Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Pudagara toparyň mejlisi
Jemgyýet
Pudagara toparyň mejlisi
Çap edildi 06.04.2024
2341

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, pudagara topar tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň düzüm bölümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, milli tejribäni we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylýandygy bellenildi. Mejlisde BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak babatda jemleýji maslahatlaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda işiň täze ugurlaryny açmak bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Nygtalyşy ýaly, bu ugurda degişli işleriň geçirilmegi Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga, hukuk goraýjy mehanizmleri mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam berer.

Çykyşlarda BMG-niň düzüm bölümleri we beýleki abraýly guramalar bilen bilelikde amala aşyrylýan işlerde zähmet gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga gönükdirilen toplumlaýyn çärelere aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, birnäçe halkara resminamalaryna goşulmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikdäki çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada pikir alyşmalaryň çäklerinde bu resminamada bellenen wezipeleriň möhümdigine üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy tarapyndan kepillendirilen raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin zerur durmuş we hukuk şertleriniň döredilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, işgär bilen iş berijiniň arasynda durmuş hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Ilatyň hukuk sowatlylygyny artdyrmak, hukuk maglumatynyň elýeterliligini giňeltmek boýunça pudagara toparyň öňünde durýan möhüm wezipeler hem ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda yzygiderli esasda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe beýleki meselelere garaldy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow