Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde — innowasion tehnologiýalar
Jemgyýet
Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde — innowasion tehnologiýalar
Çap edildi 09.06.2024
927

Şu gün paýtagtymyzda «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanyp guralan maslahat türkmen alymlary bilen bir hatarda, 10-a golaý ýurtdan mugallymlary we ýaş alymlary bir ýere jemledi.

Forumyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna beslenen açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu ýokary okuw mekdebi döwletimiziň intellektual we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüşiniň esasy merkezleriniň birine öwrülýär. Bu ýerde uniwersitetiň talyplarydyr ýaş mugallymlary tarapyndan guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň ajaýyp sergisi ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojagynyň bu ugurda gazanýan üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu ýerde ak öý gurnalyp, halkymyzyň gündelik durmuşyny, milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini şöhlelendirýän gymmatlyklar görkezildi. Maslahata gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edildi. “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Maslahatyň gün tertibine ylmy barlaglaryň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri girizildi. Umumy mejlisiň dowamynda Belarusuň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Awstriýanyň, Ýaponiýanyň meşhur ylmy merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler. Myhmanlar nano- we himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýalar ulgamynda döwlet we hususy hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary ulgamlary boýunça önümçilik kärhanalarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen alymlarynyň çykyşlarynda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns çekilip, olary maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, intellektual ulgamlar ýaly ugurlarda ulanmagyň milli we halkara tejribesi beýan edildi.

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň geljegi we hukuk esaslary baradaky çykyşlar hem uly gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, ylym-bilimiň ýokary ösüş derejesiniň dürli ugurlarda alymlaryň özara hyzmatdaşlygyna itergi berendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde ylym her bir ýurduň, şol sanda umumydünýä ösüşiniň örän möhüm şertidir. Hormatly Prezidentimiziň innowasion häsiýetli syýasaty, wajyp ykdysady meselelere hem-de olaryň çözgüdine giňişleýin garaýyşlary Garaşsyz döwletimiziň köpugurly kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegini, onuň ähli babatda dünýä gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny şertlendirdi.

Maslahata gatnaşan daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, milli ösüş maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň ähli möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, sanly we “ýaşyl” çözgütleri ilerletmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga taýýardygy barada umumy garaýyşlaryny beýan etdiler.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahatyň işi bölümçelerde dowam etdi. Olardaky çykyşlar bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmegiň wajyp ugurlaryna, ylmy-barlag işleriniň netijelerine, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, sebit hem-de dünýä derejesinde ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin umumy akademiki meýdançalary we hyzmatlar ulgamyny emele getirmek meselelerine bagyşlandy. Biotehnologiýalary, molekulýar biologiýa, oba hojalyk, ekologiýa we genetika ugurlaryny ylmy esasda ösdürmegiň meseleleri «Ýaşyl» ykdysadyýetde ekologik biotehnologiýalaryň orny» atly mejlisde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň rejeli ulanylyşy bilen bagly meseleler, oba hojalyk ylmynyň, pudagyň innowasion ösüşiniň wezipeleri hem girizildi.

Köp ýurtlaryň ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk merkezleri tarapyndan ekologik taýdan howpsuz täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, dürli pudaklarda ylmy önümçilik maksatly işleri geçirmegiň enjamlaşdyrylyşy, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri, ilkinji nobatda, Gün energetikasy ýaly ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar maslahatyň «Ýaşyl» ykdysadyýetde nanotehnologiýalaryň orny» atly bölümçesine gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. «Ýaşyl» ykdysadyýetde maglumat tehnologiýalarynyň orny» atly bölümçede aragatnaşyk pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, programma üpjünçiligine, kosmos, hemra çözgütlerine, ulag-logistika ulgamyna, şäher hojalygyny ýöretmek we beýleki ugurlara bagyşlanan tanyşdyrylyşlar guraldy. Ylmy oýlap tapyşlary, ylmy-barlag işlerini alyp barmakda berýän hemmetaraplaýyn goldawlary we döredýän ähli zerur şertleri, maslahatyň ýokary guramaçylygy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildiren foruma gatnaşyjylar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan innowasion tehnologiýalar boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Halkymyzyň intellektual mümkinçiliklerini doly güýjünde durmuşa geçirmek üçin şertleri üpjün etmegi maksat edinýän döwlet Baştutanymyzyň bilim we ylym ulgamyndaky başlangyçlary, ozaly bilen, Watanymyzyň ykbaly, türkmenistanlylaryň häzirki nesilleriniň geljegi üçin ýokary jogapkärçilik bilen şertlendirilendir. Şol nesiller ylmyň, tehnikanyň okgunly ösüşiniň, adamzadyň beýik gazananlarynyň hem-de pikirleriniň döwründe ýaşamalydyrlar we işlemelidirler.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow