Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 22.09.2025
34

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir we Siz onuň ösdürilmegine uly goşant goşýarsyňyz. Biz dostlukly halklarymyzyň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara meseleler boýunça bilelikdäki işimizi dowam etdireris.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir.

Siz ýakynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ikinji  jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa sapary amala aşyrdyňyz. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdyk hem-de ylalaşyklary gazandyk. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasynda däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitledi. Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de biziň halklarymyzyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size hem-de ýakynlaryňyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýärin.

Halklarymyzyň umumy dil, taryh we medeni köklerine daýanýan gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda has-da pugtalandyrylýandygyna buýsanýaryn. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňizi doglan günüňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, ýurduňyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Biziň aramyzda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soňra, Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Biziň telefon arkaly söhbetdeşligimiziň dowamynda biragyzdan belleýşimiz ýaly, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri Koreýa Respublikasy we Türkmenistan dürli ulgamlarda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýärler. 2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandan soňra, hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldi we çuňlaşdyryldy. Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň geljegi nazarlap, has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Şeýle hem Size Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere goşant goşmaga gyzyklanma bildirýän koreý kompaniýalaryna goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk sözlerini beýan edýärin. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda Koreýa Respublikasynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa” sammitiniň çäklerinde Siziň bilen duşuşmak hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin!

Pursatdan peýdalanyp, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlarymyzy we mähirli salamymyzy ýetirmegi haýyş edýärin.

Li Çže MÝON,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurduňyzyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Häzirki wagtda täjik-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk esasynda ähli ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigine şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge, ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurduňyz halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitmek hem-de türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny aýawly saklamak bilen, ynamly öňe barýar.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara ynama esaslanýan hem-de bilelikdäki ösüşe daýanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygy gadymy döwürlerden bäri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap, birek-biregi goldap ýaşap gelen halklarymyzyň hoşniýetli erk-islegine esaslanýar. Döwletara gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Şu şatlykly günde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan asylly işleriňiziň  dostlukly Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini we abadançylygyny üpjün etjekdigine ynanýaryn.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanda halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine hem-de halkara giňişlikde abraýynyň belende göterilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ermenistanda Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Bilelikdäki tagallalar arkaly biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň halklarymyzyň bähbidine doly durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Waagn HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň rus-türkmen dostluk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.  Ýokary derejede kabul edilen çözgütler esasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny giňeltmäge, täze maksatnamalary we başlangyçlary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklaýaryn. Munuň özi Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Hemişe açyklyk, oňyn ýagdaýda geçýän duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Biziň ynanyşykly we netijeli gatnaşyklarymyzy dowam etdirmäge şatdyryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň ýadawsyz tagallalaryňyz netijesinde Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar. Rus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmeginiň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigine,  Merkezi Aziýada, Hazar deňzi sebitinde häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna bilelikde garşy durmak üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň okgunly ösüş ýolunda täze belent sepgitlere ýetjekdigine, dünýä derejesinde eýelän ornuny has-da pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn.

Federasiýa Geňeşinde Siziň rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandyňyza, parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegine üýtgewsiz goldawyňyza ýokary baha berilýär. Biz kanun çykaryjylyk ulgamynda dialogyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýäris hem-de dürli ugurlarda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek, ählumumy we sebit meseleleri, sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegi ugur edinýäris.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýär hem-de dünýä derejesinde belent abraýdan peýdalanýar.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde Astrahan oblastyna yzygiderli goldaw we üns berýändigiňiz üçin Size çuňňur hoşallyk bildirýärin. Astrahan oblasty bilen Türkmenistany baglanyşdyrýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine ähli başlangyçlaryňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyny arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!  Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan döwletiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy dowam edýär, ýurduňyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýurtlarynda Türkmenistan bilen özara hormat goýmaga, ykdysady bähbide esaslanýan hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş depginine ýokary baha berilýär. Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Bakytžan SAGINTAÝEW,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.

  *** 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Biribardan Size uzak ömür, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesinde ähli asylly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

Soňky habarlar
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Watanymyzyň bähbidine döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary gowşuryldy
19.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
19.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
19.09
Täze etraplaryň häkimlikleri döredildi
top-arrow