň Astana şäherinde Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy Maksatnamasynyň sebitleýin dolandyryş komitetiniň mejlisi geçirildi. Bu Maksatnama Ýewropa Bileleşigi bilen Ýewropa Geňeşiniň bilikde amala aşyrýan taslamasy bolup, dünýä ülňülerine laýyklykda adam hukuklaryny, demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmeklige gönükdirilendir. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini, şol sanda prokuratura, kazyýet edaralarynyň, adalat ministrliginiň we Adalatçynyň diwanynyň wekillerinden ybarat wekilýetler gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa Geňeşiniň hünärmenleri adam hukuklaryna salgylanýan Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy Maksatnamasyna syn berdiler.Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekili hem çykyş edip, hukugyň hökmürowanlygyny üpjün etmek babatynda ýurduň öňdebaryjy tejribesini paýlaşdy.

2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Adalatçynyň diwanynyň wekili Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilen adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy. Çärä Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Milli işçi toparyň agzalary, Merkezi Aziýada howpsyz migrasiýa (SMICA) taslamasynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň maksady, adam söwdasynyň öňüni almak maksady bilen hususy işgärler agentlikleriniň işini hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

7-8-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň Konstitusion kazyýetinde Gazagystanyň Konstitusiýa gününe bagyşlanyp we Adam hukuklary hakyndaky Ähliumumy Jarnamanyň 75 ýyllygy mynasybetli «Konstitusiýa hukugy: hemmeler üçin mertebe, azatlyk we adalat» atly halkara maslahaty geçirildi. Çäre dünýäniň otuzdan gowrak ýurdundan, şol sanda Ýewropadan, Aziýadan we Afrikadan konstitusion kazyýetleriň kazylaryny, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň we hukuk goraýjy edaralaryň wekillerini özünde jemledi.Çärä Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, Parlamentiň deputatlary, Baş Prokuror, Adam hukulary boýunça Ygtyýarly wekil, hukuk hem ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.Çäräniň dowamynda konstitusion adyl kazyýetlilik, adyllyk we mertebe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Adalatçynyň diwanynyň wekiliniň bu çärä gatnaşmagy, Türkmenistanyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny şeýle hem kanunyň hökmürowanlygyny ilerletmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny äşgär etdi.Bu çäre tejribe alyşmakda we bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.

2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Adalatçynyň diwanynda gender deňligi we reproduktiw saglygy meselelerine bagyşlanan bir hepdelik okuw maslahaty geçirildi. Çäre UNFPA-nyň halkara geňeşçisi ylymlaryň doktory Aýsel Wazirowanyň gatnaşmagynda guraldy. Çäräniň esasy maksady Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň gender deňligi we reproduktiw saglygy boýunça bilimlerini we ukyplaryny pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Seminaryň yzysüre 2023-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri UNFPA-nyň halkara geňeşçisi Aýsel Wazirowa bilen bilelikde Lebap hem-de Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň çäklerinde welaýatlaryň reproduktiw saglygy boýunça ilata hyzmatlary edýän döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary guraldy. Bu sapar Adalatçynyň diwanyna tehniki goldaw bermegiň çäginde geçirildi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlykda gender deňligi we reproduktiw hukuk meseleleri boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen guralan çäreleriň bir bölegidir.Bu çäreleriň esasy maksady Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň gender deňligi we reproduktiw hukugy boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan ybaratdyr we «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň» ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

Saparyň çäklerinde reproduktiw saglygy goraýyş hyzmatlaryny berýän döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşmeleriniň oňyn tejribeleri we gazanan üstünlikleri, hususanda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gender deňligini ilerletmek we reproduktiw saglyk hyzmatlaryny bermek baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekdäki oňyn ädimler aýratyn bellenilip geçildi.

2023-nji ýylyň 17-20-nji oktýabrynda Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň (APF) halkara bilermenleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gurnalan iş sapary boldy. Aziýa we Ýuwaş umman forumynyň bilermenleri Adalatçynyň diwanynyň işgärleri bilen Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiligini pugtalandyrmak, şol sanda 2022-nji ýylda geçirilen Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini bahalandyrmagyň netijelerine esaslanyp, Adalatçynyň diwanynyň uzakmohletleýin iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirdiler.

Wekiliýetiň saparynyň esasy maksady, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Adalatçynyň diwanynyň arasyndaky taslamanyň çäginde 2022-nji ýylda geçirilen Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini bahalandyrmagyň netijelerine laýyklykda, Adalatçynyň diwanynyň köpýyllyk strategiki meýilnamasyny işläp düzmekde ýardam bermekden, şeýle hem milli hukuk goraýjy edaranyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Bu hyzmatdaşlyk diňe bir Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň hünär endiklerini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, adam hukuklaryny goramak we kanunyň hökmürowanlygy ulgamynda tejribe we bilim alyş-çalşygyny ýeňilleşdirip, adam hukuklary guramalarynyň sebitleýin ulgamynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy üpjün etdi.

