Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
Sport
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 20.04.2024
5455

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanda iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek üçin giň mümkinçilikler we ähli amatly şertler yzygiderli döredilýär, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport desgalary gurulýar. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlykda sport äleminde uly abraý gazanan birnäçe halkara sport ýaryşlarynyň, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň, sebitleýin halkara sport bäsleşikleriniň üstünlikli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hokkeý boýunça şu gezekki halkara ýaryşyň hem döwrebap Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende göterjekdigine, sportuň hokkeý görnüşiniň ösmegine uly goşant goşjakdygyna berk ynanýarys. Türkmenistanyň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigini göz öňünde tutup, biz ak mermerli Aşgabady Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly guramanyň çäginde halkara sport paýtagty hökmünde yglan etmegiň örän ýerlikli boljakdygyna ynanýarys.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Güneşli türkmen topragynda bolýan günlerimizde biz Siziň goldaw-hemaýatlaryňyz bilen dostluk-doganlyk ruhunda ýokary guramaçylykly geçirilen ýaryşlaryň çäklerinde özümize bildirilen myhmansöýerlikden çuňňur hoşal bolduk, ajaýyp ýurduňyzyň we halkyňyzyň hoşniýetli gatnaşyklary bizde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň goldaw-hemaýatlaryňyz bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, ilatyň saglygyny berkitmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek we halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işlere, dünýä derejesinde sportuň döwrebap maddy-enjamlaýyn üpjünçilik ulgamynyň döredilendigine, şeýle hem iri halkara ýaryşlary ýokary guramaçylykda geçirmekde toplanan oňyn tejribä, türkmen halkynyň myhmansöýerligine esaslanyp, biz Türkmenistanyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýändigini aýratyn nygtamak isleýäris.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşmakda beren goldaw-hemaýatlaryňyz, döredilen ähli şertler we mümkinçilikler, bildirilen myhmansöýerlik üçin Size köp sagbolsun aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylar:

Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý toparynyň kapitany A.Gurbanow;

Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club» hokkeý toparynyň kapitany S.T.H.Hegazi;

Belarus Respublikasynyň «Wolat» hokkeý toparynyň kapitany P.Karakulka;

Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall» hokkeý toparynyň kapitany S.F.Ghorab;

Gazagystan Respublikasynyň «Akmola» hokkeý toparynyň kapitany A.Mambetaliýew;

Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» hokkeý toparynyň kapitany E.Mirbekow;

Oman Patyşalygynyň «Oman Nationals» hokkeý toparynyň kapitany A.Al Lawati;

Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» hokkeý toparynyň kapitany A.Nasirow;

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» hokkeý toparynyň kapitany A.Miftahow;

Türkiýe Respublikasynyň «Team-Türkiye» hokkeý toparynyň kapitany F.Taýgar.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow