Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.
Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan abadançylyk, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ýörite taýýarlanan meýdanlara gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular orunlaryny mehanizatorlara geçirdiler.
Oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, pudagyň kuwwatynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Döwrebap önümçilik we hyzmat düzümleriniň döredilmegi, ýer-suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy bu özgertmeleriň esasy ugurlarydyr.
Welaýatyň ekerançylary, esasan, pagtanyň “Daşoguz — 120”, “Daşoguz — 114”, “Gubadag — 3”, “Jeýhun”, “S-4727”, “F-149”, “Ýolöten — 39” ýaly orta süýümli görnüşlerini ýetişdirýärler. Sebitiň meýdanlaryny ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin döwrebap tehnikalaryň, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň uly toplumy bar. Ekijiler we beýleki oba hojalyk tehnikalary ekişiň bökdençsiz geçirilmegini üpjün eder. Mundan başga-da, göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar, ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen toparlar döredildi. Bularyň hemmesi geljekki hasylyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna mümkinçilik berer.
Ýazky ekişe badalga berilmezden ozal, Daşoguz welaýatynda okuw maslahaty geçirilip, oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmek, degişli agrotehniki işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek, “ak altynyň” we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.