Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy
Jemgyýet
Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy
Çap edildi 30.03.2024
755

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ozal habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygyna gabatlanyp hem-de bu gaznanyň ýakyndan ýardam bermeginde Arkadag şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasyna ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden – Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan okuwçy ýaşlaryň 85-si gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Şu gün bu olimpiadanyň netijeleri jemlendi hem-de bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara olimpiadada üstünlikli çykyş edip, 4 altyn, 12 kümüş we 8 bürünç medaly gazanmagy başardylar. Milli ýygyndymyzyň 24 okuwçysynyň baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary, Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän hemişelik ünsleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan nobatdaky netijeleridir.

Halkara olimpiadasynyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň orunbasary we komitetleriniň başlyklary, daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylary bu ýokary okuw mekdebiniň giň meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri hem-de milli sungatymyzyň ýaş höwesjeňleri aýdym-sazly garşy aldylar. Dabara gatnaşyjylar okuw binasynda guralan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri we taslama döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken şekillendiriş sungatyna degişli eserleri, kitap sergi bilen tanyş boldular. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan barada, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşlerine, buýsançly habarlaryna, wakalaryna, halkara derejesinde ykrar edilen üstünliklerine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler.

Ýapylyş dabarasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, halkara olimpiadanyň eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary çykyş edip, Arkadag şäherinde örän üstünlikli hem-de netijeli geçirilen bu halkara olimpiadasynyň ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, şeýle hem eziz myhmanlaryň kalbynda örän ýakymly duýgulary döredendigini, bu halkara olimpiadanyň ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Dabaraly pursatlarda halkara olimpiadasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek babatynda beren gymmatly maslahatlarydyr goldaw-hemaýatlary üçin Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň hem-de Gahryman Milli Liderimiziň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabara gatnaşyjylarda aýratyn buýsanç duýgusyny döretdi.

Soňra halkara olimpiadasynyň ýeňijilerine degişli medallar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Halkara olimpiadasyna gatnaşyjylar, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň körpeleri, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde bilim alýan okuwçylar üçin «Arkaç» söwda we dynç-alyş merkezine gezelençler guraldy.

Soňky habarlar
15.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
15.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
14.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
14.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
14.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
14.04
Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşyna bagyşlanan mediaforum
12.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
12.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
top-arrow