2023-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri «Azatlykdan mahrum edilen aýallara garşy zorluk we beýleki kemsidiji hereketleriň öňüni almak boýunça milli mehanizimi döretmek babatda tejribe öwrenmek» atly iki günlük okuw maslahatyna gatnaşdylar. Çäre paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçirildi

Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen Adalatçynyň diwanynyň arasynda "Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak" taslamasynyň çäginde guraldy. Çärä Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň işçi toparynyň agzalary, şol sanda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekilleri, Aşgabatda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Okuw maslahatynda azatlykdan mahrum edilen aýallara ünsi jemlemek bilen gynamalaryň we beýleki ýowuz daraşmalaryň gadagan edilmeginiň we öňüniň alynmagynyň halkara ülňüleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Çärä gatnaşyjylar, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, tejribe alyşmagyň, şeýle-de bu maslahatyň geçirilmeginiň möhüm ornuny bellediler.

2023-nji ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany halkara guramalary we milli hukuk goraýjy edaralar bilen işjeň aragatnaşyk saklady. Bu işjeňlik garaşsyz milli hukuk goraýjy edaranyň mümkinçiligini pugtalandyrmaga we halkara hyzmatdaşlar bilen adamyň we raýatyň hukuklary babatynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berdi.Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki daşary syýasy strategiýasy, global durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Hakykat ýüzünde, biziň ýurdumyz adam hukuklary babatynda halkara borçnamalarynyň çäginde anyk çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär.

Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, şeýle hem 2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň adam hukuklary babatyndaky daşary syýasat işiniň netijelerini nazara almak bilen, adam hukuklary babatyndaky hyzmatdaşlygyň şu ugurlarynda tagallalary birikdirmek boýunça Adalatçynyň diwanynyň teklipleri hödürlenilýär:

-»Adam hukuklary 75» kampaniýanyň çäginde yglan edilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatdaky täze borçnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek;

- Türkmenistan tarapyndan ünse alnan BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini ýerine ýetirmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan zerur çäreleri görmek;

- adam hukuklary babatynda täze halkara resminamalaryna goşulmagyň mümkinçiligini öwrenmek.

 

VIII bap. Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri


«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-nјy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň berjaý edilmegine, olaryň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam bermek, agzalan Kanunyň 18-nјi maddasyna laýyklykda bolsa öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kepillendirlen hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň hem-de guramalaryň hereketlerine we çözgütlerine bolan arza-şikaýatlaryna seretmek bolup durýanlygyndan başga-da, Adalatçynyň adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmegi boýunça hukuklary we borçlary baradaky kadalar ýokarda agzalan «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji we 29-njy maddalarynda giňişleýin beýan edilendir.

Şeýle hem, ýokarda agzalyp geçilen Kanunyň 27-nji maddasyna laýyklykda, Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde önümçilige kabul edilen raýatlaryň arza-şikaýatlaryny barlamaklyga ýardam edilmegini sorap ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaklyga hukugynyň bardygy, 30-nјy maddasy esasynda hem adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan mahalynda olary bozan kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da wezipeli adamlara gaýragoýulmasyz olaryň dikeldilmegini sorap, maslahat beriş häsiýetdäki teklip iberýändigi, 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda bolsa ýerlerden degişli resminamalary almak arkaly seredip netijä gelýändigi kesgitlenendir.

Maglumatymyzyň şu babynda arza-şikaýatlara syn berilen IV babymyzda görkezilişi ýaly, seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň 112 sany ýüztutmasy we 2 sany ýüztutma boýunça berlen jogap bilen ylalaşylmandygy sebäpli olar boýunça 2 sany teklibi bolup, 4 sany arzanyň ýerlerden degişli resminamalar alynmak arkaly seredilip, 10 sany arzanyň bolsa degişliligi boýunça iberilip, olar boýunça geçirilen barlaglaryň netiјesinde, esasanda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanylyp, ygtyýarly döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna iberilen ýüztutmalaryň hem-de Adalatçynyň diwanyna öz meseleleri boýunça telefon aragatnaşygy arkaly ýüz tutanlaryň, şeýle hem dil üsti bilen ýüz tutup gelen raýatlaryň meseleleriniň kanagatlandyrylanlarynyň käbiriniň üstünde durup geçmekligi we olary aşakdaky getirjek mysallarymyzda görkezmekligi makul bildik.

Türkmenistanyň Kostitusiýasyna we «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy bardyr. Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biridir. Emma, muňa garamazdan Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýüztutmanyň birinde, ýüztutmany ýazan raýatyň çagasyny saz ugruna ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 1-nji synpyna bermekde kynçylyk çekýändigi görkezilip, bu meselede ýardam bermek soralan.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy G.B., 2023-nji ýylda birinji synpa gitmeli ogluny Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen mekdebe kabul etmeýändiklerine nägilelik bildirip, bu meselede özüne ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberildi we ýüztutma seredilmegi netijesinde berlen resmi jogapda G.B., ogly K.B., Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen ..- orta mekdebiň 1-nji «ç» synpyna kabul edilip, şol synpda okaýandygy barada habar berildi.

Raýatlarymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ýaşaýyş jaý edinmeklerine, edinen ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaklaryna bolan hukuklarynyň kepillendirlendigine garamazdan, raýatlaryň käbirleriniň ýaşaýyş јaýa bolan hukuklarynyň bozulmagy netijesinde dürli guramalara, şol sanda Adalatça ýüz tutmaga meјbur bolýan halatlaryna gabat gelindi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy M.G., ýaşaýyş jaý edinmeklige ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan seredilendigi we şäher häkimliginiň geçiren işleriniň netijesinde, M.G., Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurulýan 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýyndan potratçy bilen şertnama baglaşmak arkaly öý satyn almak isleginiň Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşaýyş jaýlary boýunça jemgiýetçilik iş topary tarapyndan kanagatlandyrylandygy we paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy esasynda guruljak jaýyň töleg meselesini gurujy bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda alnyp barylýandygy sebäpli, oňa potratçy kärhana ýüz tutmaklygyň maslahat berlendigi barada habar berildi.

Her bir adamyň ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi we ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň erkine garşy ýa-da kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyna girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga hukugynyň ýokdugy, adamyň öz ýaşaýyş jaýyny kast etmelerden goramaga hukugynyň bardygy we Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmejekdigi baradaky hukuklary ýurdumyzyň Konstitusiýasy bilen berkidilendir. Emma, muňa garamazdan Adalatçynyň diwanyna 2023-nji ýylda gelip gowşan ýüztutmalaryň käbirlerinde raýatlaryň bu konstitusion hukuklaryna päsgelçilik döretmek boýunça synanyşyklaryň bolandygy ýüze çykaryldy.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy L.B., özüniň kiçi ýaşly çagasy bilen ýaşaýan salgysyndan polisiýa bölüminiň ýerli wekiliniň çykaranlygyndan nägile bolup, onuň bikanun hereketlerine çäre görmekligi sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň içeri işler ministrligi tarapyndan seredilendigi we berlen resmi jogaba görä, polisiýanyň ýerli wekili hem-de L.B., resmi nikada durmazdan ýaşaşýan adamsy Ş.A., Türkmenistanyň içeri işler ministrligine çagyrylyp, olar bilen degişli öňüni alyş işleriň geçirilmegi we olara resmi duýduryşlaryň berilmegi netijesinde, L.B., bu görlen çärelerden kanagatlanandygy barada habar berildi.

Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan arzalaryň käbirlerinde raýatlaryň ýaşaýan jaýlaryna ýazga durmakda maşgala agzalarynyň arasynda düşünişmezlikleriň gabat gelýändigi, milli kanunçylygyň kadalaryna dogry düşünmän birek-biregiň hukugyna päsgel berýän ýagdaýlary anyklanyldy we bu mesele boýunça ýerlerde kanunçylygyň kadalaryny düşündirmek boýunça geçirilen işler meseläniň kanagatlanarly çözülmegine getirdi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy M.M., ýaşaýan salgysyna ýazga girmek üçin doganyndan ýaşaýyş jaýyň resminamalarynyň alnyp berilmegine ýardam etmekligi sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň içeri işler ministrligi tarapyndan seredilip, bu arza boýunca M.M., we onuň dogany Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň edarasyna çagyrylyp, geçirilen degişli gürrüňdeşliginiň netijesinde, M.M., arzasynda soran meselesiniň kanagatlandyrlandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanyna ýazylan ýüztutmalarda raýatlaryň käbir döwlet edaralaryndan gerekli resminamalary almakda bökdençlik çekýändikleri ýüze çykaryldy. Käbir ýagdaýlarda bolsa, ol ýa-da beýleki sebäplere görä, ýaşaýyş jaý edinmek ýa-da öz adyna ýaşaýyş jaýyny resmileşdirmek boýunça hukuklaryny ýitirip ýaşaýyş jaýsyz galýan ýagdaýlaryna hem duş gelindi. Adalatçynyň şeýle ýüztutmalar boýunça geçiren işleriniň netijesinde raýatlaryň ýüztutmalarda gozgan meseleleriniň oňyn çözülen ýagdaýlaryda boldy.

Adalatçynyň diwanynyň edara binasynda kabul edişlikde bolan Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy A.B., kakasyna degişli öňki ýaşan jaýlary ýykylyp aýrylandan soň, şol jaýyň ýerine Aşgabat şäheriniň Parahat 4/1 ýaşaýyş jaýlar toplumynyň 2-nji jaýynyň 78-nji öýi kakasyna order esasynda berlendigini, şol jaýa ýazga durmak üçin resminamalary ýygnap ýören wagty 2001-nji ýylda mejbury bejeriş edarasyna iberlendigini, 2002-nji ýylda mejbury bejeriş edarasyndan geleninden soňra kakasynyň aradan çykanlygy we özüniň ýazgyda durmaýanlygy sebäpli, ýokarda agzalan ýaşaýyş jaýyň alynanlygyny, uzak ýyllaryň dowamynda kakasy bilen ýaşan jaýlarynyň ýerine jaý almakçy bolup birnäçe edara guramalara ýüz tutanlygyna garamazdan netije bolmandygyny aýdyp, bu meselede özüne ýardam bermekligi haýyş edip, dil üsti bilen ýüz tutdy. Bu ýüztutma boýunça Adalatçy tarapyndan geçirilen degişli işleriň netijesinde, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkiminiň 2023-nji ýylyň fewralynda çykaran degişli karary esasynda A.B., Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndan 1 otagly ýaşaýyş jaýyň orderi resmileşdirilip berildi.

Döwlet edaralaryndan gerekli resminamalary almakda bökdençlik çekýändikleri bilen bagly duş gelinen ýene bir ýagdaý bolsa, Balkan welaýatynyň ýaşaýјysy kämillik ýaşyna ýetmedik M.G., raýatlyk pasporty almaklyga gerek bolan resminamalary Balkanabat jaý ulanyş bölüminiň bermeýändigi sebäpli, pasport almakda we ýazga durmakda kynçylyk çekýändigi sebäpli ýazylan arzadyr. Bu raýat hem ýüztutmasynda görkezen meselesi boýunça özüne ýardam bermekligi sorap Adalatçynyň diwanyna ýüzlendi we onuň arzasy degişli tertipde hasaba alyndy. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda bu mesele boýunça Adalatçynyň ýüztutmasy Balkan welaýat häkimligine iberildi we welaýat häkimliginiň geçiren işleriniň netijesinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Balkanabat jaý ulanyş bölüminiň 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabryndaky 2/561 belgili hatyna laýyklykda, kämillik ýaşyna ýetmedik M.G., arzasynda goýan meselesi boýunça ähli zerur resminamalaryň berlendigi barada habar berildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ýatyrylmagyna çenli hereket eden, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasynyň öňki işi (gullugy), şeýle mümkinçiligiň bolmadyk halatynda öňküsine barabar bolan başga iş (gulluk) berilýändigi bellenilen. 2023-nji ýylda amala aşyrylan hukuk özgertmeler netijesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty ýatyrylyp, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara - Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmazyndan öň işlän wezipesiniň berilmeýändigi babatynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasyndan Adalatçynyň diwanyna hasabat ýylynda şeýle mazmundaky bir sany ýüztutma gelip gowuşdy we geçirilen işleriň netijesinde, bu ýüz tutma kanagatlandyryldy.

Ýagny raýat G.R., Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ýatyrylmagy bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmazyndan ozal işlän Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan iş ýeriniň saklanyp galmanlygyna nägilelik bildirip, bu meselede özüne ýardam berilmegini haýyş edip ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan seredilmegi netijesinde kanagatlandyrylyp, ýüztutma berlen jogap hatynda G.R., Tükmenistanyň Adalat ministriniň 2023-nji ýylyň martyndaky degişli buýrygy esasynda RÝNÝ bölüminiň müdiri wezipesine işe kabul edilendigi barada habar berildi.

«Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, raýatlaryň, maýyplygy bolan adamlaryň, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagalaryň we çagalygyndan maýyplygy bolan adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saglygy goraýyş-durmuş kömegine, saglygyny dikeltmäge, ýeňillikli şertlerde derman serişdeleri bilen üpjün edilmäge hukugy bar. Şeýle hem bu Kanunyň talaplaryna laýyklykda, raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň ortopedik we diş protezleri, eşidiş enjamlary, hereket ediş serişdeleri we beýleki ýörite serişdeler bilen ýeňillikli üpjün edinmeklerine hukuklary bar. Şeýle hem bolsa, Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan käbir ýüztutmalarda raýatlar özlerine bu meselede ýardam bermegi sorap ýüz tutdylar.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy S.Ç., birinji derejeli maýyp Ý.N., hossary hökmünde Ý.N., maýyplar üçin niýetlenen arabany alyp bilmeýändigini görkezip, bu meselede ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine iberildi we ministrligiň beren јogap hatynda, S.Ç. bilen duşuşyp, Ý.N., saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, ony maýyplaryň arabasy bilen üpjün edendikleri, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň ýolbaşçylaryna Ý.N., berilýän saglygy goraýyş kömegini berk gözegçilikde saklamaklygyň tabşyrlandygy barada habar berildi.

«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 24-nji maddasynda raýatlarymyzyň Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukugy kepillendirilen. Emma, muňa garamazdan, raýatlarymyzyň käbir ýüztutmalarynda kanunyň bu kadalarynyň bozulyp, erkin hereket etmek hukuklarynyň çäklendirilýänligi görkezilýär.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy T.K., kiçi ýaşly gyzy E. N. Ş. daşary ýurt döwletine çykarmakda ýardam edilmegini sorap ýazan haýyşnamasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy tarapyndan seredilmegi netijesinde, T.K.-nyň gyzy E. N. Ş. Türkmenistandan gitmeklige rugsat berilmegi baradaky ýüztutmasynyň oňyn çözülendigi barada Migrasiýa gullugy tarapyndan habar berildi.

Ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan ýaşaýyş jaý meseleleri (ýaşaýyş jaýlaryna hyzmat etmek, ýaşaýyş jaýlarynyň hiline gözegçilik etmek we ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginiň abadanlaşdyrylyşy we oňa gözegçilik etmek) bilen baglanyşykly ýardam edilmegini sorap, şeýle-de Ýaşaýyş jaý kodeksi we «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň doly derejede ýerine ýetirilmeýänligi bilen baglanyşykly olaryň işine nägilelik bildirilip, ýazylan arzalar boýunça Adalatçynyň diwany tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde hem kanagatlanarly netije çykaryldy.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Z.M., döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň hasabynda duran ýaşaýyş jaýynyň şertleriniň gowulandyrylmagyna ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Balkan welaýat häkimligi tarapyndan seredilendigi we welaýat häkimliginiň beren jogap hatynda, Z.M., ýaşaýan öýünde Balkanabat şäher Ýaşaýyş jaý ulanyş tresti tarapyndan zerur bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilip, zerur enjamlaryň oturdylyp, arzada goýlan meseläniň kanagatlandyrylandygy barada habar berildi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјylary Ý.K., we beýlekileriň özlerine berlen ýaşaýyş jaýyň gurluşygynyň hiliniň pesdigi, bu barada degişli gözegçilik edaralaryna ýüz tutandyklaryna garamazdan, kemçilikleriň düzedilmeýänligi barada köpçülik bolup ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan barlag geçirilmek arkaly seredilendigi we geçirilen barlagda arza ýazanlaryň ýaşan jaýynyň sökülip aýrylandygy sebäpli, olara Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndan berlen öýleriň poluna düşelen parketleriň zaýalanan ýerleriniň bardygy, içki gapylaryň gowy ýapylmaýandygy, penjireleriň gyşyk oturdylandygy, ýylylyk ulgamynyň kadaly işlemeýändigi, öýleriň içki diwarlarynda jaýryklaryň bardygy, gaz, tok we suw enjamlarynyň ýoklugy anyklanyp, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasyna berlen prokuror täsir ediş namanyň esasynda, ýokarda agzalan kemçilikleriň aradan aýrylanlygy barada habar berildi.

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary S.Ç., we beýlekiler tarapyndan paýly gurluşyk şertnamasy esasynda edinen ýaşaýyş jaýlaryna gaz we aragatnaşyk ulgamynyň çekilmeýänliginden we agzalan ýaşaýyş jaýyň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylmaýanlygyndan nägile bolnup ýazylan köpçülikleýin arza Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Daşoguz welaýat häkimligine iberildi we welaýat häkimligi tarapyndan arza seredilmegi boýunça berlen jogap hatynda, «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasy tarapyndan jaýy doly gazlaşdyrylyp, tebigy gaz bilen üpjün edilip, «Daşoguztelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan aragatnaşyk ulgamynyň geçirilendigi, ýaşaýyş jaýyň daş-töwereginde asfaltlamak işleriň alnyp barylýandygy, şeýle hem, S.Ç., we beýlekiler bilen duşuşylyp, olara ýaşaýan öýlerine telefon nokadyny geçirmek üçin «Daşoguztelekom» şäher elektrik aragatnaşyk kärhanasyna ýazmaça arza bilen ýüz tutmalydyklarynyň düşündirilendigi barada habar berildi.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Bugurçy geňeşliginiň Olam surhy obasynyň ýaşaýjylary E.K., we beýlekileriň özlerine berlen täze mellek ýerlerine elektrik togunyň çekilip berilmegine ýardam edilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy Lebap welaýat häkimligine iberildi we ýüztutma seredilmegi boýunça berlen jogap hatynda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýokarda agzalan obanyň täze bölünip berlen mellek ýerlerine elektrik geçirijilerini çekmek üçin elektrik sütünleriniň oturdylyp, gurluşyk-gurnama işleri amala aşyrylyp, elektrik togy bilen doly üpjün edilendigi barada habar berildi.

Adalatçynyň diwanynyň önümçiligine kabul edilýän arzalaryň käbirlerinde raýatlar hukuk goraýjy edaralaryň işinden nägilediklerini, jenaýat edene çäre görülmegi baradaky arzalarynyň netijesiz galdyrylýandygyny görkezýärler.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy G.G., ýol ulag hadysasyny edip, ýanýoldaşy P.Y., ten şikesini yetiren A.Ý., we hadysa boýunça iş alyp baran polisiýanyň sülçüsine çäre görülmegine ýardam edilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan seredilendigini we arza seredilmegi boýunca berlen jogaba görä, Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynyň 10.1 bendiniň talaplaryny bozup, ýoluň gyrasynda duran P.Y., awtoulagy bilen kakdyryp, onuň saglygyna agyr zyýan ýetiren A.Ý., ýol ulag hadysasyny edeninde serhoş däldigi, P.Y., öz saglygyny dikeltmek üçin çykaran we çykarjak çykdaýjylaryny A.Ý., doly töländigi, oňa arza-şikaýatynyň ýokdugyny görkezip, barlagy bes etmek barada polisiýa bölümine garşylyklaýyn arza bilen ýüz tutandygy sebäpli, Boldumsaz etrabynyň polisiýa bölümi tarapyndan A.Ý., etmişinde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 326-njy maddasynyň 3-nji böleginde görkezilen jenaýatyň düzümi bar hem bolsa, ýokarda agzalan ýagdaýlar nazara alnyp, işi derňän sülçi tarapyndan jenaýat işini gozgamakdan kanuna salgylanylyp ýüz dönderlipdir. Barlagda Boldumsaz etrap prokuraturasy tarapyndan jenaýat işini gozgamakdan ýüz döndermek hakyndaky karar sökülip, Boldumsaz etrabynyň polisiýa bölümi tarapyndan geçirilen goşmaça barlagda P.Y., alan şikeslerini bejertmek üçin hassahanada birnäçe sapar ýatymlaýyn bejergide bolup, saglygyny doly bejermeklik üçin maddy kömege mätäçdigini, eger-de A.Ý., kömek bermekden ýüz öwüren ýagdaýynda, onuň etmişine çäre görülmegini soraýandygyny görkezenligi sebäpli, A.Ý., garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 364-nji maddasynyň 3-nji bölegi bilen jenaýat işi gozgalyp, deslapky derňewi tamamlanyp, jenaýat işiň degişli kazyýete iberilendigi we P.Y., hassahanada ýatymlaýyn bejergi alandygy üçin kesgitlenen tölegiň A.Ý., tarapyndan doly tölenendigi barada habar berildi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýјysy Ö.B., ogly we gelni tarapyndan özüne, aýalyna hem-de kiçi gyzyna yzygiderli azar berilip, ten şikesleriň ýetirilýändigi sebäpli olara çäre görülmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň içeri işler ministrligi tarapyndan barlag işleriniň geçirilmegi arkaly seredilendigi we geçirilen barlagyň dowamynda, Ö.B., 2023-nji ýylyň 28-nji maýynda aýaly A.G., gyzy G.B., bilen bilelikde ýaşaýyş jaý bilen bagly dawanyň üstünde ogly M.B., gelni A.H., bilen urşandyklary baradaky waka boýunça Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Bagtyýarlyk etrabynyň polisiýa bölümi tarapyndan jenaýat işini gozgamakdan ýüz dönderilendigi anyklanyp, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokuraturasy tarapyndan ýokarda agzalan jenaýat işini gozgamakdan ýüz döndermek baradaky kararyň sökülip, goşmaça barlag işleriniň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Gynansak-da, Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan arzalaryň içinde raýatlarymyz tarapyndan kezzapçylyk bilen meşgullanyp, adamyň ynamyna girip has uly möçberde maşgalalara zyýan ýetirýänlere çäre görülmegini we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak barada ýüz tutmalar hem bar.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy H.M., türkmen el halylaryny kezzapçylyk edip alanlaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalmagyna we olardan türkmen el halylaryny ýa-da olaryň bahasynyň alnyp berilmegine ýardam etmekligi sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan seredilendigini we arza seredilmegi boýunca berlen jogaba görä, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy N.N., 2020-nji ýylyň aprel aýyndan 2021-nji ýylyň fewral aýyna çenli aralykda H.M., dürli ölçegdäki jemi 61 sany umumy bahasy 45000 amerikan dollarlyk elde dokalan türkmen halylaryny nesýesine satyn alyp, puluny bermän kezzapçylyk edendigi anyklanyp, Bäherden etrap polisiýa bölümi tarapyndan H.M., arzasy boýunça Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 214-215-nji maddalaryna laýyklykda barlag geçirilip, N.N-iň hereketlerinde Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 249-njy maddasynyň 4-nji böleginde göz öňünde tutulan jenaýatyň düzüminiň bardygy sebäpli, N.N., garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 249-njy maddasynyň 4-nji bölegi bilen jenaýat işiniň gozgalandygy barada habar berildi.

Raýatlarymyz tarapyndan iş üpјünçilik meselelerinde ýardam berilmegi barada soralyp ýazylan ýüztutmalaryň öňki ýyllara garanyňda azalanlygy bellärliklidir. Bu meseleleler boýunça Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan arzalar bolsa «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça ygtyýarly edaralara iberilen. Iş sorap ýüz tutýanlar bilen ýerlerde geçirilýän gürrüňdeşlikleriň dowamynda olara bar bolan boş iş orunlary hödürlensede, käbirleriniň diňe belli bir işlerde we belli bir çäklerde işlemäge isleg bildirýändiklerini beýan edip, hödürlenen iş orunlaryndan ýüz öwürýänleri hem bolup, şu getirjek mysalymyz muňa şaýatlyk edýär.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy S.B., iş bilen üpjün edilmeýänligine nägileligini bildirip, bu meselede özüne ýardam berilmegini sorap ýazan arzasy Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasy esasynda Adalatçynyň ýüztutmasy boýunça Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan seredilendigi we arza seredilmegi boýunça berlen jogap hatynda, S.B., işe ýerleşmek meselesi boýunça onuň bilen Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň işgärleriniň duşyşandyklary we etrabyň çäginde ýerleşen edara-kärhanalardaky boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrlyp, işlemek teklip edilende, onuň hödürlenen iş bilen ylalaşman, etrabyň çäginde ýerleşýän başga edaralarda işlemeklige isleg bildirip, hödürlenen işden ýüz öwürenligi barada habar berildi. Şeýlelik-de, bu berlen resmi habara görä, S.B., arzasynda soraýan işe ýerleşmek meselesi boýunça ýaşaýan etrabyndaky zähmet we ilatyň iş bilen üpјinçiligi bölümine ýüz tutup, özüniň işlemeklige isleg bildirýän işleri barada etrabyň çäginde ýerleşen edara kärhanalardaky boş iş orunlary bilen gyzyklanyp durmaga hukugynyň bardygy düşündirilip јogap berildi.

Seljerilýän ýylyň dowamynda, Adalatçynyň diwanyna öz meseleleri boýunça telefon aragatnaşygy arkaly ýüz tutanlaryň, şeýle hem dil üsti bilen ýüz tutup gelen raýatlaryň kabul edilip, olaryň meseleleri diňlenip, olara kanunçylygy düşündirmek, degişli maslahatlary bermek, kähalatlarda gaýragoýulmasyz işleri geçirmek zerurlygyň ýüze çykan ýagdaýlaryda boldy.

Adalatçynyň diwanyna 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň başlaryna telefon arkaly ýüz tutan Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy G.S., ýekelikde ýaşaýanlygy, gözleriniň görmeýänligi sebäpli özüne kömek etjek adamy bellemek barada soran meselesi boýunça, Adalatçy tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine dil üstünden ýüz tutulyp G.S., ýardam bermek soraldy. Netijede, G.S., meselesine seredilip, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda oňa gündelik zerur durmuş hyzmatlaryna ýardam bermek üçin ýörite işgäriň berkidilendigi barada ýokarda agzalan ministrlik tarapyndan Adalatça dll üsti bilen habar berildi.

