Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy
Jemgyýet
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy
Çap edildi 01.06.2024
863

Şu gün ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki döwürde bu senä bagyşlanan däp bolan dabaralar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigine raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär.

Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ene-atasyndan jyda düşen çagalaryň ýurdumyzda uly üns-alada bilen gurşalýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň — jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şunda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüni anyk mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň bilim almaklary, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri, döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açmaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin hemme zerur şertler bar.

Türkmen jemgyýetinde dürli sebäplere görä ene-atasyndan jyda düşen çagalar baradaky aladany, ilkinji nobatda, ýakyn garyndaşlary, olar bolmadyk halatynda, daşgyn garyndaşlary öz üstüne alýar. Çaganyň hiç hili garyndaşy bolmadyk ýagdaýynda, ol barada obanyň arçyny alada edýär we ýaşulularyň çözgüdi bilen, çagany maşgalalaryň birine berkidýär. Şeýlelikde, bu maşgala oňa öz çagasy ýaly seredýär hem terbiýeleýär. Häzirki wagtda şeýle meseleleri, şol sanda ogullyga we gyzlyga almak bilen bagly meseleleri çözmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşi hereket edýär. Düzgünnamada beýan edilen wezipeleri ýerine ýetirmekde gazna hemmetaraplaýyn goldaw bermek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek bu geňeşiň esasy wezipesidir. Ýaşulular geňeşiniň agzalary dürli meselelere, şol sanda ene-atasyndan jyda düşen çagalary ogullyga-gyzlyga bermek, olara at we familiýa dakmak bilen baglanyşykly meselelere seredýärler. Şunuň bilen baglylykda, anyk çözgüdi kabul etmek üçin, olara Türkmenistanyň kanunçylygyna, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ygtyýarlyklar berildi. Bularyň ählisi çagalara özleri baradaky edilýän aladany duýmaga, öz ýurdunyň mynasyp raýatlary bolmaga mümkinçilik berýär.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar şanly waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi ugrunda döredýän şertleri üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler, parahat durmuşymyzy, gülläp ösüşleri wasp etdiler. Olar baý milli medeni mirasymyzdan ylham alyp, täzeçillikler üçin hemişe açykdyklaryny aýdyň görkezdiler. Dabara ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň, sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyna şatlyk goşan ägirt uly süýjülik torty getirildi.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň köpüsiniň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileridigini, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleridigini bellemek ýakymlydyr. Bu ýerde çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Çagalar dürli gurnaklara gatnap, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler, saz çalmak, sport bilen meşgullanýarlar. Olar diňe bir öz bilimlerini özleşdirmän, eýsem, dürli hünärleri hem ele alýarlar. Bu olaryň mekdebi tamamlanlaryndan soňra, uly durmuşa ynamly gadam urmaklaryna şert döredýär.

Okuw maksatnamasynyň çäklerinde olar daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler, boş wagtlarynda kitap okaýarlar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň şu ýylyň aprelinde Türkiýe Respublikasyna gezelenjiniň guralmagy döwletimiz tarapyndan çagalaryň üns-alada bilen gurşalandygynyň ýene-de bir güwäsidir. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda, olar Ankara we Stambul şäherlerinde guralan döredijilik çärelerine gatnaşdylar. Şolara bu gurama agza we synçy döwletlerden çagalaryň çagyrylandygy bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara baýram mynasybetli iberen Gutlagynda ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Şonuň üçin-de täze taryhy döwürde merdana halkymyzyň berk hem-de kämil maşgala gatnaşyklary baradaky, Watanymyzy, il-günümizi ýüregi bilen söýýän nesilleri terbiýelemekdäki milli däplerini mynasyp dowam etdirip, halkara kadalara esaslanýan, durmuşa gönükdirilen syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys diýip belleýär.

Çagalary goramagyň halkara gününiň milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hataryna girizilmegi ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesliň hukuklary we bähbitleri babatda Milletler Bileleşiginiň esas goýujy kadalaryna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklap, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär we öz ýaşajyk raýatlary üçin oňyn durmuş şertlerini üpjün etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň bu ugurda uly üstünlikleri gazanýandygyny ynamly aýtmak bolar. Häzirki döwürde Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin amatly şertler döredildi, degişli kanunçylyk binýady kemala getirildi.

***

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dabaralar guraldy. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ruhy-ahlak däplerine, umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde konsertler, teatrlaşdyrylan sahnalar, sirk çykyşlary, sergiler, bäsleşikler, sport ýaryşlary we beýleki çäreler guraldy.

Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýaş nesil barada hemişe alada edýän döwlet Baştutanymyzyň asylly işleriniň netijesidir. Bu işlerde halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy-ahlak däplerimiz öz beýanyny tapýar.




Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow