Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
Sport
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
Çap edildi 18.04.2024
865

Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça dowam edýän halkara ýaryşda şu gün dördünji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Gyşky oýunlar sport toplumynyň meýdançasynda günüň ikinji ýarymynda «A» toparçada «Oman Nationals» (Oman) we «Ice Box Iran Mall» (Eýran) toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Oýun eýranlylaryň uly artykmaçlygynda bolup, onuň birinji döwründe olar omanlylaryň derwezesine bir şaýbany, ikinji döwründe üç şaýbany we üçünji döwründe iki şaýbany salyp, 6:0 hasabynda ýeňdiler. Ýeňijileriň toparynda üç şaýbany Mohammadmatin Gaharzade (27-nji, 38-nji we 56-njy minutlar) geçirmegi başardy, Abolfazl Mahmud Eslami iki (39-njy we 60-njy minutlar) şaýbany geçirip tapawutlandy, ýene bir goly duşuşygyň başynda Iman Gafuri (4-nji minut) geçirdi. 

Gyşky oýunlar sport toplumynyň kiçi meýdançasynda geçirilen «B» toparçanyň ugurdaş duşuşygynda Gyrgyzystanyň «Dordoi» topary ýaryşda ilkinji ýeňşini gazanyp, dartgynly duşuşykda «Team-Turkiye» (Türkiýe) toparyndan 4:2 (0:0, 3:0, 1:2) hasabynda üstün çykdy. Ýeňijilerde iki şaýbany Mamed Seýfulow (34-nji we 46-njy minutlar) we hersi bir şaýbadan Adil Bekmuratow (28-nji minut) hem-de Žanbolot Tagaýew (29-njy minut) geçirdiler. Ýeňilen toparda duşuşygyň üçünji döwründe Omer Güngor (51-nji minut) we Burhanetdin Bakanoglu (57-nji minut) tapawutlandylar.

Şu gün Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Galkanyň» ýaryşda dördünji uly hasaply ýeňişini yzly-yzyna gazanandygyny ýatlap geçmek isleýäris. Ol bu gezek Özbegistanyň «Feniks» toparyndan 9:1 (3:0, 4:0, 2:1) hasabynda üstün çykdy. Beýleki ugurdaş duşuşykda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «ADIHIC-Kazan» topary Belarus Respublikasynyň «Volat» toparyny 6:3 (3:1, 1:2, 2:0) hasabynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar edip, ýaryşda üçünji ýeňşini gazandy.

Toparçalardaky ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, «Galkan» 12 utuk toplap, doly derejeli netije görkezmek bilen «A» toparçada möhletinden öň ýeňiji boldy hem-de finalda öz ornuny üpjün etdi. Toparçada ýaryşyň bürünç medallary ugrunda göreşmäge hukuk berýän ikinji orna Özbegistanyň «Feniks» we Eýranyň «Ice Box Iran Mall» toparlary dalaş edýärler, olaryň hersiniň 6 utugy bar. «A» toparçada heniz hiç hili utuk toplamadyk «Bahrain Ice Hockey Club» we «Oman Nationals» toparlary ýaryş tertipnamasynyň soňunda barýar.

«Galkanyň» finaldaky garşydaşy «B» toparçadaky ýaryşlaryň jemleýji güni, 19-njy aprelde kesgitlener. Şonda soňky tapgyryň öň ýanynda 9 utuk toplan «ADIHIC-Kazan» öňde barýar. Belarus Respublikasynyň «Volat» hem-de Gazagystanyň «Aqmola» toparlarynyň hersiniň 6 utugy bar. Dördünji orunda 3 utuk toplan «Dordoi» barýar. Ýaryş tertipnamasynyň soňuny hiç hili utugy bolmadyk «Team-Turkiye» saklaýar.

19-njy aprelde geçiriljek oýunlaryň jemleýji tapgyrynda «A» toparçada – «Ice Box Iran Mall» (Eýran) – «Feniks» (Özbegistan), «Oman Nationals» (Oman) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn); «B» toparçada bolsa – «Dordoi» (Gyrgyzystan) – «Volat» (Belarus Respublikasy), «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) – «Aqmola» (Gazagystan) duşuşarlar.

Şu duşuşyklaryň netijeleri boýunça finalda hem-de 3-nji orun eýelemek ugrunda çykyş etjek toparlaryň jübütleri belli bolar.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
19.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.07
Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy
18.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
18.07
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
top-arrow