Maglumatymyzyň degişli babynda Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolan adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam bermek bolup durýandygy hem-de beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden gelip gowuşýan ýüztutmalara Türkmenistanyň çäginde seretmeklik meseleleri ýüze çykan ýagdaýynda, Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäginde degişli işleri geçirýändigi barada görkezildi.

Selјerilýän ýylyň dowamynda hem daşary ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden 5 sany ýüztutma gowuşdy we olar boýunça hem Adalatçy tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde ýüztutmalarda soralan resminamalar degişli ulgamlardan alnyp, degişliligi boýunça iberildi.

Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri baradaky bu bapda ýokardaky mysallary getirmek bilen, Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilmegiň netijeleri boýunça kanagatlanarly çözgütlere gelinýänligine, şeýle-de ýol berilýän kanun bozulmalara ünsi çekmek bilen, adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam etmek maksat edinildi.

 

IХ bap. Netije

 

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen we Adam hukuklary hakynda Ähliumumy Jarnamanyň 75 ýyllygy giňden bellenilen 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty, onuň ýedinji ýyl maglumaty bolup, onda Adalatçynyň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda wezipelerini göz öňünde tutýan hem-de ygtyýarlyklarynyň çäginde tassyklan, «Adalatçynyň diwanynyň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy» esasynda alyp baran işleri beýan edilýär.

Geçen maglumat ýyly üçin iş meýilnamanyň çäklerinde Adalatçynyň diwany tarapyndan amala aşyrylan işler, esasan hem adamyň we raýatyň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine, döwlet häkimiýeti we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan adam hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçiligi amala aşyrmaga, raýatlaryň ýüztutmalaryna netijeli seretmäge, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, adam hukuklary boýunça bilimliligi we habarlylygy ýokarlandyrmaga, raýat jemgyýetiniň adam hukuklarynyň goragyna gönükdirilen işlerine ýardam etmäge, Adalatçynyň diwanynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Şunda Adalatçy tarapyndan geçen ýylyň dowamynda alnyp barylan ähli işler ýurdumyzda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn bermek hem-de adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirmek boýunça Kanun bilen Adalatçynyň ygtyýarlygyna degişli edilen wezipeleri amala aşyrmakdan ybarat boldy. Bu barada maglumatyň aýry-aýry baplarynda wakalaryň hem-de amala aşyrlan işleriň mysalynda adamyň we raýatyň mynasyp ýaşaýyş durmuşa, saglygyny goramaga, bilim almaga, ýaşaýyş jaýyna, zähmet çekmäge, dynç almaga, arassa daşky gurşawa bolan hukugyny we beýleki hukuklaryny üpjün etmeklige gönükdirilen işleri beýan edýän maglumatlar berildi.

Maglumatda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmegiň, geçirilen käbir barlaglaryň netijelerinde kanun bozulmalara ýol berlen ýagdaýlary hem ýüze çykarylyp, olar boýunça raýatlaryň hukuklarynyň dikeldilen, jogapkär wezipeli adamlar babatynda görlen çäreler barada hem beýan edilýär. Ol geçirlen işleriň netijesinde ýylyň dowamynda Adalatçynyň 13 sany teklibi degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, häkimliklere berildi. Şeýle-de maglumatyň degişli baplarynda Adalatçynyň geçen 2023-nji ýylyň dowamynda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklary babatda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam bermek ýaly ugurlar boýunça alyp baran işleri bilen aýry-aýry bablarda tanyşdyrylýar. Alnyp barlan işleriň netijesinde, öňki ýyllarda bolşy ýaly, her babyň ahyrynda, degişli ugurlarda işleri kämilleşdirmek, gözegçiligi güýçlendirmek, adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak ýaly Adalatçynyň teklipleriniň ýerleşdirilenligine ünsüňizi çekmek bilen, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jogapkär wezipeli adamlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklarynyň berjaý edilşiniň mundan beýläk hem berkemegine ýardam ederler diýip ynanýarys.

Maglumatymyzyň ahyrynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň öz wezipe ygtyýarlyklaryny doly ýerine ýetirmegi üçin, şeýle hem diwanyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek babatynda berýän goldawy we şertleri üçin Türkmenistanyň Hökümetine köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Adalatçy hem, Kanunda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, diwanyň agzybir işgärleri bilen bilelikde, ýurdymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine, Adalatçynyň diwanynyň işini pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirip alyp barjakdygyna ynandyrýar.

Soňky habarlar
30.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 828 müň dollaryndan gowrak boldy
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi
29.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
29.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
29.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
28.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
28.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
28.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
27.12
2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
top-arrow